Hezreti Äşe ( Allah ondan razy bolsun! ) gürrüň berýär:
On bir sany hatynyň oturup, ärleriniň ahwallaryny habar bermekde we bu meselede hiç bir zady gizlemejekdiklerine söz berdiler:
Birinjisi: Meniň ärim ( dik ) dagyň başyndaky hor düýäniň eti ýalydyr. Çykar ýaly aňsat däl, äkider ýaly semiz däl ( Ýagny ol aýal äriniň häsýetiniň erbetdigini, ulumsydygyny, maşgalasynyň ondan peýdalanmaýanlygyny yşarat edýär.
Ikinjisi: Men ärimiň habaryny paş edip bilmen. Sebäbi men ondan gorkaryn. Eger aýdyp başlasam uly-kiçi diýmän ähli zady aýtmaly bolaryn diýdi.
Üçünjisi: Meniň ärim uzyn boýlydyr. Geplesem talagymy alaryn, geplemesem asylyp goýularyn diýdi. ( Bu aýal äriniň aklynyň kemligini aýtmak isleýär ).
Dördünjisi: Meniň ärim arassa-asuda gije ýalydyr. Ne yssydyr, ne-de sowukdyr.Ondan ne gorkular, ne-de bizar bolunar.
Bäşinjisi: Meniň ärim içeri girse bars, daşary çyksa arslan kibidir. Öý işlerinden menden hasap soramaz diýdi.
Altynjysy: Meniň ärim iýende köp iýer, içende sümürer. Ýatanda saranar. Meniň halymy bilmek üçin köýnegime elini sokmaz.
Ýedinjisi: Ärim tohumsyzdyr. Hemme dert onuňkydyr. Kellämi ýarar , bedenimi ýaralar. Hemme zady toplap eline ilenini aýlap salar, diýdi.
Sekizinjisi: Onuň bedenini ellemek towşanyň bedenini elläniň ýaly ýumşakdyr. Gowy ysly ösümlik ýaly hoş ys bardyr diýdi.
Dokuzynjysy: Ärimiň diregi belentdir ( öýi rahatdyr ), gylyjynyň gyny uzyndyr ( uzyn murtlydyr ), ojagynyň küli köpdir, myhmansöýer adamdyr diýdi.
Onunjy: Ärim baýdyr. Özü-de nähili baýdyr? Her haýryn eýesidir. Onuň köp düýesi bardyr: düýeleriň çökjek ýeleri kän, ýaýlaklary azdyr. Çalgy sesini ( ziýapat ) eşitdikleri soýuljaklaryny bilerler.
On birinjisi: Ärim Ebu Zerdir. Emma nähili Ebu Zerdir! Gürrüň bereýin: ( Ol ) gulaklarymy zynatlar bilen doldurdy,bileklerimi yognaltdy. Meni hoşal kyldy, özümi bagtyýar hem belent hasapladym. OL meni Şikk diýen bir dagyn kenarynda bir bölek geçi bilen güzeranyny aýlaýan maşgalanyň gyzy wagtym tapdy. Meni atlary kişňeýän, düýeleri bögürýän, ekinleri sürülüp, däneleri harman edilen, bol-elinlikde bagtyýar ýaşaýan jemgiýete getirdi. Onuň ýanynda meniň sözüm geçýärdi. Hiç azar çekmeýärdim. Agşamdan daňa çenli ýatardym. Doýa-doýa süýt içerdim. Ebu Zeriň ejeside bar. Ummu Ebu Zer. Emma ol nähili ejedir! Onuň amallary uly, çuwallary äpet, öýi giňdir. Ebu Zeriň ogluda bar. Ol örän edepli ýigitdir. Onuň ýatan ýeri gylyç çekilen gyn ýalydyr. Ony dört aýlyk guzynyň bir budy doýurar (az iýer ). Ebu Zeriň başgada örän edepli gyzy bar. Ol kakasyna ejesine ytagatkärdir. Bedeni köýnegini dolduryp durandyr. Ol owadan endamy bilen deň-duşlaryny we günülerini aňk eder.
Ebu Zeriň bir hyzmatkär kenizegide bardyr. Ol nähili sadakatly, nähili gowy kenizekdir. Maşgaladaky syrymyzy hiç kime aýtmaz, öýümiziň azygyny asla isrip etmez. Öýde hapa-hupa goýmaz. Gaty namyslydyr, öýe kir ýokdurmaz.Bir gün Ebu Zer öýden çykdy. Çar-töwerekde ýag çykarmak üçin goýulan tulumlar çaýkanyp durdy. Ol ýolda gidip barýarka bir aýala gabat geldi... Ärim bul aýaly söýdi gerek? Meni goýdy-da oňa öýlendi. Ondan soň men hem merhemetly bir adama durmuşa çykdym. Ol owadan ata münerdi. Hat-da myzragyny alyp, düýe, sygyr we başgada şolar ýaly haýwanlaryň ençemesini sürüp getirerdi. Getiren haýwanlarynyň her görnüşinden maňa bir jübüt bererdi we maňa:
-Eý Ummi Zer! Iý, iç, garyndaşlaryňa haýyr-yhsan et! – diýerdi.
Ummi Zer:
-Muňa seretmezden, ikinji ärimiň maňa berenleriniň hemmesini bir ýere jemleseň, Olar Ebu Zeriň iň kiçijik gabyny-da doldurmaz- diýdi.
Bu hadysy rowaýat eden hezreti Äşe (Allah ondan razy bolsun) diýýär ki:
Resul Allah, oňa Allahyň salaty we salamy bolsun!:
-Eý Äşe, men saňa Ebu Zeriň, Ummi Zere nisbeti ( baglanşygy ) kibidirin. Şu parh sebäpli ki, ( Ebu Zer Ummi Zeri boşatdy ) men seni boşatmadym. Biz bile ýaşajakdyrys!
On bir hatynyň hekeýasy.
Täzelikler,
Sahedowa
tarapyndan
23-10-2023, 12:36