Şu dünýäde iň agyr zat— copy paste bolup ýaşamak.
***
Eger zenanyň ýanynda durup bilmeýän bolsaň, öňünde-de durma!
***
—Günäler näme üçin gün-günden köpelýär?
—Sebäbi, ol bizi bagyşlap dur.
—Günäleriň soňy haçan geler?
—Onuň bizi bagyşlamadyk güni.
***
Hiç haçan bagty arzuw etme, onuň jezasyny çekmek aňsat däl!
**
Ol bir söz diýdi. Meniň bütin ömrüme ýetdi.
***
"Söýýärin" diýip köp aýtma, perişde "Ämin" diýer.
***
Onuň ýoklugy agyr, barlygy hasam.
***
Çaý—mätäçlik! Sebäbi ol ýeke içilenok. Kofe—özbaşdaklyk. Ol hemişe ýeke içilýär, oýa saklaýar. Şonuň üçin men hemişe kofeni saýladym. Hemişe şekersiz içdim. Şekerli we ýasamasyny halamok. Adamlara garaýşymam edil kofe saýlaýşym ýaly.
***
Ikimize juda dardyr Daşoguz,
Biz birleşsek sygyp bileris oňa.
***
Internedi ýap, dünýäni unut, kofe demle we bir kitap saýla.
***
Elime ak kagyz bilen gara galam berip: "Bagtyň suratyny çek" diýdiler. Pikir etdim: "Bagt— ak zady garalamakmy?"
***
Käbir aýdymlar bardyr, diňläp dymarys. Sebäbi olar biziň ýerimize-de gürleýär.
***
Men gijelere aşyk bolan gündizlerde ýaşaýaryn.
***
Düşünseň menden düşnükli adam ýok.
***
Başym gaty ýassykda, bedenim ýumşak düşekde, ruhum nirede?
***
Maňa bir gara posa ber, gara bagtyma ýoldaş bolsun.
***
Gözler gürledi, dil aglady, gulaklar gördi. Men düşündim, sen düşünmediň.
***
Köprüden geçip, geçmezlik oňa nähili göz bilen seredýäniňe bagly. Eger ony, özüňi aşak oklanýan ýer hasaplaýan bolsaň asla geçip bilmersiň.
***
Bu gün suratlarda ýeke bolsam, diýmek meniň özüm ýalňyzlygy saýlandyryn.
***
Söýginiň her kime aýratyn jezasy bar. Sen ony çekmäge taýynmy?

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, ssaparay tarapyndan 31-05-2023, 02:05

  • felicita felicita off № 1 31 мая 2023 08:25
    Eger zenanyň ýanynda durup bilmeýän bolsaň, öňünde-de durma!

    Häkiki aynekli
    Jogap
  • AySa AySa off № 2 31 мая 2023 17:25
    Ol bir söz diýdi. Meniň bütin ömrüme ýetdi.
    Dusunmedim
    Jogap
  • Pakize Pakize off № 3 31 мая 2023 17:43
    Düşünseñ menden düşnikli adam ýok.
    Dogry şu. Sen meni düşüneñokdan başlanýa.
    Jogap
  • Гость Гость off № 4 31 мая 2023 22:03
    Käbir aýdymlar bardyr, diňläp dymarys. Sebäbi olar biziň ýerimize-de gürleýär.


    -hakyk'aý. Käbir aýdymlary diňleýän weli, meň üçin ýazyldymyka diýibem oýlaýan )
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 5 31 мая 2023 22:54
    Aýsapar gündeligiňe laýrak a:t saýlasaň gowy bolmazmy. "Gündeligimden..." sözi bärräkden gaýdýan ýaly.

    Gündeligiňi nähili ýöredýäniňi bilesim gelip gitdidä. Gündelik bolýan zatlary ýazýaňmy ýa her halan sözleriňi ýazýaňmy ýa-da ....
    Jogap
  • NSRS NSRS off № 6 1 июня 2023 19:46
    Hiç haçan bagty arzuw etme, onuň jezasyny çekmek aňsat däl!

    Ýaman manyly)
    Jogap
  • Dudu Dudu off № 7 3 июня 2023 13:34
    başga bir filosof aytyar, zenanlar düşünşmek ucin yaradylan daldir diye
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler