Halaýyk üns beriň, hemme zat bolar durar,
Söýenlerem bu dünýäni ömürlik terk eder gider.
Şeýle söýýänleriň ölýänçä yşky ölýärmi!
Gel-de diňle, Bu waka bir wagtlar bolanmyş,
Owadan bir gyz üçin bir jahyl ýigit barmyş,
Ol gözelligi bilen dünýäde meşhur bolmuş,
Olaň bu wakasyna ''Om Şanti Om'' diýerler.

Bu ýaş oglan duýgulanyp, arzuw etdi hemişe,
Şol gyza bolan söýgüsin, bütin aşyklygy bile,
Munuň beýle boljaklygyn ozaldan bilmeýärdi,
Ýerdäki gara gumuň suwdygyn bilmeýärdi,
Bu nähili, nädip boldy şeýle waka nähili?
Bu waka bu gözelligiň gözleri başga birin,
Görendigi üçin şeýle, ýaş ýigidi görmedi,
Ýaş ýigidiň hyýallarnyň soňy puç boldy gitdi,
Olaň bu wakasyna ''Om Şanti Om'' diýerler.

Halaýyk üns beriň, hemme zat bolar durar.
(Gerdişi keç gahbadyr) köp gülen aglar durar.
Çyn ýürekden aşyk bolan gözele haýyn boldy,
Gel-de diňle bu waka günäsiz bolan gyzyň,
Wepasyz bir adama aşyk bolanlygydyr,
Ýüregini berdi ol gyz, o biwepa bolsa nätdi?
Ony öldürdi, ýok etdi, soňuna sogan ekdi
Bu adalatsyz waka hem ''Om Şanti Om'' diýerler.

Bu ganhor düşünmeýär, Ýalňyşlyk gizlenmeýär,
Gara tegmil pozulman, ellerde ganar durar.
Ol gözel gyz öljek wagty, (ony söýen) ýigit geldi,
Gyzy halas edip bilmän oň bilen bile ýogaldy,
Yşky (ýakdy bu jahany) ölümine köp aglady.
Bu bolan waka görä haýyny tanaýan şol,
Ýaş ýigit dolanyp gelip, oňa eden etmişini,
Kän ýatlatjak boldy welin, bu haýyň düşünmedi
Durmuşyň ajal oky aýlanyp özüňe degýär,
Bu täzeden dogulyş hem kysmat hekaýatyna,
''Om Şanti om'' diýerler we ''Om Şanti om'' diýerler.




@Jeksparro

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Jekwarabey tarapyndan 23-04-2023, 08:39

  • menembiri1 menembiri1 off № 2 23 апреля 2023 10:12
    Terjimani govy etyen bolsan, gyzykly kitaplary turkcheden terjime etde gazan! (Sana mugt maslahat)
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 3 23 апреля 2023 10:45
    menembiri1
    Terjimani govy etyen bolsan, gyzykly kitaplary turkcheden terjime etde gazan! (Sana mugt maslahat)

    Mugt ýarym maslahatyňa sag bol,
    terjime edýänem-dä...
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 4 23 апреля 2023 11:44
    Jekwarabey,
    Soň pul gazanyp gördüňmi!?? Dünýä edebiýaty žurnaly bilen habarlaşyp gör (mugt maslahat)
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 5 23 апреля 2023 12:33
    menembiri1
    Jekwarabey,
    Soň pul gazanyp gördüňmi!?? Dünýä edebiýaty žurnaly bilen habarlaşyp gör (mugt maslahat)


    Edebiýat terjimeçiligimde pullanyp göremok.
    Öz işim, zähmetim bilen gazanýaryn pulumy! Şo maňa ýetýär... ?
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 6 23 апреля 2023 13:31
    Khanture
    Daş!


    Sümer Plita geçibersemmikäm @Hantöre ?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 7 23 апреля 2023 16:00
    Jekwarabey,
    ???
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 8 23 апреля 2023 17:30
    Jekwarabey,
    Maladis Atabay!
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 9 23 апреля 2023 21:55
    menembiri1
    Jekwarabey,
    Maladis Atabay!


    Artykmaç teswirler ýazýaň!
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 10 23 апреля 2023 22:15
    Oooom santi ooom diyen aydymam bardymy. Shahruh khan hemmeler bn tans edip cykyar.
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 11 23 апреля 2023 22:37
    Jekwarabey,
    Bärde teswir çäklimi!?
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 12 24 апреля 2023 03:28
    menembiri1
    Jekwarabey,
    Bärde teswir çäklimi!?


    Çäkli diýemok, peýdasyz, gerekmejek diýýän...
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 13 24 апреля 2023 15:36
    Xyivenia_babayeva.
    Oooom santi ooom diyen aydymam bardymy. Shahruh khan hemmeler bn tans edip cykyar.


    Diňe şol Şahruhan kinoda oýnap tanatdy öýdýän om Şanti om'' wakasyny ?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler