Häzir dünýämizi internetsiz göz öňüne getirmek gaty kyn.
Häzir bir gün internede girmedigiň bir gün naharlanmadygyň ýalydyr. Sebäbi durmuşymyza, geljegimize, edyän we etjek işlerimize hertaraplaýyn tehnologiýa we internet düýpli bagly bolup galypdyr.Uzakdaky we ýakynymyzdaky dost ýarlarymyz bilen internet üsti bilen hawarlaşyp bilýäs we dürli maglumatlary arkaýyn alyp okap bilýäris. Içimiz gysýamy islän kinolarymy, aýdymlarymyzy, suratlarymyzy görüp bilýäris.
Indi geleliň eger internet bolmasady?!
1) men şu mowzugy siz bilen paýlaşyp bilmezdim.
2) daşary ýurda giden dostlarymyz, garyndaşlarymyz bilen web kamerada gürleşip yada ýazyşyp bilmezdik.
3) google,imo,web saýt,youtube,mail , gmail ýaly sözleri ulanmazdyk.
4) Islän kinomyzy görüp bilmezdik ýa aýdymlary dinläp bilmezdik.
5) Internedimiziň tizligi barada problemalar bolmazdy.
6) Internet arkaly işleýän milionlarça adamlar işsiz galardy.
7) Çagalar köcede oýun oýnardylar.
8) Adamlar köpräk kitap okardylar.
9) Köpräk dost garyndaşlarymyz bilen oturşup turşardyk.
10) Oglanlar bilen gyzlar internetda tanyşyp bilmezlerdi.
11) Gowy peýdaly zatlaryň köpisini görüp bilmezdik.
12) Zyyýanly wideolary görmezdik,zyýanly maglumatlary okamazdyk.!

Siziň nähilli pikirleriňiz bar?

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, PROLIGA tarapyndan 23-04-2023, 08:40

  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 1 23 апреля 2023 09:14
    Bir ýerden göçürleni ýa-da terjime edileni bildirip dur. Onda-da biziň regionymyzdan daşdaky bir "internet bolmasady" diýilen jemgyýetden göçürilen. Sebäbi, ýokardaky köp aýdylan zatlar bize degişli däl. Şolarsyz "internet bolmasady" hasap edilýän bolsa, onda bizde 90% internet ýok. Ýagny, bizdäki internet torunyň güýjiniň diňe 10%-i meň isleýän zadymy kanagatlandyryp bilýär.
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 2 23 апреля 2023 10:16
    Dark_Wolf,
    Temadaky zatlaryn hemeside hazirki bizin "regionymyz" da bolup biljek zatlar!!!
    Jogap
  • Abdylla 55 Abdylla 55 off № 3 23 апреля 2023 18:38
    Gözle wideo diýen kanal Yutuba meňzeş bolsa da kino serial ýok eken .Ýöne ýeňil işläp dur
    Jogap
  • Abdylla 55 Abdylla 55 off № 4 23 апреля 2023 18:40
    Biziň ýurdumyzyň saýdymyka diýýän
    Jogap
  • Alpengold Alpengold off № 5 24 апреля 2023 16:09
    Eger.......internet bolmadyk bolsa......? Gawy bolardy.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler