ENKI WE MARDUK AÝA GIDÝÄR
Ýeriň agyrlyk güýji Lahmunyňkydan has güýçlidi; ony ýeňmäge güýjümiz ýetmez. Gyssanmaç bir karara geleliň. Ýakynda Ýeriň ýoldaşy bar, ýagny Aý. Çekiş güýji has kiçi we onuň üstüne gonmak kyn bolmaz. Aralykdaky gonalga diýip düşüneliň ony. Men we Marduk (Enkiniň ogly) o ýere baryp gaýdaly. Patyşa Anu bu iki sany plany alymlaryň we maslahatçylaryň öňünde çözsünler diýip goýdy. Olar ilki Aý barlansyn, diýip maslahat berdiler. Anu Enki we Enlile ''Ilki Aý barlansyn'' diýip ses ugratdy. Enki bu habary eşidip begendi. Aý oňa hemişe enaýy görünýärdi. Onda suw barmy ýa ýokmy? Nähili atmosferasy bar? Hemişe şulary bilesi gelýärdi.
Ukusyz gijelerde onuň kümüşsow reňkine, togalaklygyna jadylanan ýaly synlaýardy. Onuň Gün bilen oýnaýandygyny, onuň dogup batyşy täsin bolup görnüpdi. Enki we Marduk kosmos gämisine münüp Aýa tarap ýola rowana boldylar. Ýeriň ýoldaşynyň daşynda üç sapar aýlandylar; aždarhanyň salan ýarysyny barladylar.
AÝ GONALGA ÜÇIN ÝARAWSYZLYGY BELLI BOLÝAR
Aýyň ýüzi iblisleriň urup galdyran eserlerinden ýaňa diňe çukurlardan hem dilik-deşiklerden doludy. Depeleriň çykyp duran ýeriniň ortarasyna Kosmos gämisi gondy.
Gonan ýerlerinden Ýeri, ümmülmez gökleri synladylar. Bürgüt kaskalary, howpsuzlyk geýimlerini guşandylar, atmosferasy, howadan dem almaga amatsyzdy. Daş-töwerege aýlandylar, bir ýana, soň beýleki bir ýana aýlanyp gördüler. Erbet aždarhanyň galdyran eseri erbet zyýan ýetiripdir.
''Lahmunyň üstünden beter bu ýerler'' diýdi Marduk kakasyna.
Marduk sözüniň üstüne şulary goşdy: ''Terk edeli bu ýerleri Ýere dolanyp baraly''. Enki bolsa: ''Nirä howlugýaň, Ýeriň, Aýyň we Günüň gök tanslary seni jadylanokmy? Bu ýerden synlanymyzda bize päsgel berýän zat ýok.. Günüň çärýegi ýakyn geldi, Ýer boşlukda sallançak ýaly asyl-asyl bolup durdy.
AÝ WE GÜN SISTEMASY WE WAGT HASAPLARYNYŇ ÜSTÜNDE IŞLENÝÄR
Görýän täsinliklerinden haýran galan Enki ogly Marduka şeýle diýdi: ''Uzakdaky gökleri enjamlarymyz bilen ölçäris... HEMME ZADY ÝARADANYŇ täsin eserini özümiz synlap bileris. Galaly aýlawlary hasaplaly; Aý Ýeriň daşyndan nähili liniýadan ýörär? Ýer Günüň daşyndan nähili liniýadan hereket eder?''
Marduk ňakasynyň aýdanlaryna razy boldy. Kosmos gämisinde ýaşamak üçin ýer taýynladylar. Ýeriň bir aýlawy, Aýyň bolsa üç aýlawyna deňiç galdylar. Aýyň Ýer daşyndaky hereketlerini ölçediler, bir aýyň wagtyny hasapladylar.
Ýeriň alty aýlawy, Ýeriň daşyndan on iki aýlaw boýunça Ýeriň ýylyny hasapladylar. Bu ikisiniň nädip biri-birine aýlanyp yşykly diskleriň gözden
ýitişini bellige aldylar.
Soňra Günüň çärýegine üns berdiler; Mumunyň we Lahmunyň ýollaryna syn etdiler.Ýer we Aý bilen Lahmu, Günüň ikinji çärýegini düzdi. Suwly gök barlyklaryň üsti-asty alty gatdy ( Asteroid guşagynyň Güne ýakyn bolan bölegine aşaky suwlar, uzakdaky bölegine bolsa ýokary suwlar diýýärler).
Enki Marduka şeýle diýip düşündirdi. Alty gat ýokarky suwlaryň gök barlyklary; böwet bolan döwülen bilezigiň aňyrsynda. Anşar (Saturn) we Kişar (Ýupiter), Anu (Uran) we Nudimmud (Neptun), Gaga (Pluton) we Nibiru dagylar şol altylar. Jemi on iki bölekdir.
ÝYLDYZLARYŇ GEÇIŞ ÝOLY ATLANDYRYLÝAR
Gün we maşgalasy on iki sanydy. Marduk kakasyndan iň soňky ÝYKAN ÝUMRULŞYK hakynda soraýardy. Näme üçin ýedi sany gök barlyklar öz gezekli-gezegine düzülip ýer aldylar? - diýip ol ýene kakasyndan sorady.
Enki bolsa Günüň daşynyň aýlaw sany hakynda pikir etdi.
Olary wujuda getireniň, Günüň daşynda peýda eden zynjyrlaryny üns bilen barlady.
Zakariýa SEJIN
Terjime: @Jeksparrodan
Sümer Plita ýazgylary (7-nji plita dowamy)
Edebiýat,
Jekwarabey
tarapyndan
9-10-2023, 23:58