Bu gün ýedi bäşi galdyryp yzda,
Barýaryn ömrüme minnetdar bolup,
Il-güne, döwrüme minnetdar bolup.
Meni dünýä beren enem-atama,
Saglyk diläp, ýaş diläp.
Bu gözel ýaşaýşy, gözel durmuşy,
Aýdym bilen, goşgy bilen hüwdüläp.

Dogluş hakyndaky resminamamda
Ýazylan bolsa-da anyk sene, san.
Men ömrüñ her güni täzeden doglup,
Ähli zady başdan başlap ýaşaýan.

Şonuñ üçin bir zat diýsem geñlemäñ,
Ýene bir hasap bar adatdan daşda.
Kesgitli jogaby bermäñ, sebäbi
Ömür ýaşym başga,
Öz ýaşym başga.

120 ýaşa mätäçligim ýok,
Ony her gün ýaşaýaryn esseläp.
Dileg etmek isleseñiz uzak ýaş
Onda maña däl-de meni ýaşadýan:
Ynsan üçin,
Söýgi üçin,
Ynam üçin dileg ediñ, wessalam.

Her bir günüm gutlanmaga mynasyp,
Her bir günüm - asyrlara deñ günüm.
Aýlary, ýyllary biljek däl, ýöne
Bu gün doglan günüm,
Bu gün meñ günüm!
Gurbanjemal ANNAKOWA.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, kone natanysh tarapyndan 16-10-2023, 12:37

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler