Ilki bilen kakaň gitdi eliňden,
Käbäňem ýakynda dünýeden ötdi.
Soň başyňy tama urup ýörşüňe,
Maňlaýyňdan a:l gan paýyrdap gitdi.
Ejir berdiň, sütem etdiň özüňe,
Ýüregiňe aýylganç nagra saldyň.
Ýaş başyňy ýasa bogup bialaç,
Ýetim owlak ýaly hossarsyz galdyň.
Sende hossaryň ýok, mende-de sen ýok,
Emma seň adyňa goşgularym kän.
Dogry saňa bagtly diýip bilemok,
Men saňa bagtsyzam diýip biljek däl.
Uzuk NOWRUZOWA
MEN SAŇA BAGTSYZAM DIÝIP BILJEK DÄL
Täzelikler,
Uzuk Nowruzowa
tarapyndan
13-08-2023, 09:12