Gije sagat iki ekeni. Meýdanda şu ýylky çaga pişigim myýawlady. Gapyny aç diýip
gygyrdy.Açdym.Jaýa girdi. Bir meýdan myrlap bizar etdi. Onsoň turyp bir-iki setir
ýazaýyn diýdim.Güýmenip galypdyryn. Bir seretsem, ýaňky çaga pişik diýýänim
meniň ýerimi eýeläp uzyn düşüp ýatyr ýorgan düşegimde. Hemişe diýen ýaly şeýle
edýär.Nahar iýenimde hem gapdalymda bar.Elimdäki mazaly zatlardan tamakin.Delminip
otyrýar. Bile iýeli diýip.
Hemme zatdan diýen ýaly meni gysyp çykarmana ymtylýar. Onsoň men özüme sorag berýän.
Indi bolsa size. Näme üçin men hemme ýerde artykmaç. Hatda şu çaga pişigiňem maňa
göwüni ýetenok. Ýogsa ol şeýle edermidi?. Indi men nirede ýatmaly. Ýorgan-düşegimi oňa
berip özüm bir gapdalda ýatmalymy?. Depip göýbermäne halym ýok. Gysylyp ýatmanada mejalym.
Siz meniň ýaly däl bolsaňyz gerek. Depip göýberýänsiňiz. Onsoň pişigiňiz
öz ýtmaly ýerini anyk bilýändir.
Meniň pişgim bolsa özüni hanyň gyzydyryn öýüdýär. Abşanaklap ýöräp halan işini edýär.
Durmuşda nähili diýip soraýaňyzmy? Durmuşda hem şeýleräk. Hemmeler meni gysyp
çykarmana ymtylýan ýaly. Ýöne menem ýuwaşlardan däl. Öz ornymy bermejek bolup
ymtylýan. Bar güýjüm bilen. Ýaman däl. Netije berýär. Sizede maslahat berýän. Öz
ornyňyzy özgelere bermezligi. Bu aňsat iş däl. Okamaly. Işlemeli. Ösmeli.
Şeýle diýip size ynanýanam welin asla siz öz ornuny aldyrýanlardan dälde belki
biriniň ornuny gapyl eýeleýänlerden bolsaňyz näme ederin. Biderek tama edip otyranlardan
bolaryn onda. Göz öňüne getiriň. Ogra baryp arz edýäňiz meniň zadymy ogyrladylar
diýip. Ogry bolsa siziň gaşyňyzda otyr. Içini güldirip.Siziň agyňyza.
Pişigime gaýdyp gelýärin. Özüni gopbamsy tutsada men ony gowy görýärin.
Özüni gopbamsy tutsada mensiz onuň tiz heläk boljagyny bilýärin. Ol hem bilýän
bolsa gerek. Özüniň ejizdigini mensiz. Ýogsa gelip myrlamzady meniň ýanyma gelip.
Hawa durmuşym şeýleräk. Pişigimiň ady bolsa Akja.
Hoş sag boluň.
Hanyň gyzy ýaly
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
16-10-2023, 12:59