Aglap gyzarypdy eýýäm gözlerim,
Gözýaşlam galamdan akýar syrygyp.
Uzyn gije söýgimiziň şanyna,
Meniň bilen ýel aglady gygyryp.
Bagtym.
Wah, şol meniň ejizje bagtym,
Seni ellerimde saklap bilmedim.
Meniň bu halymy uzakdan görüp
Aýt!
Näme üçin bagtsyzlygmy geňlediň?
Şol oglan bolupdy bagtyma sebäp,
Aýyňam bu bagta gözi giderdi.
Gijelerne ýapraklaryň içinden
Jyklap bize gizlinden syn ederdi.
Aýryldyk.
Aralyk daşlygy üçin,
Edil süýnen ýaly gökde ýyldyzym,
Bir seni, ýeketäk seni ýürekden,
Söýdüm.
Söýerinem mydam ýalňyzym.
Baglamaly boldum özgä durmuşym,
Meň başyma ertir atarlar kürte.
Hemme begense-de bu boljak hala,
Aslynda söýgimiň ýasydyr erte...
Ertir toýy boljak gyzyň nalasy....
Edebiýat,
Sahedowa
tarapyndan
9-10-2023, 15:21