Elif bardy — edebiýatyň dälisi,
Syrdaşlardan ýok Ladybug ýalysy,
Гость dostumyz — ähli gyzlaň daýysy,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.
Soho bar — bar ýaly wäşi Nuryşka...
Nirvana gyz — gyzlaň güli, bir başga!
Remezanyň jyny düşüpdir goşga,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.
Bayker agam goja kysmy bir zatdyr :)
Mahek gyzyň baran ýeri berbatdyr :)
Bendtner dostam çaga ýaly bezzatdyr,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.
чистая gyz gözelligiň özüdir,
Massimus dost saýtyň ala-ýazydyr,
Jedel Hiayress'iň halaýanydyr,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.
Abaddon, gel, dost göwnüni açaly:
Ötegçä berilsin nigiň açary.
Wrestling hem obadaşdyr, gaçaly! :D
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.
DonMaxx bir çilim berse, çekişsek,
Mona Songz akyl berse — bekeşsek :)
Nairobä tüpeň beriň, atyşjak! :)
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.
Khanturäniň “tekiz ýerin” tertipläp,
Bizem bir gün ýadasadyk şer toplap...
Goý, ýaşalsyn iki gülüp, bir gepläp!
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.
Arhiwi dörjeläp... ;)
Sorag-jogap,
Pegas
tarapyndan
20-04-2023, 17:13