Sözleriňden dökülse-de bigamlyk,
Gözleriňde görünip dur bir gussa.
Nämüçindir, saňa maňlaý direýän,
Ýalňyzlyk gynasa,
Ýüregim gyssa...

Sen kalbymy kitap edip okaýaň,
Men kalbyňa ýazyp ýörün bir zatlar. ;)
(Häzir şuny okap, açyş eden dek
Heşelle kakarlar päli bezzatlar :))

Sen maňa düşünýäň, özümem haýran,
Çözmesi kyn matal bolsa-da dünýäm.
Seň bilen jaňlaşsam ýa hat alyşsam,
Başbermezek gussalaram çekinýär. :)

Goý, sen @modmozel bol ýa @Nairobi,
@Manikarnika-da gyzykly däl hiç,
Amanowa Leýli bolup ýaşarsyň
aňymda
Iň soňky demime deňiç. ;)

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Pegas tarapyndan 21-04-2023, 09:19

  • Vekil_City Vekil_City off № 1 21 апреля 2023 09:27
    (Häzir şuny okap, açyş eden dek
    Heşelle kakarlar päli bezzatlar :))
    hihi
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 2 21 апреля 2023 09:27
    Tapýaňaý bir zatlar ))
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 3 21 апреля 2023 09:46
    Goý, sen @modmozel bol ýa @Nairobi,
    @Manikarnika-da gyzykly däl hiç,
    Amanowa Leýli bolup ýaşarsyň
    aňymda
    Iň soňky demime deňiç. ;)

    Goşgyny haladym, ýöne şularyň hemmesi bir adammy?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 4 21 апреля 2023 09:49
    Massimus
    Goý, sen @modmozel bol ýa @Nairobi,
    @Manikarnika-da gyzykly däl hiç,
    Amanowa Leýli bolup ýaşarsyň
    aňymda
    Iň soňky demime deňiç. ;)

    Goşgyny haladym, ýöne şularyň hemmesi bir adammy?

    Howwo :)
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 5 21 апреля 2023 10:11
    bary bir meni söyya @Nairobi ??
    Jogap
  • Aksary. Aksary. off № 6 21 апреля 2023 10:15
    Şu gyz hakykatdanam garratmaýar
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 7 21 апреля 2023 10:22
    DonMaxx
    bary bir meni söyya @Nairobi ??

    hehehe
    Jogap
  • Hatyja Hatyja off № 8 23 июня 2023 05:39
    Söygi ylymlarynyn kandidaty ?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 9 23 июня 2023 07:21
    Hatyja
    Söygi ylymlarynyn kandidaty ?

    Sen kim?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler