Adam on sekiz ýaşlarynda juwanlyk söýgüsine uçraýar. Bu sözüň hakyky manysyndaky, özem ilkinji söýgüdir. Çünki indi ol söýgi üçin taýyndyr, ýetişendir. Çünki indi duýgular diňe beden däl, eýsem, esasan, ruhy ösüş bilen baglanyşyklydyr. Çünki munda adam şahsyýet bolup şahsyýeti-de söýýändir. Çünki bu söýgi adamy adatylykdan ruhy alyslyklara alyp gitmäge ukyply söýgüdir.

Ömrümiziň barja zady söýgüdir.

Ömrümiziň manysy, göz-guwanjy söýgüdir.

Diňe söýginiň barlygy üçin munda ýaşanyňa degýändir.

Söýgi ömrüň artykmaçlygydyr.

Söýgüsiz ömür haýpdyr.

Söýgüsiz ömür salgymdyr, dogrudan-da, ýalanlyk hem panylykdyr, aldawa düşmekdir, aldanmakdyr we bipaýanlykdyr. Söýgüsiz ömre ýürek awamagy tebigy zat.

Söýgi ömrüň açarydyr. Söýgi bolmasa, ömür gulplanylgy syr hem hakykat, many hem eşret sandygy bolup galýar.

Söýgi hakykatyň girewidir.

Söýgi ömrüň şekilidir.

Söýgi ykbalyň sähedidir.

Söýgi bagtyň şertidir.

Söýgi ynsanlygyň esasy wakasydyr.

Söýgi ynsan tebigatynyň merkezi hadysasydyr.

Söýginiň ýoklugynda ynsan ömri diňe salgym, diňe şekil bolan mazmunsyzlykdyr. Ol bary-ýogy ýöne ýaşamak, ýalandan ýaşamakdyr.

Söýgi hakykaty tapmak ukybydyr. Diýmek, söýgi ynsan ömrüni ýöne bir görnüşden çynlakaý mazmuna öwürýär. Ömür ýöne wagt geçirmek däl-de, wagtyň içinden geçmek, ýagny wagty many hem gözellik hökmünde başdan we ýürekden geçirmek bolup amal edilýär. Söýgüsiz ömür başa gelen, paýyna düşen ömri barlygyň beýik ruhy gatançsyz, telwassyz, pes – günema hem keýpi-sapa görnüşde kabul etmek bilen çäklenmekdir. Söýgüli ömür ruhuň iň ýokary belentliklerine dahylly bolmak, ýaşaýşyň paýyna düşen künjünde ruhy barlygy döretmekdir.

Söýgi hakykaty ykrar etmek, hiç mahal gaýtalanmajak, özge hiç kimiň ýetip bilmejek hakykatyny başdan geçirmek ukybydyr. Söýgüde ömrüň hakykatyny tapmagyň we ýaşaýyş syryny duýmagyň ruhy lezzeti bar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Şemsimar tarapyndan 20-09-2023, 14:34

  • Garlawaç Garlawaç off № 1 20 сентября 2023 15:05
    Ýaňy Nobatguly Rejepowyň şeýle setirlerini okadym ,,SÖÝÝÄN-ýykylyp barýan deýýus dünýäň paroly!".
    Jogap
  • Genial Genial off № 2 20 сентября 2023 20:30
    Gyzkly eken sag bolun
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler