DOSTUMA.

Dostum Nury Sakça

Işiginden ätläp şygryýethanaň,
Bu dünýäde başga dünýä düşdükmi?
Ezýetlerden gözleýäris lezzeti,
Ýol ýitirip, bu ýolda alaşdykmy ?

Biz bu ýoly saýlamadyk keýpine.
Şeýle ýazgyt ýazylypdyr maňlaýa.
Biz beýtler döredýäris halk üçin,
Ýöne halk galp aýdymlary diňleýär.

Dogry dostum wezipämiz bu biziň,
Gül ösdürip , ýandaklary çapýarys.
Ýazyp-ýazyp ýürek awylarmyzy,
Ol günäsiz kagyzlara dökýäris.

Ýene aglap-aglap gizlendi Güneş,
Näme bar agysyn diňdirer ýaly?
Ilden talap edýäs iň gowy eser,
Özümizden talap etmeli dälmi?

Ýaz sen dostum , al dünýeden paýyňy,
Ýazsaň egsilýändir ýürek agysy.
Nalamakdan , aglamakdan ne peýda?
Bar ahyry her döwrüňem ajysy.

Iň bolmanda şirin şygyrlar bilen,
Ýadaw ýürekleri ýaş ederis biz.
Edebiýat şu wagta çen ölmändir,
Ony enteklerem ýaşadarys biz.

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.

(Göpdepe 29.07.2023)

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 29-07-2023, 12:38

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler