Ýollar uzar—
sabrym synagdan geçer,
Ýyllar uzar—
ruhum synamdan geçer,
"Myhman uzar"—
Adym zybandan geçer,
Ýöne bil senden geçmen!

Goý, uzasyn
ýollar yşgymdan ejiz,
Ölüm! Yşkymdan ejiz,
Hem Ol düşüner Eziz,
Sensiz Eremge geçmen.
Men senden geçmen!

Bagyşla! Saňa çenli sen dällerden
göwün suw içer,
kelläm ýerinden göçer,
joşgunum hetdinden geçer...
Ýöne soňra baram bir
Ýüregim o ýerlerden
Ylgap,
Dyzap,
Aýak ýalaňlap gaçar!

***

Entek sen "juda ýaş", doglaňok hat-da,
Emma bilýän dogularsyň meň üçin.
Meniň saňa duşaýmaly şol günüm,
Bilersiň sen dünýä geleniň neçün.

Men özümi saňa şeýle bagladym,
Sen onuň sebäbin gözlem diýersiň.
Sessiz gizlin "Ýarym!" diýip, aglasam,
"Erkek aglamaz-la. Döz gel!" diýersiň.

Bolar-bolmaz daňa çen kän samyrdap:
Ýüregiňde kä şatlygy oýaryn,
Kä ünjüler düzerin.
(Serhoş halym diňe sen-ä düşünýän)
Bir gün menem bulaň baryn goýaryn,
Seniň bilen bir düýşi görmek üçin
Başym başyňa degrip,
Demim demiňe öwrüp,
Bir ömürlik ukudaşyň bolaryn.

Kaýyl däl men "telefondaky sen"-e,
Pynhan duşuşukda gizlenen heňe...
Sesiň duýmak ajap–
Özüň duýmak welin humarly ejap.
Goýbereli "nika çaparyn" tijäp.


Şyhnazar Durdyýew.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, _Bayat tarapyndan 20-10-2023, 05:15

  • Ak-sary Ak-sary off № 1 20 октября 2023 16:49
    Şu oglanda birzat bar ýa ol görnenok.yada görkezenok.yada goremzok...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler