Şol gün hem biziň gahrymanymyz Basym Millioneriň ýaşaýan şäherçesine tarap ýola düşdi. Täsin, diyip ol ýolda barýarka pikire batdy, millioner garaşylmadyk myhmany kabul edermikä? Munuň üstesine-de, ol baýlygyň syryny açmaga döwtalap bolarmyka?Baryp Basym Millioneriň öýüniň bosagasynda ýaş adam bilesigelijilikden ot alyp, saklanyp bilmedi. Daýysynyň duýdurandygyna garamazdan, ol bukjany açdy we ilkibada daýym ýalňyşandyr ýa-da üstümden gülendir öýdüp pikir etdi: bukjada sap arassa kagyz bardy!Lapy keç bolan ýaş adam bu zatlaryň ählisini goýbolsun edip, yzyna dolanmak isledi, emma eýýäm giçdi: garawul gelen adamy görüpdi. Garawulyň sarsmaýan galany aňladýan ýüzünde hatda ýylgyrmagyň sähelçe-de nyşany ýokdy.--Size näme kömek edip bilerin?—diýip, garawul guraksy sorady.--Men Basym Millioner bilen duşuşmakçydym...--Ol siziň bilen duşuşmagy gepleşipmidi?--Ýok, ýöne...--Sizde hödürnama haty barmy?—diýip, garawul soraýar.
Hat bardy, ýöne onda ýeke setir hem ýazylmandy. Uzak pikirlenip durman ýaş adam ýagdaýdan çykalga tapmak kararyna geldi we jübüsinden bukjanyň bir ujyny görkezip, ony dessine yzyna saldy. Garawuly bu ýagdaý kanagatlandyrmady.--Haýyş edýärin, haty görkeziň.Biziň gahrymanymyz kyn ýagdaýda galdy. ―Eger men öňa daýymyň hatyny bersem, ol, megerem, meniň üstümden güljek bolýarlar diýip pikir eder, eger şeýle pikir etmese-de bary bir meni goýbermez.‖ diýip, ol pikir etdi. Ine, şu ýerde-de ol daýysynyň aýdan, emma özüniň düşünmedik sözlerini ýadyna saldy:‖Eger sen haty okasaň, sen ony okamadyk ýaly özüňi alyp barmaly bolarsyň‖.Biziň gahrymanymyza başga çykalga galmandy. Ol jübüsinden haty çykardy-da, ony garawula berdi. Ol, hamala, ony okady, emma şol pursat onuň ýüzünde hiç hili duýgy alamaty duýulmady.--Örän gowy, girip bilersiňiz.—diýip, ol aýtdy.Ol ýaş adamy kaşaň oýüň girelgesine alyp geldi. Gapyny birkemsiz geýnewli hyzmatkär açdy. --Size näme gerek.—diýip, ol sorady.--Men Basym Millioner bilen duşuşmakçydym.--Ol häzir boş däl we sizi kabul edip bilmez. Baş üstüne, bagda garaşaýyň. Gapy hyzmatçysy ýaş adamy esasan seýilgähe çalym edip duran, merkezinde howuz ýerleşýän bagyň girelgesine çenli ugratdy. Ýodajyklar bilen gezelenç edip weajaýyp daragtlary synlap, ýaş adamyň gözi daşyndan seredeniňde ýaşy ýetmişden hem agan goja—gülüň uçlaryny çyrpyp ýören bagbana düşdi. Giň etekli saman şlýapa onuň ýüzüni ýapyp durdy. Baga gelen adamy görüp, bagban öz işini goýupdyr we oňa seredip ýylgyrypdyr. Onuň ýiti, şadyýan gök gözleri ýaşlyk hyjuwy bilen şöhle saçýardy.--Sizi bu ýere näme alyp geldi.—diýip, bagnan mähirli soraýar.--Men Basym Millioner bilen duşuşmakçydym.-- Düşnükli. Eger gizlin bolmasa näme sebäpli?--Bilýäňizmi näme, men...Düşünýäňizmi, men ondan maslahat soramakçydym...--Düşnükli...
Bagban öz gülleriniň ýanyna dolanyp barmakçydy, emma birden pikirini üýtgedip, gelene ýeýle sowal bilen ýüz tutdy:--Ýogsam-da bolsa, sizden bir bäşlik tapylmazmy?--Bäşlik?—diýip, ýaş adam gyzaryp, ondan gaýtalap sorady.—Mende diňe...diňe 5 funt bar, ol mende bar bolan ähli pul.--Örän gowy. Maňa şondan köp pul gerek hem däl. Bagban bu ýaş adamdan onuň iň soňky puluny almaga mähetdeldi, emma, geň galaýmaly, şeýle ýagdaýda-da onuň daşky sypatynda nähilidir bir asyllylyk, beýan edip bolmajak özüne çekijilik bardy.--Men höwes bilen bererdim, ýöne beýtsem, soňra mende yzyma dolanmaga pul galjak däl.—diýip, ýaş adam aýdypdyr.--Siz näme şu gün yzyňyza dolanmakçy bolýaňyzmy?--Ý-ýok...Has dogrusy nahiliboljagyny heniz bilmeýärin.—diýip, ýaş adam has aljyrap hüňürdedi.—Men Basym Millioneri görmän yzyma dolanyp biljek däl.--Eger şu gün size pul zerur däl bolsa, näme üçin siz ony maňa karz bermäge çekinýärsiňiz? Ertir hem olar size zerur bolmaz. Kim bilýär, belki siz ertir millioner bolarsyňyz.Bu sözler ýaş adam üçin mantyga gabat gelmeýän ýaly göründi, emma başga bir bahanalary ol tapyp bilmedi. Ol puluny çykaryp bagbana berdi. Gojanyň ýüzi ýylgyryşdan ýagtylyp gitdi.--Adatça adamlar bir satlar soramakdan ýaýdanýarlar, haçanda karara gelenlerinde bolsa, olara tutanýerlilik ýetmeýär. Munuň özi uly ýalňyşlykdyr.Şol pursat bagda hyzmatkär peýda boldy.--Ser,--diýip, ol goja uly hormat bilen ýüzlendi.—Siz maňa 5 funt berip bilmersiňizmi? Aşpez işden çykyp gidýär we doly hasaplaşmagy talap edýär, mende bolsa 5 funt ýetenok.Bagban ýylgyrdy we jübüsine elini sokup, ondan galyň, birnäçe müň funtdan ybarat pul daňysyny çykardy—ýaş adam olaryň arasynda ýigrimi we elli funtlyk pullaryň bardygyny görüp ýetişdi. Ol bu ýere geleniň şeýle kynlyk bilen bermäge mejbur bolan 5 funtlyk puluny olardan sogrup aldyda hyzmatkärine uzatdy. Ol minnetdarlyk boldirdi, baş egdi we çaltlyk bilen hem bu ýerden gitdi. Ýaş adam tolgundy. Nähili bihaýalyk—haçanda öz jübiň puldan doly wagty iň soňky 5 funtuňy almaklyk—bu akla syganokdy.
--Näme üçin siz menden pul soradyňyz?—diýip, ol bar güýjüni gaharyny sakllamaga sarp edip, hüňürdedi.—Olar size zerur hem däl ahyryn.--O nähili ―zerur däl‖,--diýip, bagban garşy çykdy.—Serediň, mende ekeje-de 5 funtlyk pul ýokdy.---Ol bir bogy pullary gözden geçirip, düşündirmäge durdy.—Men oňa 50 funtlyk puly berip bilmezdim ahyryn, dogry dälmi?--Aýtsaňyzlaň, näme üçin şonça puly öz ýanyňyzda göterýärsiňiz?--Bular meniň sowalga pullarym,--diýip, bagban jogap berdi.—Men mydama-da gapjygymda 10 müň funt puly saklaýaryn. Ýöne şeýle, bir iş ýüze çakaýsa gerek bolar.--10 müň?—diýip, ýaş adam gümmi-sümmi etdi.Ahyrsoňunda-da, ol düşündi. Diýseň mylakatly hyzmatkär, jübüsinde bolsa ummasyz köp möçberde pul... --Siz Basym Millioner ahyryn, şeýle dälmi?--Häzirki wagtda şeýle.—diýip, bagban aýtdy.—Sizi görenime şat. Aýtsaňyzlaň, sizi kim bu ýere iberdi?--Meniň daýym. Ol bir wagtlar siziň onuň bilen öz syrlaryňyzy paýlaşandygyňyz barada aýtdy. Siziň bu syry ilkinji ynanan adamyňyz meniň daýym bolmaly. --Hawa-la, meniň ýadyma düşýär. Bu ir wagtlar bolupdy. Diýlişi ýaly, ähli zehinli adamlar kimin, ol aýratyn üýtgeşik pikirlenmegi başarýardy. Siz näme, siz näme üçin şu wagta çenli baýap bilmediňiz? Haçan-da bolsa bir wagt siz özüňize şu sowaly berip gördüňizmi?--Umuman, ýok.-- Ine şundan-da başlamak gerek. Eger isleseňiz, bu babatda , hut häzir açyk pikiriňizi aýdyň, men blolsa siziň pikirleriňiziň akymyny yzarlaýyn.Ýaş adam birnäçe ýygra, şowsuz synanyşyk etdi we aljyrap dymmaly boldy.--Gördüňizmi,--diýip Basym Millioner aýtdy.—Siz öz pikirleriňizi daşyňyzdan aýtmaga endik etmedik adam. Siziň ýaşyňyzdaky adamlaryň arasynda hakyky baý adamlar az däl. Käbirleri birwagt millioner boldular, beýlekileri indi-indi özleriniň ilkinji millionlaryny gazanyp başladylar. Ýeri gelende aýtsak, haçanda Aristotel Onassis, şol wagt onuň 26 ýaşy bardy, Günorta Amerikadan Angliýa gämi gurluşyk imperiýany döretmek arzuwy bilen gidende, onuň bank hasabynda eýýäm 350 000 funt bardy. --26 ýaşda?—diýip, ýaş adam gaýtalap sorady.
--Hut şeýle. Ol bary-ýogy iki ýüz elliden başlapdy. Uniwersitet bilimi-de, tejribesi-de, hiç hili goldawy-da ýok... Dogrusy günortanlyk edinmeli wagt boldy,--diýip, goja öz gürrüňiniň arasyny kesdi.—Maňa ýoldaş bolasyňyzmy?--Köp sag boluň, höwes bilen.Basym Millioner yzyna öwrüldi we öýüne tarap ugrady. Ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan, ol giň ädimler bilen ädimläp ýöräp barýardy. Ýaş adam onuň yzyna düşdi. Naharhanada olara eýýäm iki adamlyk stol taýýar edilipdi. --Baş üstüne, oturyň,--diýip, millioner myhmana adatça hojaýyn üçin stolda niýetlenilýän orny—çep gyrany görkesip aýtdy.Onuň özi sagda, ýüzüne oýulyp ―Wagt puldyr‖ diýip ýazylan çäge sagadyň edil garşysynda ornaşdy. Hyzmatçy bir çüýşe çakyry açdy we ondan bulgurlara guýuşdyrdy. --Siziň ilkinji millionyňyz üçin içmegi teklip edýärin,--diýip, millioner bulguryny galdyryp durşyna aýtdy.Ol tutuş oturyşlygyň dowamynda ilkinji we iň soňky owurdyny içdi. Nahary-da ol örän çäkli iýdi, işdäli taýýarlanylan los etinden birnäçe bölejik iýdi.--Siziň işiňiz özüňize ýaraýarmy?—diýip, millioner myhmandan sorady.--Ýaraýarmyka diýip pikir edýärin.--Munuň hakykatdan-da şeýledigine siziň ynamyňyz barmy? Şu wagta çenli meniň bilýän millionerlerimiň ählisi—uzak ýyllaryň dowamynda maňa şeýle bir köp millioner bilen duşuşmak miýesser hem etmedi—öz işini söýýän adamlardy. Iş olar üçin dynç alyş ýaly bir zatdy, edil güýmenje ýalydy. Şol sebäpli-da baý adamlar gaty seýrek dynç almaga gidýärler. Özüňe jeza bermek we öz halaýan zadyňy taşlap gitmek nämä gerek? Şol sebäpli-da olar işlemeklerini dowam etdirýärler, eger hatda olar ençeme million gazanan bolsalar-da şeýdýärler...Ýeri gelende bellesek, işe söýgi—bu örän möhüm zat, ýöne ol ýeterlik däl. Baýamak üçin bir syry bilmeli. Hany, aýdyň, ahyrsoňy siz şeýle syryň bardygyna ynanyp başladyňyzmy?--Hawa.--Örän gowy.Ilkinji ädimi siz ätlediňiz. Adatça adamlar hiç bir syryň bardygyna ynanmaýarlar. Mundan daşary-da, olar baýap boljakdygyna asla ynanmaýarlar. Olar mamladyrlar: kim üstünlik gazanjakdygyna ynanmaýan bolsa, ol gazanyp hem bilmeýär. Şeýle hereket etmek gerek: ilkibaşda öz güýjüňe ynam gerek, soňra bolsa maksadyňa ýetmek üçin çyn ýürekden yhlas gerek. Ýöne, size aýdaýyn, örän az sanly adamlar, adatça, köp adamlar meniň syrymy, eger men hatda ony ýönekeý sözler bilen düşündirsem-de,kabul edip almaga taýýar däl. Bilýäňizmi, olara näme päsgel berýär? Arzuw-hyýalyň ýeterlik dälligi.Şonuň üçin-de baýlygyň hakyky syry—dünýäde iň uly syr bolup durýar.
--Munuň özi Edgar Ponyň hekaýasyndaky hat bilen bagly waka çalym edýär,--diýip, Basym Millioner sözüni dowam etdi.—Ýadyňyza düşýärmi? Polisiýa işgärleri öýden bir haty gözleýärler, tutuş öýi agdar-düňder edýärler, emma bary bir haty tapyp bilmeýärler, çebäbi hiç kim ony gizlemändi, ol iň göze görnäýjek ýerde ýatyrdy. Bu hekaýa Emersonyň ýörelgeleriniň birine ajaýyp goşundy. Polisiýa haty hyýala getirmegiň ýetmezçiligi sebäpli tapyp bilmeýär. Ýa-da bolmasa, başgaça aýtmaly bolsa, ozaldan gelýän ýalan ynam sebäpli.Olar gözlenilýän hatyň aç-açan görünäýjek ýerde ýatyp biljekdigine garaşmaýardylar, şol sebäpli-de olar ony nazardan sypdyrypdylar.Ýaş adam dykgat bilen, barha artýan gyzyklanma bilen ony diňleýärdi. Hiç kim we hiç wagt oňa şeýle zatlary gürrüň bermändi. Onuň çaltrak gymmatly syry bilesi gelýärdi. Ol bir zada ynanýardy, eger hatda millionerde hakykatda hiç hili syr ýok bolsa-da, bary bir ol parasatly, hatda çylşyrymly zatlary-da ýonekeý we düşnükli düşündirip bilýän gürüňçil adam.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, yakup 8B tarapyndan 20-10-2023, 20:10

© Islenen.ru - Düzgünler