Ol ynamdar, ýürekden näme isläp, näme islemeýänini bilýän biri. Akylly, durmuşy ýatdan aýdyp bilýän. Düşünmeýän zadyňy düşündirýän, ýoluňy şöhlelendirýän, durmuşuňy heýkeltaraş ýaly şekillendirýän…

Agajyň güýçlenmegi üçin topraga, güne we suwa mätäç bolşy ýaly, adama-da güýçlenmegi üçin höweslendiriji adamlaryň goldawy gerek. Sen maňa hemişe ruhy goldawyňy gaýgyrmadyň. Ähli duýgulary başdan geçirýärkäm, maňa düşünýän ýeketäk ynsanlardan biri bolduň. Seň mendäki ýeriň bir başgadyr. Şu durmuşda duş gelen iň mähriban, gadyrly, jana ýakymly, duýgudaş, syrdaş, göwündeş jora, dogan sen maňa. Saňa duýgylarymy beýan etmekde ynan sözlerim ejiz gelýär. Tarypyňa söz ýok joram.

Dosta näçe serpaý etseň az ýaly,
Näçe söýseň,
Şonça söýüp ýörmeli.
Ýokdur dostuň gymmady ýa arzany.
Dost dost bolar,
Şoňa janyň bermeli.
Ýöne ol janyňy almaz hiç haçan,
Şoň üçin gar,
Gyşda galanyn bilseň
Ýyrtyk jübüsinden işlige gaçan
Iň soňky otluçöp dänesi bolsaň.

Şu setirlerdäki ýaly joralygymyzyň dowamaty dowam bolsun enşalla!

Bahar möwsüminiň parahat gijelerinde süýnen ýyldyzlary ýygnap birin-birin, daksam döşüňe gahrymanlyk nyşanydyr diýip... Ýene, seniň beýikligiňi hakyky manysy bilen görkezmekden juda ýöntem galar, bilýän...

Bu gün — seniň doglan günüň. Saňa uzak ömür, arzuwly sepgitleri, ak bagt, rysgal arzuw edýän! Gaýgy-gam, alada saňa ýyldyzlaryň uzaklygy ýaly uzak bolsun! Bagt, şadyýanlyk, üstünlik kölegäň ýaly ýakyn bolsun! Durmuşda hemişe üstünlikli ädimler bilen ýöre! Arzuwlaryň hakykat, bagtly günleriň soňsuz bolsun! Ýüzüňde mydama ýylgyryş bolsun, çünki ýylgyrmak hemme adama şeýle bir owadan gelişýär. Her günüň geçen günüňden owadan bolsun! Gözleriň asla hiç wagt gamlanmasyn! Ertiriň bu günüňden şadyýan, bu günüň düýnüňden has manyly geçsin...


Sen indi öýlendiň, öýli-işikli bolduň. Bir bendäniň göz guwanjy, dünýäsine deňäp oturan gyzy bolsa seniň duluňy bezäp otyr. Ol indiki galan ömrüni seniň bilen geçirmäge, seniň ýagşyňa-ýamanyňa şärik bolmaga kaýyl. Ol öz bagtyny saňa baglady. Indi seniň boýnuňda diňe öz gara başyň aladasy däl-de, ýene bir kişiniň garamaty bar. Durmuş arabasyny ýoldan dogry tigirläp gitmek diýilýän zat adam saýlaýan närsedir. Bu ýolda sähelçejik ýalňyşlyk arabaňy sandan çykaraýmagy ähtimaldyr. Şonuň üçin-de bu ýolda öňüňden çykjak kötelliklerden aman-sag geçmäge taýýar bolgun. Bu ýolda özgelere ýagşy görelde bolmagy özüňe borç edingin. 
Şeýtdigiň öz ogullyk borjuňy-da berjaý etdigiňdir. Sähel ýerde özüňi ýitirme, äden ädimiňi oýlanyp ätgin, pederlerimiziň paýhasyna daýan, ýalňyşmazak bolarsyň! Kynçylyk barada aýdylanda Kerim şahyryň: 
«— Her bir kynçylygyň dört tarapy bar. 
Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr» diýeni hakydaňda bolsun!

Arzuw edýän saňa Dünýäň gowusyn,
Laýyk saňa, çünki özüň gowusyň,
Aladadan gyzgyn başyň sowasyn,
Gaýgyň alyp, gara daga çüýläýin!

“Söz uçar, ýazgy galar” diýlişi ýaly, meniň ýönekeýje bu setirlerim saňa ýadygär galsyn. Durmuşyňda alyp, lezzetini duýup biljek iň uly sowgadyň süýjülikde, ýagşylykda ýatlanmak bolsun! Her gyşyň bir bahary, her gijäniň bir säheri bolup ýaşa! Doglan günüň gutly bolsun!

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 22-07-2023, 13:27

  • Gauzen Gauzen off № 1 22 июля 2023 13:40
    Гость,
    Ölinçäň ýaşa agam tort
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 2 22 июля 2023 13:42
    Düýn doglan bolsaň bile ýuwardyk arak
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 3 22 июля 2023 14:01
    Gostjan ömrüň bolsun!)
    Jogap
  • Гость Гость off № 4 22 июля 2023 15:49
    Sag bol jora. Ýadyňdan çykarmansyň. Şeýle owadan gutlapsyň özüňem. Ömrümde eşiden iň gowy gutlagym şul öýdýän. ?

    Maslahatyňa-da sag bol. Nesip bolsa )

    Ýene bir gezek sag bol joragül
    Jogap
  • Гость Гость off № 5 22 июля 2023 15:51
    Gauzen,
    Sag bol

    Garaşaýmaly-da ýekeje gün )
    Jogap
  • Soho Soho off № 6 22 июля 2023 16:03
    Myhmanjan abrayly omur arzuwlayan
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 9 22 июля 2023 16:49
    Ýaşyň uzyn, görjegin gowluk, bagt, karoci hemme gowy zatlary goryp yasha. Gost bro doglan günüň bilen!!!
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 11 22 июля 2023 17:56
    Agam yasyn uzak,manynly durumysynyz bolsyn.Masgala ojagynyzda dine toy bolsun.
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 12 22 июля 2023 18:29
    Ömrüň uzak, görjegiň gowluk bolsun!
    Jogap
  • backsp backsp off № 13 22 июля 2023 19:38
    awtor sena gurrunsiz doglan gununde ayalyndan tayak iydiryan)) munca zatlary yazyp, arzylap ayalam gutlan daldir.

    Gost, ayalyna bir okatma, yogsam işin gaytdygy. cala powod boldygy, bashlar "bar, gadyrlyn, duygydasyn, ýeketäk ýoluny şöhlelendirip ýöreniň bilen boluber" diyip
    Jogap
  • Гость Гость off № 14 22 июля 2023 19:49
    Khanture,
    Sag bol zýom )
    Jogap
  • Гость Гость off № 15 22 июля 2023 19:49
    Anil Kapur,
    Sag bol Şahruh
    Jogap
  • Гость Гость off № 16 22 июля 2023 19:50
    PROLIGA,
    Sag bol inim. Aýdanyň gelsin
    Jogap
  • Гость Гость off № 17 22 июля 2023 19:50
    menembiri1,
    Sag bol zumerçi )
    Jogap
  • Гость Гость off № 18 22 июля 2023 19:52
    backsp,
    "Sem bol" diýsem lýustra sandyraýa daže )
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 19 22 июля 2023 20:00
    Гость
    Gauzen,
    Sag bol

    Garaşaýmaly-da ýekeje gün )

    Sazlap bolýamaý hihi
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 20 22 июля 2023 20:10
    backsp,
    :) gelnejem zordur-la. Düşüner ol bize.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 22 июля 2023 20:11
    Gauzen,
    Düýn seňkimidi?
    Ömrüň uzak bolsun jigimjan, janyňam hemişe sag bolsun!
    Jogap
  • Granger Granger off № 22 22 июля 2023 20:27
    Uzak ýaşa bratan.

    Okuwyňda 4lik 5lik almagyňy arzuw edýän. tort
    Jogap
  • backsp backsp off № 23 22 июля 2023 20:28
    Гость,
    hay nabileyinda, "hojayynlygyn" pellehana cenli bolaymasyn))

    Nirvana, dushunsede, damarynda ayal gany akyan bolsa-ha copy edendir, son moment bolanda paste etmek ucin))
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 24 22 июля 2023 20:29
    Doglan günüň gutly, ýaşyň uzyn, işiň rowaç, janyň sag bolsun!
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 25 22 июля 2023 20:48
    Gaty gowy gutlaglar Nirvana! Tüweleme ýüregiňize, ýöne şu temaň adyndaky jan sözi artykmajrak ýaly
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 26 22 июля 2023 21:49
    Baryňyza menem sag bolsun aýdýan.

    Massimus, siziň aýdýanyňyz dogry bolup biler. Kabul edýän. Ýöne men jana ýakyn ynsanlaryň adynyň (nikiniň) yzyna “jan” sözüni goşup ulanmaga öwrenişen. Muňa şu saýtdaky adaty ýakyn aragatnaşyk saklaýan agzalarymyz beletdir. Şoň üçin maňa temadaky “jan” sözüniň artykmaçlygy duýulanok. Birek-birege hoş söz aýtmagyň (kadadan çykmanjyk) aýyp ýeri ýokdur diýip düşünýän. Meň bir ene-ataň çagasynda, suw ýaljak geliniň ýoldaşynda gözümiň bardygyny aňlatmaýar ol söz. Maňa dogry düşünersiňiz diýip umyt edýän :)
    Jogap
  • Pakize Pakize off № 27 22 июля 2023 22:28
    Uzak ýaşa!
    Jogap
  • setdars setdars off № 28 22 июля 2023 22:38
    Uzak ýaşa gowy ýaşa
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 29 23 июля 2023 00:18
    Nirvana
    Gauzen,
    Düýn seňkimidi?
    Ömrüň uzak bolsun jigimjan, janyňam hemişe sag bolsun!

    Hawa, sag bol sps
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 30 23 июля 2023 00:31
    Nirvana
    Gauzen,
    Düýn seňkimidi?
    Ömrüň uzak bolsun jigimjan, janyňam hemişe sag bolsun!

    Hawa, sag bol sps
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler