Agasynyň inisine öwüt-nesihaty.
-Inim gelhany, seň bilen bir gürrüňüm bar!
+How agam, aýdyber näme gürrüň?
-Işleriň barmy oňa muňa gitmeli ýerleriň, eje-kakamyzyň buýran işleri barmy? Diýjek bolýanym biz gaty uzak gürrüň eders.
+Ýok agam arkaýynlyk. Ertir irdene çenli işimýok. Olaryňam tabşyran zatlary ýok.
-Bolýa. Onda inni meni üns berip diňle! Bilýän, sen meni sylaýaň hormatlaýaň. Ejem bilen kakamdan soň üçünji ýerde goýýaň, berekella. Ejemiz kakamyz bize terbiýe berip bildi. Ýöne olaryňdälde, meň öwretmeli zatlarym bar. Aýtjaklarymy berk belle, aýla şu gara başyňda. Ilki bilen şu öz kelläňi özüň ulanmany başar, ýogsam başgalar ulanar. Özüňem inni erkejik bolmaly. 7-nji klas, eýýäm sen ýetişýäň, ösýäň. Bilýän biliňem oýanýandyr. Gyzlara seredýänsiň. Gürleşen, halaşan bolýansyň. Gadagandäl. Emma weli jigim, herhili gyz bar. Akyllysy, asyllysy, lolysy ýeňili, namysjaňy mertebelisi tüýs-tüýs dürli dürlüdir. Senem näme maşynlyja, pulluja, baýja bolaňsoň paçti hemme gyzlar seni kowalaýandyr. Ýöne howlukma, pikir et. Gyzlary oýnap aldap pyrlap zat ýalak ulanma. Erkeklik däldir bu. Hemmeler diýenýaly, akmajyk, samsyjak, ýaňy aga-gara düşünip başlan gyzlary pyrlap aýlap, soňam allap agladyp taşlap bilýär. Inim bu hereket iň soňky gutaranlykdyr, beýle adamlar ýala-gelýän g.....k güjükler ýalydyr. Ýöne weli, gyzyň özü seni saýlap, özi seň ýanyňa gelip, özi seň eliňden tutup, özi seni gujaklarýaly edip, özi seni ogşar ýaly edip, özi seň üsdüňe zyňylyp durarýay etmek her kime başartmaz, elbetde pulsuz başyňa. Gyzy beýle ýagdaýa ýetirip bilýän, oň gözlerinden bagtlylyk sebäpli ýaşlary damdyrýan aňyrbaş saýlama erkekdir. Onsaň seň bu derejäň bilen hemme gyz diýenýaly ýaňky aýdanlarymy saňa etjeklerdir. Ýöne sen "men başarýan, men baý, men islänimi edýän, men agamyň diýişi ýaly, gyzlaryň özü üsdüme zyňylarýaly ederin" diýip döşüňe kakmagyn. Bilýäňmi? Adamda gyzyldan gymmat, hemme baýlykdan, dünýäň baýlygyndan, jan saglykdanam beter, hatda jandanam beter gymmatlyk bardyr. Oňa Namys-ar, mertebe, abraý diýerler. Şol ar-namys gaty güýçli zatdyr. Şol namys gyzlarda has beter gymmatlykdyr. Onsaň senem şeýdip döşüňe kakyp gyzyň eje-kakasyndan birugsat, biziň eje-kakamyzdan birugsat, bir gyzyň maňlaýyny garaldyp, ol gyzyň namysyny, gyzlyk dünýesini barsaň, onda başyňa ahyr-zaman geler jigim. Pikirlengin. Meselem getireli. Ine sen bir gyz bilen gezdiň, oýnadyň, soňam "Bu zatlary billirtmänem ederin" diýip gyz bilen bile bolarsyň. Emma ahyr biliner, wagt geçer, gyz durmuşa çykar, äri bolmasa gyzyň gyzlyk dünýesiniň ýoklugyny biler. Iki adamyň ömrü kül bolar, soň äri ýaňy 2 günlik namyssyz, gyzy yzyna atasy-öýüne getirip "gyzyňyz gyzlyk göwnüni başga beripdir, soňam oňňul bolmaz" diýip taşlap gider. Ol gyzyňam kakasy erkek dogany bardyra. Ol gyzy öllürýaly urup "seni kim beýle derejä getirdi" diýip sorarlar. Gyz göni seni görkezer. Onsaň şol kaka bilen erkek dogany näme saklar öýdýäň? Diňe seň garnyňdan ýada damagyňdan fantan ýaly çykan gan saklar, başga hiçzat saklamaz. Olaram bu etmişlereri üçin türmä basylarlar, senem oňňul galmarsyň. Netijede iki maşgalaň ömürlerini kül edersiň. Onsaň şu zatlar nämä gerek? Etmeli zadyň, gyzlardan gaç, hiç gyza ýüz berme, gürleşmede, ýazşmada. Bilýän, oglansyň. Biliň gatap zyňyp durandyr. Çykalga, ýekeje. Ömürlik bile boljagy tapyn. Owadan kraskalyny dälooow, asly kalby ýüregi owadany tap. Seň buwagt gözüňe diňe owadanlyk, kraskaly kosmetikaly gyzlar görünýändir. Pffffff. Bolýa gel gyzlar barada gürrüň bereýin. Gyzlar kraskany nämçün çalynýarlar!? Sebäbi gyz özüniň owadanlygyna, gözelligine, Allanyň eçilen görküne göwni ýetenok. Özlerini reklama edýärler. Birine däl müňe görünjek bolýarlar. Gyzlar şu aýdanyma näçe garşy çyksalaram şu şeýle. A asylly gyz "men, ejemiň-kakamyň, Allanyň beren gözelligine razy, muňada şükür edýän. Gözüm gyýşyk bolup, ýüzüm çaýşyk bolan bolsa näme!? Şonda näderdim!?" diýip şükür eder. Aslynda köp, ýasama çişirilen dodakly, gaşyny ütdüren, silikonly, ýasama saç dakynypýören, ýasama dyrnakly, ýasama syrt dakynan, nahar iýmän zordan figura saklapýören gyzlar "hakyky erkekler gutardy, ýok inni hakyky erkek" diýýändirler. Ýöne şol aýdýanlarynyň içine öz oglan doganlary, kakasynyň girýändigini bolsa unudýalar. Znaçit şo gyzyň oglan doganam, kakasam erkekdäl diýdigi. Şeýle gyzlardan gaç. Owadan owadan moda moda geýinýäler, olary gelin edip alsaň çykdaýjyň köp bolar, pikir edip gör modny geýinýän gyzlaryň eşikleri, çalynýan kraskalary näçe puldur öýdýäň? Dogry sen pula zardäl, berersiň pul, ýöne kraskalary çalynmak üçin, geýinmegi üçin günde näçe sagat gerekdir. Pesinden 5-6 sagat. Diýmek sen şeýle gyza öýlenseň şeýle gyz 24 sagadyň arassa 12 sagadyna ýatyp geçirerler, sagat irden 10-da turarlar. 10-dan 12-ä çenli özlerine timar bererler, sen zawtraksyz galýaň, heý onsaň şeýle gyzlar nahar bişirip gap gaç ýurwarlar öýdýäňmi? Belki ederler, kraskaly lakly dyrnaklar bilen az-owlak lak iýersiň. Obed geler bolýa pizza zakaz edip iýersiň. Olar 14:00-dan 17:00-a çenli ýene uklarlar. Soň 19:00-a çenli pedýikur, manikýur, maska. Ine ujinam ýok. 22:00-a çenli belki ondanam uzak wagt türk seriallary. Hany onsaň saňa wagt, Çagaňa wagt, Ejeň-kakaňa wagt? Eddil şeýle ýaşaýyş bolmaz dogry, ýöne 100% şuňaha meňzär. Şol sebäpli beýle gyz gerekdäl. Onsaňam beýle gelin hemmekişiň gözünde bolýar. Soň dostlaňam "eeeee edäýseňaý" diýip gelniňe göz gyzdyrarlar, gelniňem "men owadan birden aýrylşaýamdada ýerde galmaryn, alan tapylar" diýip çala araňyza düşünşmezlik düşse aýrylşmak pikiri bilen bolar. Asylly hem üýgeşik owadanlygy bolmadyk gyz "mundan aýrylyp nirä gideýin, meni soň kim alar, ejem hem kakam bilen ýaşaşypdyra. Olaram soň bagt tapypdyrlara. Är ärdir, gelin bolaýyn. Köşeşer" diýip pikir eder. Başarsaň, maşynam goý, pulam artyk alma, betdäl normalnyja geýin. Şonda seni halajak gyz tapylar. Tapylmasa gözlaber. Gyz kän. Ýöne maslahatym, kraska çalynmaýan, gaşyna degmedik, oglan bilen gürleşmedik, gepi sözi ýerinde, gaty owadanlygy bolmadyk, garyp gyzy gözle. Genjeň ýaly. Görýäňä, biz bagtly. Şeýle gyz gaty azdyr. Galan gyzlar milliondäl, milliard sanydyr. Ýaňky akylly diýen gyzymy tapsaň, şol gyza şeýlebir ýapyşgyn. Hiç geýbermegin. How beý diýsem kelläňde göter diýdigimdäldirooow. Yrylmasada yrjak bol, blä 1 ýyldäl 10 ýyl yrylmasada yrjak bol. Podarka ber, gül ber, hat ýaz, sms ýaz, belki kösär kösen, belki dözer, sen oňa dözme. Ahyry yrylar. Yryp bilmeseň kömegim ýeter. How yraňsoň, ol gyz seňki-seňki bolandan soň "aý bu owadan däl, aý bu eýle däl, aý bu beýle däl" diýen bolup taşlamagyň ugruna çykaýma. Nämesi göwnüňe ýaranok? Düzet! Jynsyly rus ýa amerikan gyzlary gowy gorýäňmi? Gelin edip alaňdan soň diňe öýüň içinde özüňiz bilekäňiz jynsy geýdiräý. Kraskalyny halaýaňmy? Äkit salona "meň üçin edäý" diýip kraskaladaý. Edesi gelenokmy? Düşündir "janym, men şeýle zady gowy görýän, sen meň göwnümi tapmaly, men seň göwnüňi tapmaly. Sende tapmadygymy başga ýerden gözläpbilmernä" diýip düşündir. Dil düşünşmek üçünem berilýändir!!! Düşüner. Düşünenokmy gel menden maslahat sora. Ýöne bilip goý hemmezady ALLA görýär. Sen öýleneňden soňam gelniňe ikilik etseň perzendiňden görersiň. Eeeee şu dünýede iň erbet zat nämedir öýdýäň? Çagaň ýeter-ýetmez bolmagy. Muny nämçün aýdýan. Munam düşündireýin...
+Agam kelläm agyrýar, belki soň dowam eders!?
-Znaçit diňläpsiň. Bolýa galanyny soň dowam edäýers!!!
1-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER
@Гость, diňe sen galdyň aga iniň söhbedini okamadyk
Täzelikler,
PerhatSabirov
tarapyndan
20-09-2023, 21:46