"Bir gysym topragyñ ugrunda ylga
Dünýäde ölümden özgesi ýalan"

(aýdymdan)

Biwagt aramyzdan giden işdeşim Maýa gelnejäniñ ýagty ýadygärline bagyşlaýaryn

(Bolan wakalar esasynda)

Gelin edinjek gyzy gaçyp gidipdir. Heý, boljak zatmydyr? Däli dünýäniñ nobatdaky hokgasy Mamajana agyr zarba boldy. Söwer oglunyñ "Gyz bilen duza gytçylyk ýok" diýilýän döwürde, şonça gyzyñ arasyndan saýlap-seçip, "Şolara baraýyñsanañ" diýip, çekine-çekine salgy beren gyzynyñ diñe bir özleriniñem däl, ulaldyp, kemala getiren ejesiniñem ýüzüne gara çekip gitmegini aklyna kynlyk bilen sygdyrdy. Derrewem ogly Ýakuba jañ etmek bilen boldy. Ene ýüregi ajy habary ogluna aýtmak üçin däl-de oglunyñ muny eşdip-eşitmänligini bilmek üçin şeýle hereket edipdi. " Eje jan" diýeninde Ýakubyñ sesindäki gussa onuñ bar zada düşünmegine getiripdi. "Eşdipdir-ä balam" diýip, içini gepleden ene syr bildirmedi.
- Okuwdan näçede boşaýañ oglum, bu gün?...

*****
Ýakubyñ ýagdaýy welin ejesiniñkiden has agyrdy. Söýen, wadalaşan, gözelinden asla beýle bihaýalyga garaşmandy. Aýnabat. Ady bilip dakylan ýalydy. Aý diýseñ agyz, gün diýseñ göz. Beýle-de bir gözellik bolar oguşýa. On ýyllap bir synpdan girip- çyksalaram Ýakup Aýnabadyñ gözelligini diñe mekdebiñ soñky ýylyndaky ýadygärlik surata düşüriliş pursadynda duýupdy. Derrewem söz aýtmagyñ kül-külüne düşüp, Aýnabadyñ ýakyn jorasyna bu islegini syzdyrypdy. Dogry, muny gyzyñ özüne-de aýtsa bolardy welin, ilki Aýnabadyñ özi hakdaky pikirlerini bilmek isledi. Birden ol-a söz aýtsa, Aýnabadam onuñ ýüzüni alyp goýberse... Barybir, Aýnabat oña parhsyz däl eken. Şeýdibem, söýgi hekaýaty, häzirkiler aýtmyşlaý " love story" başlanypdy. Mekdebi gutaran batlaryna-da ejesine Aýnabat barada ýañzytdy. Ilkinji gözi düşenje perzendiniñ göwnüni ýykmajak bolup owalam çyr-çytyr bolup ýören ene, gaýny, ýoldaşy bilen maslahatlaşyp olaryñam makullamasyny eşdeninden soñ haýal etmän etrap merkezindäki gyzyñ öýüne ýola düşdi. Hemme zat gowulyga gitdi. Sözaýdyjylar gurt bolup dolandy. Aýnabat bilenem bal-da şeker bolşup, geljekki ykballary hakdaky süýji arzuwlaryna berildiler. Ýakup bilen şo-ol hyýal köşklerini guran gyz, ol hyýallary öz eli bilen ýykar diýseler kim ynanardy? Ýigit soñky günler öz etini özi iýýärdi. Ah, Aýnabat! Gözelligi beren Tañry saña wepalylygam berse bolmajakmy? Aý howwa-da, "Birkemsiz gözel bolmaz" diýlenleri. Gel-gel şol kemçilik ynsana iñ gerekli gylyklaryñ birinde goýberiläýmelimi?
Ýakubyñ serini garynja kimin gemirýän pikirler diñe bularam däldi. Ejesinden, hossarlaryndan öler ýaly utanýardy. Birdenkä, "Señ saýlan gyzyñ tutuş maşgalamyzyñ ýüzüni ýere saldy" diýäýseler ýigit näder? Ýer ýarylmaz, Ýakubam öz goýnuna dolmaz. Iki jahan owarrasy bolar ýörer. Ýakup öz kellesinde aýlanýan oýlardan özi hopukdy.
Ýakup mekdebi gutaran badyna uniwersitetiñ talyby bolmak bagtyna eýe bolupdy. Bolsa-da şu okuwy bardy Aýnabatly meseleden ünsüni sowjak. Barybir, sapaklaryna öñküsi ýaly yhlasly däldi. Asylam, Ýakubyñ özgelerden öñürtmek ýaly nebsewürligi ýokdy welin, yza galmazlyk, il deñinde bolmak üçin çytraşardy. Aýnabat onuñ bolanja yhlasynam elinden alypdy.

*****
Mamajan guda bolanlaryndan soñ garyndaşlarynyñ, işdeş ýoldaşlarynyñ arasynda Aýnabady ýere-göge sygdyryp bilmedi.
-Allanäme gözel gyz. Tüweleme! Diñe olam däl, gyz, keşde-de çekýän eken. Elinden dür dökülip duran zat. Oglum jan saýlabilipdir.
Indi welin şol işdeşleriniñ "Toý haçan-da toý haçan?" soraglaryna ýasama ýylgyryş bilen jogap berýärdi. Eýsem, öwüp-öwüp arşa çykaryp, mukaddes törüne geçirjek bolup ýören gyzynyñ barypýatan bihaýa bolup çykandygyny boýun alaýmak ýeñil-ýelpaý işmidir? Şeýle-de bolsa, ýagdaýdan gaçyp-gutulyp boljak däldi. Bu gün bolmasa ertir hakykat ýüze çykjakdy. Ýene bir gün işdeşleriniñ adatylaşan sowalyny ýüregi bilen jogaplady Mamajan.
- Gyz gaçyp gitdi.
Işdeşleri ýerli-ýerden ýakasyny tutdular. Heniz iki ýyl bäri Mamajan bilen bile işläp ýören Meñli geñirgenenligini has-da ýüze çykardy.
- Ogluñ söýüşmänmidi ol gyz bilen?
- Söýüşeninde näme?! Häzirki gyzlar ätiýaçda goýýar - diýip, Mamajan janyndan syzdyrdy. Içinden welin "Özüñem şony bilmän duran dälsiñ-le" diýip galdy. Meñliniñem şeýle gyzlaryñ hilinden däldigine hiç kim kepil geçip bilmese gerek.
Mamajanyñ çagalar bagynda zähmet çekip ýörenine dokuz-on ýyl boluberendir. Okan ugry däldigine garamazdan, terbiýeçileriñ köpüsinden oñat bilýär işiniñ inçe syrlaryny. Şeýle bolansoñ, ony halypa terbiýeçi hökmünde sylaýarlar, söýýärler. Bagyñ uly işgärlerem " Bilmeýäniñizi Mamajandan soraýyñ" diýýärler beýleki terbiýeçilere. Ýeri gelende özlerem soramakdan çekinmeýärler. Mamajanam bileninden öwredýär. Soramasalar ýersiz-ýere akyl satjak bolanok. Işdeşleri bilen gül ýaly düşünişip ýör. Ýöne şu Meñliniñ welin bolşuna haýran galýar. Ýaşy ýigrimi bäşe ýetiberse-de durmuşa çykmak niýeti ýok ýaly. Gapysyny kakanlara eger-eger göwni ýeteýin diýenok. Mamajan dagy :
- A gyz, ho-ol arakylardan näme üçin oñduñ- diýseler, özüçe kemçiliklerini sanap başlaýar ýitigini gözläp gelen hojalygyñ.
- Beýdip oturma, bolmasa biz salgy bereli - diýselerem,
- Ýog-eý, salgy berseñiz soñ özüñiz ýaman a:tly borsuñyz. Men-ä gaýyna hyzmat etjek gyz däl- diýip, terslerinden tutdurýar.
Gaýyn öýüne gitjek dälmiş. Öýüniñ ýekeje gyzymyş. Adamsyny getirjekmiş atasy öýüne. Gör, bu saçykesileniñ köp biläýşini. Ýigrimi ýyllap hojalygynyñ ody bilen girip küli bilen çykyp, gaýnynyñ bir diýenini iki gaýtalatman ýören Mamajan üçin oña düşünäýmek ýeñil-ýelpaý iş däl. Aý, howwa-da häzirki ýaşlaryñ haýsysynyñ ýüzüni ýuwjak? Haýsysyny görmeseñ şol gowy.
Mamajan adamsy Çary bilen halaşyp durmuş gurdy diýseler ýalançy. Çarynyñ ejesi elinde ýekeje surat bilen gudaçylyga geldi. Mamajanyñ hossarlaram öz gezeginde ýigdi soradylar, idediler. Ýaman diýen bolmady. Çary bilen bolsa bir gezek görüşendir toýdan öñ. Bar bolany. Gül ýaly ýaşaşyp ýörler. Uly hojalygyñ körpe gelni boldy. Eltileriniñ hersem ýerli-ýerden garry ojakdan göç etmek bilen bolsalaram, häli-şindi salama geldiler durdular. Ellerem boş gelen gezekleri ýokdur. Olaryñ goldawyna mätäç däl. Tüweleme, Çary edaralaryñ birinde orunbasar bolup otyr. Ýöne maşgalanyñ esasy diregi has ýokary kürsini sorap oturan gaýynagasy. Jigilerini okuw ýerinde okuwly edýär, iş ýerinde işli. "Gerek zadyñyz bolsa çekinmäñ, aýdyberiñ" diýýär.
Mamajan durmuşyndan närazy däl. Çara iki sany ogul perzent berdi. Mundan beter näme bolsun?! Gijesi, gündizi Çarynyñ hyzmatynda. Gaty-gaýrym söz aýdyp, gaş çytan ýeri ýok. Bardy-geldi Çary bir zat diýip yrsarajak bolsa-da sesini çykarmaýar, dilini dişläp oñaýýar. Mamajanyñ pikriçe erkek adamyñ diýenine garşy gitjek bolup durmaly däl. Erkek adam wagtynda öýe gelmese, ýa-da çykyp gitse hasap soramaly däl. Beýtseñ üstünde kökenek bolup ýören maşgalañ kül-peýekun bolar. Zenan maşgala sabyr-takatly, geçirimli bolmaly.
Çarynyñ özüne ikilik eden ýeri bardyr öýdenok. Bar bolaýanda-da ony geçirmäge taýyn. Bu barada irde-giçde gulagyna degäýse, "Erkek eşekdir-dä" diýip, elini biperwaý galgadyp goýberer. Dagy nämetsin? Ýarym-ýaş bolup aglap, ykbalyndan nalasynmy? Maşgala bozsunmy? Maşgala bozanlaryñ oñly güne düşen ýeri ýok.
****
Hemme zat umyt edişindenem gowy boldy. Başlarda haçan görseñ ýüzüni salyp, gözüni däliñ belläni diýen ýaly bir nokada dikip, agzyndan atagzy bilenem söz alyp bolmaýan Ýakubyñ ýüzem açyldy, dilem. Öñler "Oglum bu gün näme nahar iýesiñ gelýär" diýen sowala "Aý, eje, meñ-ä şu günler işdäm ýok. Enem dagyñ islegine görä edibersene" diýýän ogly indi şol sowala "Ýyrş" edýär-de göwnündäki nahary aýtmaga durýar.
Aralarda aşa horlananlygy bildirip durdy welin, indi-hä ýüzi tegelenäýipdir tüweleme. Adam pahyryñ başyndan ötmejek yza ýokdur görseñ. Diñe ölene çäre ýok diýmeseñ.
Mamajan oglunyñ gaýgy hesretden açylaşanyna begenmek begendi. Daşyndan syr bildirmese-de mälim wakadan soñ oglunyñ bir bolmasyz iş edibererinden howatyrlanypdy. " Men söýmesemem söýgä sençe düşünýän-ä balam. Janyña kast edibermeseñem ýagşydyr" diýip, ogluna gaýybana ýüzlenerdi. Öýdekä daşda-içde pynhan yzarlardy, okuwyna gideninde ogluna duýdurmazdan ýyllykdaşlaryndan habaryny alardy. "Dostuma" diýip, gidiberse-de , (dogrusy bu juda seýrek bolardy, Ýakup Aýnabatdan soñ ýekelige werzişdi) şol dostunyñ änigine-şänigine ýetmän goýmazdy.
Ol günleriñ bary yzda galdy. "Günüñ iñ garañky pursatlary gün dogmazyndan öñünçädir" diýip kim aýdanam bolsa dogry aýdypdyr diýip oýlady Mamajan. Ýazyja-şahyrlara kän düşünibem baranok welin, olaryñ kä pikirleri ýüregiñe jüñk bolaýýar. Işdeşi Meñlem goşgy ýazýar. Onuñ goşgusy-ha asyl düşnüksiz. Mahal-mahal adyna "Imo" diýilýän ýoñ bolan internet gurşawynda duşanynda Meñliniñ goşgularyny telefonynyñ ýadynda alyp galsa-da, ony halaýan diýip bilmez.

*****
Kim aýdypdyr bir ömürde ýeke gezek yşka düşülýär diýip?! Ýakup nädip täzeden söýenini özem duýman galdy. Söýgi şeýle täsin duýgy bolmaly. Ýyllykdaşy Maralyñ görklüligem görklüligi welin, edep-ekramy ýigdi has bendi etdi. Barybir, süýtde agzy bişeniñ suwuny üfläp içjekliginiñ ujy iki däldi. Maraly mazaly sorady, idedi. Asylly maşgaladygyna göz ýetireninden soñam synlamagyny dowam etdi. Kelç-külç hereketine gözi ilmedi. Ahyry göwnüni bire baglady. Ýüzbe-ýüz gepleşsinmi, jañ edip aýtsynmy, ýa könekileriñ edähedi boýunça hat ýazsynmy bilebilmän jowrandy. Dosty Durdymyrada sala saldy. Onuñ maslahatyndan ekezlenip, gyzy ilki dost hökmünde özüñe öwrenişdirmeli diýen netijä geldi. Bile gidilen kinolar, gezelençler, konsertler... Paýtagtyñ kaşañ ymaratlary göýä aşyklaryñ wagtyny hoş geçirmegi üçin bina edilen ýaly. Olaryñ ählisi ýaşlaryñ biri-birine barha ysnyşmagyna getirdi.
Oglunyñ bu gezekki saýlap tutan maşgalasynyñ özge welaýatdandygyny Mamajanam, beýleki hossarlaram oñaýsyz hasap etmedi. "Hemmämizem bir türkmen. Welaýatparazlyk ýaly kemsidiji gylyk ýok" diýdiler. Sähetli günleriñ birinde "Niredesiñ Mary?!" diýip, ýola düşdüler. Mamajan ýolboýy içinden "Şu gezek bir ýalñyşan bolma-da balam!" diýip, gaýtalady oturdy. Ony howatyrlandyrýan zat "Il-gün näme diýer?" düşünjesi däl-de, ýene bir ýola allanaýsa Ýakubyñ gyzlara bolan garaýşynyñ üýtgemek ähtimallygydy.
Marallaryñ maşgalasy Mamajanlardan has gurply eken. Gyzynyñ halaşandygy baradaky gürrüñ Maralyñ kakasyny kejikdirdi. Diýseñem, ýeke gyzynyñ göwnüni ýykmady. Mamajanlara ýyly söz berildi.
Hoş habary işdeşlerine buşlanynda Meñli ýene onuñ degnasyna degjek gepi tapdy.
- Bäri bärden gyz tapmandyrmy?
- Töweregimizdenem tutup gördi-le balam. Nätjek mañlaýyna ýazylmasa.
****
Gör-le ykbalyñ işini. Aýnabat aýrylyşyp gelipdir. Gaçyp baran ýigdi özünden on ýaş ulymyş. "Meñ gül ýaly oglumy harlap, oñly güne düşerin öýtdüñmi tula?! " diýip, Mamajan Aýnabada gaýybana haýbat atdy. Abraýly maşgalanyñ perzendini törüne geçirjekdigine, söwer oglunyñ bagtlylygyna buýsandy. "Hudaý jan köp görmesin!"
*****
Mamajany birnäçe gün bäri endamyndaky çişler bimaza edýärdi. Öñem semiz däldi ýöne, bir-iki aý bäri göz-görtele horlanypdy. Ýuwdunanynda kynlyk bilen ýuwdunmagam durnañ urnasy.
"Gorkanym bolmawersin-dä Allajan". Howsalaly duýga mundan artyk çydap biljek däldi. Işe barmady. Başlygyndan rugsat alyp, şo-ol tanyş lukmana ýüz tutdy...
- Kesel täzeden gozgaýar, Mamajan.
Garaşan zarbasynyñ yzasy garaşmadygyñdan has uly bolýar mahal-mahallar. Mamajan üçinem şeýle boldy. Endamyndaky tüýleriñ syh-syh bolandygyny duýdy. Wagt togtady. Keselhananyñ kiçijik otagynda lukmanyñ agzyndan çykan ýeke sözlem dünýäniñ ýumrulyp, Mamajanyñ kesekleriñ astynda galmagyna getirdi.
Ol ady ýitmiş kesel bilen ikinji gezek garpyşmaly boldy. Ikinji gezek ölüm bilen ýüzbe-ýüz. Onuñ sowuk demini ilki ýola üç ýyl mundan öñ duýupdy. Mamajan serinde ýatlamak islemeýän günlerine täzeden dolandy. Ady ýitmiş kesele uçrandygyny ilkinji eşden gününe.
Bary-ýogy üç harpdan ybarat keseliñ ynsany janyndanam jyda düşürip bilşini diýsene. Mamajan şonda lukmanyñ ýüzüne añka-tañka bolup seredipdi. Özüne nämäniñ garaşýandygyny bilmeýärdi. Lukmana biragyz söz aýtmazdan öýüne dolanypdy. Okuwdan gelip, mawy ekranyñ başynda haýsydyr kino güýmenip otyran Ýakupdyr Ýusuby mäkäm gujaklapdy. Ogullarynyñ "Eje saña näme bolýar" sowalyny jogapsyz galdyrypdy.
Ýagdaý barada birnäçe gün pikirlenip gezeninden soñ dil ýardy Çara. "Haçan bildiñ muny?" diýdi Çary dözümsiz bakyşlary bilen.
- Iki-üç gün-ä bolandyr.
Çary kesel barada Mamajandan köp bilýän ýaly. Gözlerinden gazap uçguny çykdy.
- Iki-üç günläp näme üçin garaşdyñ?! O keselde bir gün bir gün-ä. Gün diýenme seretme, minutdan habar ber.
Haýal etmän keselhana ýola düşdi. Bu gezek Çary bilen. Dermanlar, ukollar. Uzak garaşdyran bejergi möhletinden soñ şowly geçen operasiýa.
"Keseli ýeñdiñ" diýdiler. Mamajan şol pursady edil şu wagt başdan geçirýän ýaly dodaklaryny çala gymyldatdy. "Ýeñipdim-ä. Ýeñipdim". Kellesiniñ içinde bir ses oña garşy çykdy. "Ýeñmänsiñ!" Mamajanyñ içini ýakmak isleýän dek öz diýenine tutdy oturdy. Mamajanyñ serindäki sesi lal-jim edesi gelip, eli bilen kellesine urmaga durdy. Aýagaldygyna-da "Ýeñdim. Ýeñdim" diýip gaýtalaýardy.
Rejäniñ geñ däldigini añan lukman "darkaşa" goşulmaly boldy.
- Size añryýany bilen düşünýän dogan. Şeýle-de bolsa köşeşiñ. Öñ ýeñdiñiz keseli. Ýene ýeñersiñiz.
Hemişede bir ýagdaýy başdan geçirmedige şol hakda geplemek ýeñil. Lukman üçinem şeýle bolmaly. Ol Mamajanyñ ýerine bolan bolsady, onda...Mamajanyñ pikrini gutarmaga gurbaty çatmady. "Duşmanymyñ başyna-da bermesin Allajan o keseli".
Mamajan keselhana bilen öý aralykdaky ýoly nädip geçenini bilmedi. Diñe münen ulagynyñ "Şu taýy diýdiñiz dälmi, gelneje?" diýen sesine aýñaldy.
Öýde gaýnyndan özge kişi ýokdy. Çary işdedir, Ýakup bilen Ýusubam okuwdadyr. Keselhana gitmedik bolsa Mamajanam işde bolmalydy. Gaýnynyñ ýeke özi ýüregi gysmaýarmyka? Kesel baradaky pikirden ünsüni sowmak isledi Mamajan. Gysýandyr. Gaýny häzir ýetmiş dört ýaşynda. Garrylyk bagt bolmaly. Garraýarsyñ, diýmek ýaşaýarsyñ. Mamajan näçe ýaşyna çenli ýaşarka? Ýene kesel baradaky pikir daşyny gabady. Elheder aldy. "Ýakup janyñ toýuny görsemem bolýa-la". Toýa dört aý galdy ahyry. Bary-ýogy dört aý. Sähel salymdan pikrini üýtgetdi. Ýakupdan soñ Ýusubam bar. Galyberse-de agtyk-çowluklaryny söýesi gelýär-ä. Mamajan adam näçe ýaşasa-da etsem-petsemi gutarmaz eken diýen netijä geldi.
*****
Başlygynyñ duýdansyz eden ýygnagynyñ sebäbi belli boldy. Asyl, Mamajanyñ doglan gününi bellejek bolýan bolsalar nätjek?!
Başlygyñ otagynyñ töründe goýlan partañ üstündäki torty göreninde Mamajan begenjinden hem tolgunmadan ýaña gözüne ýaş aýlady.
Işdeşleri ýerli-ýerden doglan gününi gutladylar. Ählisi biragyzdan uzak ýaş arzuw etdiler.
Sagdyn bolmadyk uzak ömrüñ kime peýdasy barka? Tersine, janyñ sag bolmadygyça uzak ömrüñ her güni ezýet bolmazmy ynsana? "Saglygyñy dikelt" diýip, arzuw etseler bolmajakmy?!" diýip pikir etdi.
****
Indi geplemekdenem galdy Mamajan. Ýogsa, ilkibadalar özüni soramaga gelenler bilen gümür-ýamyr ederdi. Ondan-mundan gep uruşdyrardy.
Barsyndanam beter gür gara saçlaryndan dökülen bölekleri ýassykda görmek ürküzýärdi.
Gündiziñ gijäniñ parhyny bilmezden ýatyşyna düýşler görýärdi.
Töwerek gözedürtme garañky. Hiç zat saýgardanok. Mamajan gorkusyna eli bilen töweregi sermeýär. Eline ilen zat bolanok. Eýmenýär. Aglasy gelýär. Aýagaldygyna "Kömek ediñ!" diýip gygyrmaga durýar. Birdenkä-de garañkylygyñ içinde gün dogan dek ýagty peýda bolýar. Mamajan gözüni gamaşdyrýan ýagtylyga çydap bilmän gözleriniñ öñüni eli bilen perdeleýär. Sähel salymdan ýagtylygyñ çeşmesini bilesi gelip gözlerindäki perdäni açýar. Görse, Ýakup. Elinde pamyk deý akja gundak. Gundagyñ içinden bäbejigiñ çyrlaýan sesi eşdilýär. Asyl, ol ýagty şol bäbejikden gelýän bolsa nätjek? Mamajan tolgunyp durşuna zordan dil ýarýar. "Ýakup jan, gujagyma bersene balam agtyjagymy". Ene ellerini uzadýar. Ýakubam bäbejigi gujagynda göterip durşuna ejesine tarap süýşýär.
Mamajan düýşüñ iñ gyzykly ýerinde gözüni açdy. Düýşdügine-de ynam etmedi. "Agtyjagymy getiriñ ýanyma!" diýip bokurdagyna sygdygyndan gygyryberesi geldi. Gurby çatmady. Öz-özi begendi. "Agtyk söýmegem nesibämde bar eken. Hudaýjana şükür!".

*****
"Üç günüñ içinde toýy täzeden gurnap bolar"
Çarynyñ dogany Çerkez maşgalanyñ iñ ulysy bolmasa-da beýleki agalaryna garanyñda gurply ýaşap, olara häli-şindi kömek edip ýörensoñ diýenine däl diýjek tapylmazdy. Häzirem şeýledi.
Çarynyñ doganlarynyñ ählisi maslahat etmek üçin olara ýygnanyşypdy. Toýa bary-ýogy üç gün galypdy.
Toýuñ gudratyndanmy ýa lukmanlaryñ edýän emleriniñ netijesimi belli däl, düýn öýlänler Mamajan özüne gelipdi. Diñe bir özüne gelmegem däl geplemäge-de başlapdy. Ilki aýdan sözem "Hany, toý edeñzokmy, ýa eýýäm toý sowuldymy?" bolupdy.
Hossarlary Mamajandan umydyny üzendikleri üçin toý mekanynda gurnalmaly toýy goýbolsun edipdiler. Diñe gelnalyjy gelni ses-üýnsüz getirmeli, şunluk bilenem toý sowulmalydy. Emma Mamajanyñ özüne gelip, azda-kände gepläp başlamagy olary ikirjiñlendirdi.
"Garşy çykýanyñyz bar bolsa aýdyberiñ" diýdi Çerkez. Soñam gapdalynda oturan Dürnabat ejä sala saldy.
- Eje, sen nähili görýäñ?
Sähel ysgyn-deramat bilen ýaşap ýören garry gowuşgynsyz dillendi:
- Meñ garşylygym ýok. Hany,Ýakup jan bilen Çary jan näme diýýär?
*****
Çerkez toý mekanyndaky toýy täzeden kiçiräjik görnüşde gurnady. Oña diñe özüniñ, Çarynyñ hemem Ýakubyñ ýakyn dostlaryny çagyrmaly etdi. Garyndaşlar, tanyş bilişler üçin bolsa Çarynyñ öýlerinde çadyr gurdurdy. Bagşy getirdi.
Mamajany birkemsiz edip geýindirdiler. Saçynyñ düşeni bildirmez ýaly öýmesini mañlaýyndan dañdylar.
Bolsa-da Ýakubyñ toýuny görmek nesibesinde bar eken. Mamajan endamyndaky agyrylary az pursatlygam bolsa undup ogly üçin begendi. Toýuñ şowhunyna goşulyşmaga synanyşdy.
Meñli dagy işdeşleri bolup Mamajanlaryñ gapysyndan gireninde olary Mamajanyñ eltisi gözi ýaşly garşy aldy.
"Mamajanyñ işdeşlerimi siz?" diýip, hamsygyp durşuna ýeke-ýeke salamlaşdy. Myhmanlary yzyna düşürip, özleri üçin niýetlenen jaýa saldy.
Dürli naz-nygmatlar bilen bezelen toý saçagyny gören Meñli beýleki işdeşleri ýaly oña el gatmaga howlukmady. Mamajanyñ sözlerini ýatlady.
"Maña näme iýjek diýseñ getirip bereli diýýärler. Ýöne iýmäge hiç hili işdäm ýok".
Şunça naz-nygmatda Mamajanyñ nesibesi ýok. Takdyryñ işini diýsene. Onuñ iýmäge nesibesi çekmedik tagamlarynyñ özlerine hödür edilmegine utandy. Müýnli duýdy.
Şol barmana-da olary garşy alan hälki zenan ýene göründi.
- Mamajany ýanyñyza getiräýsem diýýän. Ýöne gaýrat ediñ ýanyna baryp salamlaşmañ. Aljyrar.
Sähel salymdan gapy açyldy. Ilki ýañky tabşyryk berip giden zenan göründi. Yzy bilenem ýüwürjisiniñ götermegindäki kürsüde Mamajany saldylar içeri.
Mamajan juda horlanypdyr. Birmahalky tegelenip duran duluklary içine gidipdir. Gözlerinde argynlyk bar.
-Ýatyp ýatyp ýadadym - diýip ýylgyrdy.
Şol bolşuna-da sypaýyçylyk etjek bolýardy. Mamajanyñ ondan soñky hereketleri gözlere ilmedi. Çünki her kim göz owalaryna dolan ýaşlary gizlejek hemem diñdirjek bolup başagaýdy.

*****
Betbagtlyga diñe ynsan uçramaýar. Bagtam betbagtlyga duçar bolup bilýär. Bu gün Mamajanyñ, Ýakubyñ, Maralyñ, Çarynyñ... bagtlary betbagtlyga uçrady.
Mamajan "Gelniñ saña çaý berjek" diýýär diýenlerini eşdip galdy. Ýylgyrdy.
Uz ýaşynan uzyn boýly gelni gapydan gireninde "Tüweleme" diýdi içinden.
Gelni usullyk bilen çaý uzatdy. Mamajanyñ çaýyny alyp bilmejegini bilýän eltisi ony arkasyndan çala galdyryp agzyna tutdy.
Mamajan gelnini ýene bir ýola synlady. "Ýakup jany bir ynjytmagyn balam!" diýesi geldi. Ýetişmedi.

Mahym Nurgeldiýewa.
08.09.2023 ý.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Belki tarapyndan 10-09-2023, 17:02

  • Belki Belki off № 1 10 сентября 2023 17:04
    Bu gezek hiç bölümini galdyrmasyzdan.
    (Ikilenç goýanym üçin ötünç soraýaryn)
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 2 10 сентября 2023 19:33
    Belki,
    Kimiňdir aýagyny basyp hem ýüzine aňňarlyp seredip geçilýän zamanda, nämä ötünç sorap oturanňyza haýran...))
    Jogap
  • Belki Belki off № 3 10 сентября 2023 19:42
    Mrokas, meñ aýagyma basanlar-a ötünç soraýar :))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler