"Ynha,seni söýýänime göz ýetiren günümiň üstündenem 2 ýyl geçdi. Bu wagt aralygynda men mundan öň hiç wagt tagamyny dadyp görmedik duýgularymyň ençemesini başdan geçirdim. Bilýäňmi seni şeýlebir göresim gelýär. Käte bu duýgy mende akyla sygmajak we söz bilen beýan edip bolmajak duýgulary oýarýar, ruhlandyrýar. Her duýgyny başdan geçiremde, täze duýgulary açyş edenimde, öz-özüme: "Diýmek söýgi...küýsemek azaby...aşyk bolmak şu eken-dä" diýip içimi gürledýän. Sen käte her sereden ýerimde, her sereden adamymyň keşbinde bar ýaly göz öňümde janlanýaň, käte-de sen hiç bir ýerde ýok ýaly sereden hiç bir adamyň keşbinde seni görüp bilmeýän. Käte hemişe ýüregimde seni göterip ýörenim, ruhum bilen seni duýýanym, bu dünýäde barlygyň üçin seni görmek asla gerek däl ýaly duýulýar. Emma söýgi dünýä gözi bilen görmegi talap edýän eken. Saňa sygynýan ýaly hemişe aklymda adyňy gaýtalamagym bilen ýetenok eken, muňa doly göz ýetirdim. Bir adamyň ruhuny söýseň onuň daşky görnüşi, bedeniniň gurluşy, dini, reňki,gürleýän dili,ynançlary seni asla gyzyklandyrmaýan eken. Nähili täsin, şeýle dälmi? Men hem şeýle bir bir adamyň ruhuna aşyk boldum. Sen muny hiç duýmadyk bolmagyň mümkin, belki men duýdyrmak islän däldirin. Sebäbi men saňa öz söýgümi beýan etsem, saňa aşykdygymy, ýylgyrşyňa- bakyşyňa aşykdygymy, ýanymda barkaňam seni göresim gelýändigini emma saňa seretmägede dözmeýändigimi aýtsam maňa düşünmezligiňden gorkdym. Meni söýmek üçin ýekeje ikirjeňlenmegiňden, oýlanmagyňdan, men tarap, söýgüm tarap basan ädiminde yzyňa seretmegiňden gorkdym. Sen belki meni söýüp bilerdiň, maňa söýülmek duýgusyny bagş edip bilerdiň emma ýene-de gorkdum. Men şu ýagdaýyma-da kaýyldym. Sebäbi jogapsyz söýgüni men däl, ol meni saýlapdy. Eger-de maňa tarap, söýgümi tarap basan ädimiňde hiç hili puşmanlyk, birahatlyk,ikirjeňlenmek ýok bolsa onda gel. Gel we bu jogapsyz söýgi azabyndan meni halas et,ýüregime teselli ber....
Seni ýürekden söýüp galyjy aşygyň."
20nji awgust
Bu hat awgust aýynda ýazylypdyr. Diýmek Jennediň durmuş toýundan 1 ýyl öň ýazylypdyr-da. Emma bu hat eýesine gowuşmandyr. Hawa gynansak-da Jennet bu hatdan we Myradyň ony halaýanyndan habarsyzdy. Men bu haty agamyň özi üçin gadyrly zatlary saklaýan gutujygyndan tapdym. Gutujukda hatdan daşary kakamyň Myrat entäk 13 ýaşdaka oňa sowgat eden jübi fonary, ýüzmek bäsleşiginde gazanan medallary, ejemiň köneräk bir suraty we meniň kiçijik wagtym ýalňyşmaşam 2 ýaş wagtym saçyma dakan bogujym bardy. Ony näme üçin gutujykda saklapdyr, ýada meni şeýle gowy göreni üçin kiçiligimiň bir parça ýatlamasy üçin saklap goýdumyka?...Bu hat eýesine gowşanda belki Jennet başga biri bilen durmuş gurmazdy, Myradyň duýgularyny düşünerdi, ony söýmegem ahmaldy. Myradyň şol ýyl näme üçin birden howlukmaç ýagdaýda daşary yurda okamak maksady bilen gidendiginiň sebäbini bildim. Ol söýen gyzyny toý lybasda görmek islemändir-dä. Belki: "söýen gyzym men üçin toý lybasy geýmese, onuň toýuna gatnaşmagyň hokmanlygy ýok" diýip bu ýerden baş alyp giden bolmagam ahmal.
Aradan 3 ýyl geçdi.Ol okuwynyň daşyndan Italiýa naharlary taýýarlanýan kafeda sazanda bolup işleýär. Ol şol günden soň saz gurallarynyň köpüsini ulanmany öwrenipdir. Myrat ökde sazanda Ol:"Her bir saz guralyndan bagtyýarlyk owazyny-da, gaýgyly owazyda çykaryp bolar. Ol diňeje sazanda we onuň duýgularyna bagly"diýýär. Onuň işleýän kafesyna söýgüliler, ýada durmuş gurmak teklibini aýtjaklar barýan eken. Elbetde Myrat bu söýüşenler üçin söýgi sazlaryny çalýan bolmaly. Onuň ýüregi nähili heňlenýärkä? Muny diňe Myradyň özi bilýär. Bilşimçe Jennedem örän bagtly. Belki Myrat oňa beýle bagty duýdyryp bilmezdi.
Men bir zada göz ýetirdim, biriniň ruhuny söýmek seni telbe, şahyr, hat-da sazanda hem edip bilýan eken. Esasysy özüňi elden bermezlik. Eger-de Myrat özüni jogapsyz söýgüniň hasratlarynyň akymyna oklan bolsady, ol şuwagt nähili ýagdaýa düşerdi. Ol bu azaplara döz gelmegi başaryp: "Hakyky söýenler söýlensizem soymegi başarýanyny" subut etdi.
© Abat AŞYRGELDIÝEWA
Söýlensizem söýmek başarylar
Edebiýat,
Abat
tarapyndan
23-10-2023, 08:32