Ýene-de şem ýakjak!
Ýatlajak tozana garylan günüm.
Seň keşbiňi göz öňüne getirip
Aglapdym öňem.
Goý, atsyn daňym,
Ýene-de şem ýakjak!

Çöşläberjek köne günleň ýumagyn,
Şol ýumaklaň arasynda ýaňagyň
Düwün atan bolsa, dişläp çöşlejek,
Düwün bilen garyp göwnüm hoşlajak,
Ýene-de şem ýakjak!

Men perwana ýaly ýangynda ötjek,
Özümem idil däl, wah, senem hötjet.
Şemiň ýanyp damýan gözýaşlaryna
Aglajak!
Ýüregim dökjek!
Şem ýakjak!

Dogup gelýän eý Gün!
Az wagt saklan!
Ýanan söýgim çirkizipdir gabaklam,
Seňem bulut bilen aglan halatlaň
Men saňa düşünip gamlandym, bilýäň!
Bilýän bolsaň, näme ýylgyryp gelýäň?!
Saklan!
Köne söýgiň palyna bakjak,
Men şem ýakjak!



Aşyr AŞYROW

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Pegas tarapyndan 16-04-2023, 07:53

  • Гость Гость off № 1 16 апреля 2023 08:50
    Men saňa düşünip gamlandym, bilýäň!
    Bilýän bolsaň, näme ýylgyryp gelýäň?!



    - Sylaşyk iki taraplaýyn bolsun ahyry- diýäýmändir bolsa-da )
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 2 16 апреля 2023 08:55
    Гость
    Men saňa düşünip gamlandym, bilýäň!
    Bilýän bolsaň, näme ýylgyryp gelýäň?!



    - Sylaşyk iki taraplaýyn bolsun ahyry- diýäýmändir bolsa-da )

    Edil şu ýerini özi okanda has basgaça edip okaýar. Bärde ýazyp bolanok-da! :D
    Jogap
  • Гость Гость off № 3 16 апреля 2023 09:03
    Pegas,
    Şeýlemi ýa )
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 4 16 апреля 2023 14:05
    Aşyram ýat boldy. :)
    Jogap
  • Karkara Karkara off № 5 16 апреля 2023 14:33
    ssaparay
    Aşyram ýat boldy. :)

    Biznismen bolanyndan soňmy)
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 6 16 апреля 2023 14:39
    Karkara, 5-6 ýyl mundan öň Ybraýym Edheme zyýarata baramda bar eken. Şonda Salamlaşypdyk. Biznesman bolanyndan habarym ýok.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 7 16 апреля 2023 15:25
    ssaparay
    Karkara, 5-6 ýyl mundan öň Ybraýym Edheme zyýarata baramda bar eken. Şonda Salamlaşypdyk. Biznesman bolanyndan habarym ýok.

    Sen Aşyr Hanowa diýýän bolaýma?
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 8 16 апреля 2023 15:51
    Pegas,
    Hawa, Aşyry okapdyryn diňe, awtobusda barýadym. Häzir üns berdim ?
    Jogap
  • Aksary. Aksary. off № 9 16 апреля 2023 20:28
    Uytgesik.gowa yakyn gosgy
    Jogap
  • Panda_Di Panda_Di off № 11 16 апреля 2023 21:45
    Dükanda śem gutarypmyś :)
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 12 7 января 2024 12:10
    Edebiýat agşamynda özi okap berdi şu goşgyny. Owadan edip okaýan eken.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler