Adaty zatlardan ýüregim gysýar,
Köp zatlary alamogam piňime...
Aý üstüne giden bolardym birwagt,
Ýöne Ýerde ýakyn saýýan özümi
Kimdir birine...

Sesim ýetdiginden aýdym aýdýaryn,
Çekjek bolup ümsümligiň ünsüni.
Yhlaslarym puç bolupdyr, owarram!
Gorkýan bilip-bilmän ýykaryn öýdüp
Umydymyň göwnüni...

Suwa bakyp öz keşbimi synlaýan,
Seredip gözlermiň garajygyna.
Goý, başgalar näme diýse diýsinler!
Men saňa söz berýän, söz berýän, kalbym!
Seni aýajagyma!

Arşda guşlar menden beter elenýär,
Olaryňam derdi ýetik çemeli.
Menem bir pel-pelläp uçsadym Gökde,
Çünki Ýerde söýen duýgularymyň
Baram emeli.

02:45
21.10.2023.
GUWANOWA ENEMÄHRI

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Garlawaç tarapyndan 22-10-2023, 01:52

  • Abat Abat off № 1 22 октября 2023 22:25
    Duýgularym täsirlenýär, goşgularyňy okanymda))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler