Ýüregim agyrýar...
Bagyşla, serwim,
Men bir heňlän dünýä sepleşip barýan.
Yzymda galdyryp utuşym, görgim,
Göze görünmeýän nätanyş bilen
Bir düşnüksiz dilde gepleşip barýan.
Umytlam titreýär, ysgyn ýok halys
Urulyp-urulyp, egbarlan kalpda.
Höwes ýok, maksat ýok, toý-baýram — alys,
Gözlerim — lezzetde, ýüregim — galpda.
Başym ýaş bolsa-da, arzuwlam — goja,
Ýaza ýaza garaýşym deý bakmaýan.
Derdi dökmek küje, derdinmek küje!
Men olary miras kimin saklaýan.
Bu dostlaryň dost boldugy däl heniz,
Ýansam ýanyp, öçenimde öçmese.
Sen meni bagyşla,
Bagyşla, eziz,
Dözemok men duýgularmy hiç kese.
22.04.2023ý.
✏Sapa HOMMADOW
“SEN MENI BAGYŞLA...”
Edebiýat,
Pegas
tarapyndan
22-04-2023, 22:45