Ýygnagamy-nämämi – paýtagta gelen
Üç başlyk dur myhmanhanaň öňünde.
Nahardan soň çilim. Mesawy gürrüň...
Ýuwaşja çekildi birniň ýeňinden.

Gaňryldy yzyna epeý ýaşuly,
Seretse – öňünde eýjejik gurjak.
Bäş surata ýetjek ýüzüniň reňki,
Dakynan jäjegem boýnun oňurjak.

“Daýy... näme.. size gyz gerek dälmi?..”
Üç äň birden aşak gaýtdy şalkyldap.
“Wah, jijim, seň ýalyjak alty gyzym bar,
Baraýsan, öňümden çykjaklar ylgap.”

“Wah, daýyny... Bir gijelik diýýän-ä...”
Çöwrül, Zemin! Ýykyl, Asman! Eý, Hudaý!
Gany doňan başlyk gürledi zordan:
“Sen, gyzym, iň gowsy öýňejik gidäý.”

Silkenjiräp gyz çekildi gapdala,
Bardy onda her gijäň öz hasaby.
...Indiki duşany şeý diýermikä?
Wah, deňmi-nä hemme kişiň ynsaby?!


Şiraly Nurmyrat

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Soho tarapyndan 23-07-2023, 11:56

  • Pegas Pegas off № 1 23 июля 2023 12:03
    Gowy başlygam bar eken)
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 23 июля 2023 13:24
    Ýaşulyň gyza göwni ýeten däldir. Bolmasa ne možet byt )
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler