Ene garnyndaky söhbetdeşlik
Bir gezek bir göwreli zenanyň garnynda iki çaganyň düwünçegi (indi dogulmaly çagalar) kemala gelýän ekeni. Olaryň biriniň ady Kiçijik Ynam,beýlekisi Kuçijik Müňkür ekeni.
Bir gezek Müňkür sorapdyr:
—Sen aýtsana dogan, doguluşdan soň hem ýaşaýyş bardygyna ynanýaňmy ?
Ynam:—Elbetde,men doguluşdan soň ýaşaýyş bardygyna berk ynanýan .Ol anyk—doguluşdan soň durmuş dowam edýär .Biziň bärdäki ýaşaýşymyz diňe soňky ýaşaýşa taýynlyk,biz bärde ösmeli, ulalmaly , berkemeli öňdäki bize garaşýan zatlara çydamly bolmaly.
Müňkür:—Şeýlemi,meniňçe bary lyk ! Hakykatda bolsa doguluşdan soň hiç hili ýaşaýyş ýok ! Sen iň bolmanda şol ýaşaýşyň nähili boljagyny bir çaklap bilýäňmi ?
Ynam:—Men onuň nähili boljagyny anyk aýdyp bilmen,ýöne bärdäkiden ýagtylyk köp bolar,biz belki agzymyzdan iýmitleneris, ýöräp-ylgarys we şeýleräkdä ...
Müňkür:—Ýok how,akyla gelmejek zatlary aýdýaň, agyzdan nädip iýmitlenjek,ine biz göbekden iýmitlenýäsä. Onsuz nädip doguluşdan soň ýaşaýyş bolsun.Göbek—bu biziň ýaşaýşymyzyň özeni, ýogsada üns berdiňmi,biziň göbegimiz öňkülere görä gysgalana meňzeýär ?
Ynam:—Ýok,meniň aýdýanlarym bolaýjak zatlar. Ýöne,ol ýerde ýaşaýyş bütinleý başgaça bolar,biziň öwrenişen durmuşymyz ýaly bolmaz.
Müňkür: —Ýöne hiç kim,hiç wagt doguluşdan soň yzyna gaýdyp gelmedi ahyryn ! Hemmeler bilýär,doguluşdan soň durmuşyň gutarýanyny ! Umuman durmuş tümlikdäki köseniçliklaý.
Ynam :—Men soňky ýaşaýşyň nähili bolýanyny anyk bilemok welin,ýöne nähili bolsada biz ejemjana göreris,ol biz hakda alada edýär,bu anyk.
Müňkür : —Ejemizi ?! Sen how ejäde ynanýaňmy indi ? Ha-ha-ha güldürmesenow ! A nirde ol,hany görkezdä maňada ?
Ynam: —Ol biziň daş töweregimizde,bizi gurşap dur ol,biz şonda ýaşaýas.Onsuz biz asla ýaşap bilmeris.
Müňkür :—Aý,munyňa anyk şamsyklyk bolýa.Men onuň bir bölejiginemä görmedim,maňa onuň asla bolup bilmejek zatdygy aýdyň bolup dur.
Ynam:—Haçanda biz bütünleý ümsüm wagtlarymyz,eger çynlakaý üns berseň onuň sesini eşitse bolýar,ýa-da bizi sypalaýandygyny duýsa bolýar.Şeýle hem men biziň hakyky uzak ýaşaýşymyzyň geljekde boljagyna berk ynanýaryn.
Çaga bu dünýä gelende,meni giň we rahatja öwrenişen dünýämden daşyna çykarýalar diýip aglap gelýär diýýärler. Biziň ahyretimiziň ulylygy hem bu dünýe ene garny ýaly bolsa,ol dünýä ýer şary belki ondan hem ulydyr. Tymsaldan görünşi ýaly ene garnynda bu dünýädäki boljak zatlara ynanmaýanlar,bu dünýä gelensoňam ahyretdäki boljaklara ynananoklar ýöne ahyret hem hakdyr,barymyza Allatagala ýürekden ynanyp onuň ammallaryny ýerine ýetirip ahyretimizi gazanmak nesip etsin !
Ene garnyndaky söhbetdeşlik
Täzelikler,
setdars
tarapyndan
21-09-2023, 23:03