Dini nalajedeyinlik şol bir wagtyň özünde hakyky nalajedeýinligiň ýüze çykmasydyr we şol hakyky nalajedeýinlige garşy protestdir. Din - munuň özi ezilen mahlugyň ahy-nalasydyr, rehimsiz dünýäniň ýüregidir, onuň özi tetelli rehimsiz düzgünleriň ruhudyr. Din halk üçin treýdir.
Karl Marks.

Döredijilik güýji, gujry möwç urýan sowet halky kommunistik jemgyýeti gurýar. Uly we kiçi zatda-da, gahrymançylykly hem-de adaty zatda-da biziň durmuşymyzyň gözelligi her gün ýuze çykýar. Bu bolsa bütin adamzady haýran galdyrýar. Ol umumy eşret üçin çekilýän janaýamazakly we joşgunly zähmetde, özüniň aýdyň hem-de beýik maksadyna ynamly barýan sowet halkynyň döredijilik işiniň bütin köp dürliliginde ýüze çykýar.
H.G. Çernyşewiskiý bize ajaýyp wesýet etdi. «....Geljek aýdyňdyr we gözeldir, ony söýüň, oňa ýetmäge jan ediň, onuň üçin işläň, ony ýakynlaşdyryň, näçe alyp boldugyça ondan häzirki wagta alyň, geljekdwn näçe zady öz ýaşaýşyňyza geçirmäge ýetişdigiňizçe siziň ýaşaýyşyňyz şonça-da aýdyň we hoş wagt, şatlykdan hemde keypi-sapalykdan doly bolar» diýip ol ýazypdy.
Geljekden häzirki wagtda geçirmek! Biziň geljege razwedkaçylarymyzyň, ony ilki açyjylarymyzyň millionlarçasy, eýsem, şol hakda pikir etmeýärlermi?
Sowet adamlar gelejege ynamly garaýarlar. Geljek olaryň kollektiw paýhasy, olaryň döredijilikli şat zähmetleri bilen döredilýär, şoňa göräde ol ajaýyp bolar. Kommunizm - munuň özi hemmeler üçin gowy ýaşaýyşdyr,munuň özi sosial deňligiň we şatlykly zähmetiň dünýäsidir,beýik müňkinçilikler dünýäsidir. Şeýle dünýäni biz ýerde gurýarys,şonuň üçin göreşýäris, ony öz ellerimiz öz güýjümiz bilen döretýäris. Azat sowet topragynda halkyň zähmeti, onuň joşvuny we paýhasy bilen diňe ilatyň jan başyna düşýän poladyň hemde elektrigiň möçberi däl, eýsem biziň her birimize düşýän bagtyň möçberi hem ýyl-yyldan artýar.
Biziň gurluşymyzyň iňňän uly ýeňişlerimiziň biri hem ylmyň görlüp-eşidilmedik derejede ösmegidir. Üç asyrdan-da köpräk wagt mundan ozal belli inlis filosofy Frenzis Bekon «Bilim - güýçdir» diýen ýörgünli sözleri aýdypdy. Indi ylmy bilimler ýeriň keşbini, adamlaryň ýaşaýşyny üýtgetýän kuwwatly güýç hökmünde öňe çykýar. Galyberse-de gözlegler üçin, döredijilik üçin hiç kim tarapyndan çäklendirilmedik giňişligi üpjün etýän jemgyýetçilik gurluşynda ylym iň uly, iň görnükli netineleri gazanýar.
Biziň ylmymyz but şunuň ýaly şertlerdedir.
Ylym we kommunizm.........Bu ajaýyp iki söz biri-biri bilen ysnyşykly, aýrylmaz we netijeli baglanyşyklydyr. Biziň döwrümiziň beýik sosial taglymaty - kommunizm bilen ylmyň güýji tebigaty we jemgyýeti özgeridýär, dünýäni rewolýusionlaşdyrýar. Adam ylym arkaly ýyl-ýyldan dünýäniň, onuň kuwwatly güýçleriniň häkimine barha köp öwrülýär. Biz älem-jahanny müňlerçe syryn açdyk, "ikinji tebigaty" döretýäris we gün günden kämilleşdirýäris, şol "ikinji tebigatyň" baýlygynyň ýanynda "hudaýyň gudraty" hakyndaky ertekileri ujypsyz bir zat bolup görünýär. Biz adam paýhasynyň ganatlaryna daýanyp asmana çykdyk. Biz geçen asyrlardan dowam edip gelen birentek aýylganç keselleri ylmyň kömegi bilen ýeňdik, ýüregi urmasyny goýan adamlary janlandyrmagy öwrendik. Ylmy açyşlar biziň bütin ýaşaýşymyzy tanalmaz ýaly özgertdi we özgerdýär.
Toslanyp tapylan, tebigatdan daşary güýçler däl-de, gaýtam bilim we döredijilikli zähmet bize bolçulygy, tebigata görlüp-eşidilmedik derejede erk etmegi, her kim üçin hakyky ýerdäki bagty gazanmaga kömek edýär.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, 205161 tarapyndan 3-09-2023, 00:25

  • 205161 205161 off № 1 3 сентября 2023 00:28
    Ylym we kommunizm - din we ylym - hakykata tarap ýol - ylym geljegi görýär
    Jogap
  • 205161 205161 off № 2 3 сентября 2023 00:30
    Ylym bilen din elmydama biri birine garşy. Emma şu diniň kommunizmi ýeňen ýerine gabat gelmedim.
    Jogap
  • Ishan Ishan off № 3 3 сентября 2023 16:44
    Kark Marksyn taglymaty bilen Lelin name gazandy. Indi Leliniñ ölusini topragama alanok.
    Jogap
  • Ishan Ishan off № 4 3 сентября 2023 16:51
    Huday hakyndaky ertekiler ujypsyz bir zada owrulyar. Sen shuny neneñsi elip baryp yazyp bilyan.
    Yokdan bar edeniñ Allatagaladygny unutmagyn. Huday islandir bolandyr Huday bol diyendir bolandyr.
    Jogap
  • 205161. 205161. off № 5 3 сентября 2023 21:52
    Ishan
    Kark Marksyn taglymaty bilen Lelin name gazandy. Indi Leliniñ ölusini topragama alanok.

    ?
    Nireden tapýaň bu sozi.
    Jogap
  • Ishan Ishan off № 6 3 сентября 2023 23:52
    205161
    Mowzugyn bashynda karl marksyn sozlerini yazypsyna shol sozler bilen lelin sssr osdurerin oytdi emma onun yerine ol namani gazandy hich zady. Gayta ozuni topragama alanok olenine nache yyl gomulman saklanyp dur
    Jogap
  • Khanture Khanture on № 7 4 сентября 2023 03:21
    Ishan,
    ????? Ýarygyje bir beýdip güldürme, içegelerim tas üzüldi. ????
    Jogap
  • Ishan Ishan off № 8 4 сентября 2023 07:06
    Men barde guler yaly hich zadam yazamok Allaha we dine dil yetirip yorme diyyan.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 9 5 сентября 2023 13:31
    205161,
    Edil mugallymlar gazetini okap çykan ýaly boldum başyndan tä ahyryna çenli syksaň suwy çykmajak şol bir gury sözler. Bir zatlary subut etmekçi bolanyň görnüp dur emma dogrusy başarmansyň we başarmarsyňam. Belki sende bilim bardyr, şol bilimiňi özüňe we jemgyýete gerek bolan zatlara ulan. Bu mowzukda ýaly gury sözler bilen wagtyňam girdirme, özüňede minus gazanma... Ine alsaň maslahat almasaňam kelem çorba!

    Şek ýetirip bolmaýan zatlara şek ýetirme senden iň uly haýyşym.
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 10 6 сентября 2023 15:56
    Bagsla yazjagam daldim sen ylym diyyan zadyn guyji yetmeyan yerleri kana meselem tebigy betbagtcylyklar hali hazirem dermany tapylmadyk bejerip bolmajak durli keseller sholary hem adamyn bilimin komegi bilen onuni alsadylar ya bejersediler diymek ylymdan basgada guycler bar muna mysal getirsen getirip otyrmaly az hem bolsa pikirlenip gor adamzadam ylym bilim yaratdymyka gowy pikirlen
    Jogap
  • Khanture Khanture on № 11 7 сентября 2023 15:51
    Jelal,
    Samsyĸmyňaý sen dost?
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 12 12 сентября 2023 20:04
    Akylly sen akylyn yetip menki yetmedik zat name ol ayt dusundir dusuneli senden akyl alaly akylly dost
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 13 12 сентября 2023 20:05
    Khanture,
    Akylly sen akylyn yetip menki yetmedik zat name ol ayt dusundir dusuneli senden akyl alaly akylly dost
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 14 12 сентября 2023 20:08
    Jelal,
    Dogry yone sen öte akylly ylymdanam one gecip giden sowatly biri sen
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 15 12 сентября 2023 20:08
    Jelal,
    Dogry yone sen öte akylly ylymdanam one gecip giden sowatly biri sen
    Jogap
  • Khanture Khanture on № 16 12 сентября 2023 20:11
    Jelal
    Khanture,
    Akylly sen akylyn yetip menki yetmedik zat name ol ayt dusundir dusuneli senden akyl alaly akylly dost

    Ylym adamyň iň uly baýlygydyr; Ony ýitiren iň garyp adamdyr.
    Jogap
  • Khanture Khanture on № 17 12 сентября 2023 20:12
    Jelal,
    Mugt beremok dost.
    Jogap
  • Khanture Khanture on № 18 12 сентября 2023 20:14
    Jelal
    Jelal,
    Dogry yone sen öte akylly ylymdanam one gecip giden sowatly biri sen

    Özüň bilen özüň gürleşýäňmi? ?
    Jogap
  • Khanture Khanture on № 19 12 сентября 2023 20:17
    Jelal
    Jelal,
    Dogry yone sen öte akylly ylymdanam one gecip giden sowatly biri sen

    Ylym, bilim, sowat bu düşünjeleri we hersiniň tapawudyny gowja öwren ilki.
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 20 12 сентября 2023 22:06
    Ozum bilen gurleshemok senyaly ote akyllylarynam baryna shukur edyan
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 21 12 сентября 2023 22:08
    Khanture,
    Onsanam ozun bilen ozun gurleshmegem gowy zat ozunche akyllysyramakdan
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 22 12 сентября 2023 22:11
    Ylym bilimli bolup yormun ozunce haysy okuw jaylaryny gutardyn nirde bir yerde ishlap shol alan bilimlerini peydalandynmy ile kopcilige peydasy bir degdimi ozi ayt ilki seni gowy tanaly shonda gurlemayin sana onsan akylyny alayyn pula beryanem bolsan
    Jogap
  • Khanture Khanture on № 23 12 сентября 2023 22:30
    Jelal
    Ozum bilen gurleshemok senyaly ote akyllylarynam baryna shukur edyan

    Aý tüweleme!
    Jogap
  • Khanture Khanture on № 24 12 сентября 2023 22:39
    Jelal
    Ylym bilimli bolup yormun ozunce haysy okuw jaylaryny gutardyn nirde bir yerde ishlap shol alan bilimlerini peydalandynmy ile kopcilige peydasy bir degdimi ozi ayt ilki seni gowy tanaly shonda gurlemayin sana onsan akylyny alayyn pula beryanem bolsan

    Adamlara akyl satmagy öwredýän dürli universitetleriň ve institutlaryň dürli fakultetlerinde okadym. Häzirem okap ýörin. Adamlara akyl satyp biznes edýärin. Nähili temalarda akyl isleýäniňi aýtsaň bahasyny ylalaşars.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler