Uniwersitetleriň birinde mugallym sapaga şeýle başlaýar:
- Pikir ediň şugün dünýäniň iň soňky güni, ertir ahyrzaman diýeli. Indi bugün näme ederdiňiz?
Talyplaryň hersi jogap berip başlaýar:
- Soňky günüm bolsada namaza başlap, Alladan günälerimiň geçmegini dilärdim.
- Söýen adamym bilen razylaşardym.
- Maşgalam bilen wagtymy geçirerdim.
- Dostlarym bilen çagalykdaky ýaly futbol oýnardym.
- Günüň batyşyny we doguşyny synlardym.
- Iň gowy görýän zatlarymy ederim.
- Hemme ýakynlarymy nahara çagyryp gülüşüp degişerdim.
- Iň bir gidesim gelýän ýere gidip, şol ýerde ölümime garaşardym.
- Göwnüne degen adamlarymdan ötünç sorardym.
Mugallym ýylgyryp talyplara şeýle diýýär:
- Şu zatlary etmek üçin ahyrzaman gerekmi?!

Internet sahypalaryndan toplap ýetiren - Perhat Sabirovv

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, PerhatSabirov tarapyndan 1-10-2023, 15:13

  • Azasdym.,? Azasdym.,? off № 1 1 октября 2023 16:01
    Dogry hic hili ahyrzaman gerekdal. Kopler is bln kopler okuw diyip yakynlarna ene-atasyna wagt tapmaya menem ahli agyny garyndaslarmyz bln bir sacagyn basynda gulsip degisip otyrmany halayan.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 2 1 октября 2023 17:03
    Edil şeýlek sitata bardy "Her günüňi iň soňky güniň ýaly ýaşa" diýen munyň mümkinçiligi ýok ýagny her gün palow iýiberseň bir gün bizar bolşuň ýaly hergün özüňi beýdip aldamakdanam irersiň. Dogry ýaşamak üçin özüňe dogry gönükme almaly. Dogry gönükme bolsa "Yslam" dininde bar..
    Jogap
  • PerhatSabirov PerhatSabirov off № 3 1 октября 2023 23:05
    Hany beýleki agzalarda pikirler ýokmy?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 2 октября 2023 00:35
    Perhat Sabirovv,
    Men aýdaýyn ondo. Howwo gerek. Ahyrzaman gelip duranny görübem äwmeýän adamlaryň bardygna garantiýa berýän.
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 5 2 октября 2023 01:08
    Kop aydylyan soz bar "birinin gadyryny yitirende bilersin" dp arasynda oz yakynlarymyza wagt ayyrmaly nahili isli bolsagam basagay bolsagam wagt tapmaly uzakda bolsak mahribanlarymyzdam habar alyp durmaly sebabi olar yatlaya garasya islendik wagt islendik zada gic bolmagy ahmal her adamyn her bir zadyn her bor sekundyn gadryny bilmeli
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 6 2 октября 2023 01:50
    Bir gun ederin bir gun giderin bir gun yeterin dalde son un ugrynda islemeli arzuwyn barmy amala asyrmak un ylgamaly bu gun bu gun bilen omrin nadip geceninem duymayan
    Jogap
  • PerhatSabirov PerhatSabirov off № 7 2 октября 2023 02:01
    ýüreksözi,
    Käbir adamlar şol ýörelge bilen ýöresedi, gör biziň durmuşymyz nähili derejede gözel bolardy:(
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 8 2 октября 2023 08:32
    adamlaryň bardygna garantiýa berýän.

    Garantiya goyup adamam satyp basladynmy indi.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 9 2 октября 2023 09:59
    Dowsypat.,
    Howwa ?. Gitsinlerdeý. Biz bolsa çaý içip karta oýnap birzatlara güýmenip ýataly ?
    Jogap
  • hacer hacer off № 10 3 октября 2023 20:47
    Mena soyyan kisim bilen oylenerin
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler