Mesjid-i Aksa-ny gördüm düýşümde,
Bir çaga ýaly-dy, hem aglaýardy.
Baryp gapysyna mañlaýmy goýdym,
Göýä, bir ýer asty bahr-y joşýardy.
Gözlerim ýollarda garaşyp ýörün,
Nirde doganlaryñ diýýärdi bir ses,
Ilk Kyblasy mendim, beýik Nebi-niñ,
Unutdymy ýa-da muny ähliñiz.
Burak aldow saldy ýörelerinde,
Miraja ýol beren badalgadym men.
Kutsallygym belli şäher adymdan,
Çar ýana nur saçan uly bir tagtdym.
Nirde ozalky deý müñlerçe mömin,
Ýürekler bir bolup maña gelerdi.
Hemşehrim Nebîler sarpasy üçin,
Jogaba gowuşan dogalar bardy.
Indi hiçkim gelmez meniñ ýanyma,
Mömine intizar, ýeke ýalñyz men.
Şemal hem süpürmez, gözde ýaşlarym,
Çöllerde ýiten bir ýetim wãha men.
Mesjid-i Aksa-ny gördüm düýşümde,
Äkit musulmana salam diýýärdi.
Aýralyga sabrym galmady elde,
Gujaklasyn meni Yslam diýýärdi.
Mehmet Akif İNAN.
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Mesjid-i Aksa — Kudüs(Palestinýa) şäherinde ýerleşen Mesjid-i Aksa Yslamyñ üçünji mukaddes ýeridir. Metjit, Yslamda Al Aksa birleşigi ýa-da Haram esh-Sharif diýilip bilinýän "Tapınak" dagynyñ üstünde gurulandyr.
°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°
Nebi — (ﻧﺒﻰ) i. (Arap s. neb’ “habar bermek” sözünden nebі) Allahyñ buýrugyny gullaryna ýetirýän. Pygamber.
°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°
Nebîler — özlerine kitap indirilmän, özlerinden öñki şerîaty teglib eden Pygamberlerdir. Bu häsiýetleri bilen kitap ýazan resüllerden tapawutlanýarlar.
°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°
Wãha — (ﻭﺍﺣﻪ). (Arap s. vāḥa). Çölüñ ortasynda suw we bag bolan, ekerançylyk we ýaşamak üçin oñaýly ýer.
°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°
Kutsallyk — Mukaddeslik.
°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°
Miraj — (ﻣﻌﺮﺍﺝ) i. (Arap s. ‘urūj “yokaryk çykmak, beýgelmek” sözünden mi‘rāj “basgançak”).
°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°
Hemşehri — (ﻫﻤﺸﻬﺮﻯ) (Pars s. hem- sözi, şehr sözi bilen goşulmagy netijesinde hem-şehrі) Bir şäherden ýa-da bir ýurtdan bolan adamlaryñ her biri.
°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°
Ýöre — (Oguzça — ýakyn töwerek) Bir sebitiñ belli bir ýeri öz içine alan araçäkli bölegi.
MESJİD-İ AKSA [ Türk edebiýatyndan terjime ]
Edebiýat,
setdars
tarapyndan
15-10-2023, 10:43