Edebiýat agşamsy göwnüme bolmasa bu gezek has-da gyzykly boldy. Çünki agşamyñ formatyna "Hyýal menzilleri" gepleşiginiñ alyp baryjysy Aýnabat goşulypdy. Aýnabat ilkibada okyjylara gezek bermän gürrüñi özi alyp gitjek boldy. Ýagdaý şeýle bolansoñ, Çary aga sözi alyp, bärsiniñ gepleşik däldigini, biziñem telewizor görüp oturan tomaşaçy däldigimizi düşündirdi. Şondan soñ Aýnabat gatnaşyjylara has köp gezek berdi. Soraglar Mukamyñ terjimehaly hakda başlap, soñ goşgularynyñ haýsy duýgular bilen ýazylanyna syrykdy. Meniñ Nobatguly aganyñ "Serwi agajy" poemasynyñ jemlemesi bilen özüniñ bir goşgysynyñ jemlemesiniñ gabat gelýändigi barada berem soragyma ony ýazanyndan soñ bilendigini aslynda "Serwi agajyny" doly okamandygyny aýdyp, jogap berdi. Soraglaryñ esasynda Mukamyñ bir döwürler rep aýdymlaryñ sözlerini ýazyp, aýdandygyny-da bilip galdyk. Mukam "Şu wagta çenli eşden iñ ýowuz tankydyñyz nämedi?" diýen soraga şeýleräk jogap berdi:
- Bir wagtlar ertir.comda özüm hakda "Men şeýle gowy arzuw edýän, men şeýleräk gowy, beýleräk gowy, garaz diñe gowy zatlar agzan bir goşgymy goýupdym. Şonda Merdan Baýadow "Donuñ synynda namaz okabermeli adam ekeniñ" diýip teswir ýazanynda gaty öýkeläpdim. Şol teswiriñ dogrydygyna soñ düşündim.
Mukamyñ gürrüñ aralarynda okaýan goşgulary-da duşuşygy bezedi.
Mukama "Çekinjekligiñ durmuşyñyza päsgel beren ýeri bolupmydy" diýen soragy berenimde "Siz şu wagt meni nähili görýäñiz? Çekinjeñ görünýänmi?" diýip sorady. Menem oña çekinjeñ görünýändigini, hut şonuñ üçin şu soragy berendigimi aýdanymda dogrudanam talyp döwürlerinde has çekinjeñdigini, indi birazajyk açylyşandygyny aýtdy.
Duşuşyga Mukamyñ gelni-de gatnaşdy. Ol meñ bir oturgyç añry ýanymda ýagny, Gülnar Geldimyradowanyñ añyrsynda oturdy. Mahal-mahal Gülnara nämedir bir zatlar ümledi. Eger altynjy duýgym meni allamadyk bolsa, öz bermek islän soraglaryny Gülnara berdiripdi. Gülnar Mukamdan
- Bir mugallym siz hakda "Mukam ýaly ýürekliler kän. Ýöne ol Mukamyñ ýanynda däl" diýipdi. Siz öz maşgalañyz babatda şeýle adamy tapandygyñyza ynanýañyzmy - diýip sorady.
Mukam şeýle ynsany tapandygyny, gelniniñ döredijilikde özüni goldaýandygyny aýtdy.
Menem "Ýörite soralýan sorag" diýip degişdim. Mukam bu sorag soralmaýanda-da munuñ hökman belläp geçilmeli zatdygyny beýan etdi.
Men "Bir maşgalada iki şahyr oñuşýarmy?" diýip soranymda Mukam gelniniñ suratkeşdigini aýtdy soñam gelnine bagyşlap ýazan "Suratkeş gyza" goşgusyny okap berdi...
Duşuşyk garaşylan wagtdan giç ýagny sagat 19:30 töwereklerde gutardy.
Agşamyñ indiki myhmany Meretmämmet Hanmämmedow.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Belki tarapyndan 15-05-2023, 05:49

  • Belki Belki off № 1 15 мая 2023 05:54
    Çary aga indiki sanlarda aýda bir gezek gatnaşylar bilen çeper goşgy okaýyş gurnamagy teklip etdi. Gatnaşyjylara agşamyñ indiki sanynda jogap aýtmaklaryny haýyş etdi.
    Men bu pikir goldanylmazmyka diýýän. Sebäbi duşuşyga gatnaşýanlaryñ aglabasy juda çekinjeñ. Gyzlar hakynda-ha gürrüñem ýok 20-ä barabar gyzyñ arasyndan bolsa bir 5 sanyjagy sorag berendir, olaryñ hersi ýekejeden. Oglanlaram göwnüme bolmasa sorag berenlerinde çekinýärdiler. Şol ýerde arkaýyn gatnaşyjylar diñe Çary aga ikimizmikä diýýän )
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 2 15 мая 2023 06:31
    ,,Бари геплешик дал,бизем тв томашачы дал" Бе онарыпдыр ол яшулы.. Чары ага дийаниниз ким боляра? Кимем болса ирки адамлардан болмалы. Чунки, гарашсызлык йылларында Башим я Алты ялы атлар дал эйсем ,Чары ады дакулан чага хем ек диен ялы.
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 3 15 мая 2023 06:53
    Gaty gyzykly geçdi meniň üçinem . Aýagaldygyna sorag berýän senmidiň asyl. Biz-ä gezegem bermediň sorag bermäne :) Degişýänle. Şolar ýaly duşyşyga gatnaşynyma begenýän . Köp galamdaşlarym bilen tanyş boldum, iň esasam döredijilik ýolunda maňa gowja sapak boldy. Menem "Diňe goşgy ýazýaňyzmy ýa-da hekaýa zadam ýazýaňyzmy ?" diýip sorapdym. Sebäbi gürrüňdeşlik diňe goşgy bolup durdy. Şonda Mukam " Hekaýa ýazýan.Galamdaşlarymdam galmajak bolup prozada ýazýan " diýip jogaplady. "Ýürekdeş" atly kino ýazanynam şol wagt bilip galdym.
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 4 15 мая 2023 06:55
    kwadrat kelle, Çary Ataýew hakyky ady. Telefonyma belläp alypdyryn.
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 5 15 мая 2023 06:58
    Bilmeýänler üçin Mukam Mukamow barada gysgaça terjimehal. Mekan Muhamow 1993-nji ýylda Lebap welaýatynyň Gazojak etrabynda dogulan.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 6 15 мая 2023 07:50
    Kerim Hallyny ýanyna çekýän şu Şahyrmydy (ýa ýalñyşdymmy?)
    Jogap
  • Juma şahyr Juma şahyr off № 7 15 мая 2023 08:15
    Belki,
    Salam gowmy +99365965684 şu nomer meňki jaň edäýdä
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 8 15 мая 2023 08:16
    Yurekdes atly kino, yagny Gulalek Hezretgulyyewanyn ressisyorlyk eden kinosymy
    Jogap
  • Belki Belki off № 9 15 мая 2023 12:39
    Remezan, "Kerim Hallyñ döredijiligi hakynda näme pikir edýäñ" diýen soragyma "Kerim halkyñ isleýän zadyny ýazýar. Biz hemmämizem oña özüñi kämilleşdir diýýäs. Onuñ kämilleşmelidigini bilýäs. Ýöne öñküsine garanyñda kämilleşdi" diýip jogap berdi. Menem "Kerimde kämilleşjek potensialyñ barlygyny görünýär ýöne kämilleşmek islänok. Sebäbi ol kämilleşse häzirki intellektual bazasy pes bolan okyjylaryny ýitirer" diýdim. Mukamam meñ pikrim bilen ylalaşdy.
    Dogrusy, Mukam Kerim Hallyñ obadaşy hemem ony goldaýar diýip eşdenim üçin Mukamdan beýle jogap alanyma öte geñ galdym
    Jogap
  • Belki Belki off № 10 15 мая 2023 12:41
    Juma şahyr, Salam, dogan. Eýgilikmi?
    Jogap
  • Belki Belki off № 11 15 мая 2023 12:45
    Kwadrat kelle agam, Çary aganyñ beýle batyrgaý geplemeginiñ sebäbi Aýnabatly formaty ol teklip edipdir. Ýöne Aýnabadyñ diñe okyjylar sorag tapmaýan pursatlarynda işi öz üstüne almagyna garaşan eken.
    Ýogsam, bizem Aýnabadyñ hereketini halamasagam çydam edip dilimizi dişläp oty:rdyk ))
    Jogap
  • Belki Belki off № 12 15 мая 2023 12:47
    Gerçeknazar, dogrudanam men kän gepläp ýûreklere düşdüm öýdýän ))
    Jogap
  • MILALIKA MILALIKA off № 13 15 мая 2023 13:19
    Bary lebaply bularyñ, Mukam, Aynabat, Kerim Hally, o Çary Atayew nirelika? Ahallymyka?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 14 15 мая 2023 13:26
    MILALIKA
    Bary lebaply bularyñ, Mukam, Aynabat, Kerim Hally, o Çary Atayew nirelika? Ahallymyka?

    Çary aga ahally.
    Jogap
  • kesirkelle kesirkelle off № 15 15 мая 2023 16:18
    Bah....

    Oña söýgi gerek bar zatdan beter,
    Hem-de mähir gerek sowugam bolsa.
    Muhamow

    Bäh bilipdirin onda, talyp dowrundaki suratlarynda gaty ćekinjeñ-çepiksije oglanjyk diyerdim.

    (Ýorite @Belki şu dususuk hakda yazandyr dp wagt tapyp geldimda menem şuwagt)
    Jogap
  • kesirkelle kesirkelle off № 16 15 мая 2023 16:21
    Ýone, name sorajak diyen ýaly da. Islendik gowy şahyr goşgusynda şonsuzyam içini daşyna çöwürýär.
    Jogap
  • kesirkelle kesirkelle off № 17 15 мая 2023 16:23
    Çeper goşgy okaýyşam gurnalsa juda gowy bolardy. 2 sanjak kişi okanda name. Onnañam intek ýuwaş ýuwaş owrenşerdä okyjylaram. Kän bir bizde beýle zatlar bolmansoñ ýadyrgaýandyrlaram.
    Jogap
  • kesirkelle kesirkelle off № 18 15 мая 2023 16:24
    Innikide de otduh gun 17demi?!. 21i bolayya oydyan.
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 19 15 мая 2023 16:45
    kesirkelle
    Çeper goşgy okaýyşam gurnalsa juda gowy bolardy. 2 sanjak kişi okanda name. Onnañam intek ýuwaş ýuwaş owrenşerdä okyjylaram. Kän bir bizde beýle zatlar bolmansoñ ýadyrgaýandyrlaram.

    Menem şony goldaýan . Meniňä kän çekinjeňligim ýok. Garaz hakyky edebiýat agşamy şonuň ýaly bolmalymyka diýýän.
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 20 15 мая 2023 16:49
    MILALIKA
    Bary lebaply bularyñ, Mukam, Aynabat, Kerim Hally, o Çary Atayew nirelika? Ahallymyka?

    Çary Ataýew (Ahal ) Ýanbaşdan . Anyk salgysynam aýtdylar welin ýatkeşligim pes. Diňe "Çary Ataýew Ýanbaş" diýip telefona belläp alyp galypdyryn. Indiki gezek depder bilen ruçka alyp barjak , köp bellikleri ýazar ýaly .
    Jogap
  • Belki Belki off № 21 15 мая 2023 16:55
    Kesirkelle, siz gatnaşyp bildiñizmi?
    Jogap
  • Belki Belki off № 22 15 мая 2023 16:58
    Kesirkelle, ýok aýda iki gezek geçirilýär. Öñümizdäki däl-de ondan soñky dynç güninde. Aýyñ 28-ine.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 23 15 мая 2023 20:19
    Nesibe çekse, bizem gatnaşyp bilsekdä
    Jogap
  • Seul Seul off № 24 16 мая 2023 02:02
    Edebiýat??? Tfu blä
    Hah, näme hakda ýazýaňyz, näme hakda ýazmalydygyny bilmedik bolýaňyzmy?
    Goýunlar aç, ýyllar gurak gelýär. Öleni ölýär, arryklany arryklap gury çöp çeýneýä ýaz aýlary. Suwsuz bolsalaram ölmez öde içýäler. Çopanyň itleri gowy iýmitlenýär goşdaky goýunlardan.
    M.Balotelliniň "bir itiň içýän süýdüni garybyň çagasynyň içip bilmeýän ýerinde maňa akyl satmaň" diýişi ýaly, "pohly manysyz ýal ýagysylaryň edebiýat agşamlary gyzyksyz"
    Jogap
  • Seul Seul off № 25 16 мая 2023 02:04
    Goş boşap galdy gacyp sypan goýunlar yzyna seretmän guzularyny taşlap gaçýalar.
    Jogap
  • My life My life off № 26 16 мая 2023 21:55
    Shuña gatnashyp bilmedigime gynandym.?
    Jogap
  • Ahtopot Ahtopot off № 27 17 мая 2023 21:28
    Pegas,
    Salam, admin siz bolmaly oytyan. Khanture atly agza enceme gezek mana yaramaz sozleri diydi, 3 4 gezek akmak we tupoy diydi. Birinji gezek diyende sesimi cykarmadym, ikinji gezek diyende yene sesimi cykarmadym, 3 diydi 4 diydi borlay diydim (netijede ylymsyzlyk hemme zat diydiryar) yone indi has cenden cykyp baslady, hemme kishinem bir sabyry bar seyle dami. Diyyan zatlaram durshy bn yalnys. Men ululyk etdim, sesimi cykarmadym. Indi gayrat edip shonun terbiyesizligine in azyndan bir duydurys bermegnizi hayys edyan. Shunca sesimi cykarmadym bir gezegem payys soz diymedim. Ol bolsa menin yumyanlygymy derejam hasaplady oydyan. Ozunize diyilse shonca soz nahili hasaplardynyz, shony goz onune tutup bir zat etmeginizi hayys edyan
    Jogap
  • Nomofobiya Nomofobiya off № 28 18 мая 2023 07:36
    Belki,
    Hyýal menzillerini hä gyzykly alyp baranok ol Aýnabat
    Jogap
  • Nomofobiya Nomofobiya off № 29 18 мая 2023 07:37
    Ahtopot,
    Näme diýseňem peýdasy ýokmuş oňa gepedüşmez bolmaly
    Jogap
  • Nomofobiya Nomofobiya off № 30 18 мая 2023 07:45
    Şo gabat gelmelere meňzeş setirlere menem haýran galýan.
    Edebiýat kafede bir goşgu goýdular düýn başy edil öň bir okan goşgymyň başlaýşy ýalyda.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler