ANU ADAPANY NIBIRUWA ÇAGYRÝAR.

''...Ýerli Adapany bolsa Nibiruwa ugradyň!'' diýdi Anu. Enlil bu gelinen karardan hoşnut bolmady.
Enlil baştutanlara we Enkä. ''Kimiň aklyna gelsin ilkinji ýerli işçi peýda bolýar we bu barlyk bize meňzeýär, oňa hemme zady öwredilen soň gök we ýer aralygynda uçýar. Nibiruda bakylyk suwundan içiriler, bakylyk iýilýän zatdan iýdiriler, Ýerli biri edil biz ýaly Anunnakilerden biri bolmaly...'' diýýärdi Enki hem Anunyň bu isleglerinden hoşnut bolmady. Anu ''Adapany ugradyň'' diýeninden soň ýüzi salyndy. Enlil şeýle diýeninden soňra Enki hem jigsiniň sözlerine goşuldy. Dogrudanam bu hiç kimiň aklyna geljek zat däl. Jigi-dogan oturup muň pikirini etdiler. Ninmah hem olara goşuldy we dertdeş boldy. Anunyň emirlerine-de garşy gidip bolmaz diýdiler.

ENLIL WE ENKI PERZENTLERINI NIBIRUWA UGRADÝAR

Biziň ogullarymyz hem Adapa ýoldaşlyk etsinler. Nibiruwa barýarkalar onuň gorkusyny azaldyp Anuwa muny aýdyp bersinler. Enki ýanyndakylara şeýle diýdi. Ningişzidda we Dumuzi oňa ýoldaşlyk etsinler. Nibiruny hem öz gözleri bilen görsünler. Ninmah hem onuň aýdanlaryna goşuldy: ''Ýerde dogulan ogullarymyz Nibiruny ýatdan çykarmazlary ýaly gitsinler, bolmasa ömür wagtyny Ýerliler basdylar.

WEZIR ILABRAT ÝERLILERI ÄKITMÄGE GELÝÄR

Enkiniň öýlenmedik iki ogullaram gitsinler Nibiruwa. Belkäm özlerine taý taparlar. Nibirudan gelen gök otagy Sippara baranynda Anunyň weziri Ilabrat onuň içinden çykdy.
Ýerli Adapany alyp äkitmäge geldim, diýdi baştutanlara. Baştutanlar Ilabrat bilen tanyşdylar.
Enkiniň ogullary Ningişzidda we Dumuzi hem Ilabrat bilen tanyş boldylar. Uçuş wagtynda Adapa ýoldaş bolmak üçin saýlanyp bellendi, diýýärdi oňa. ''Agtyklaryny görenine Anu hem begener'' diýdi Ilabrat. Enki Adapa taýynlansyn diýip ony çagyrtdy we şeýle diýdi: ''Eý, Adapa biziň gelen planetamyza, ýagny Nibiruwa gidersiň. Patyşamyz Anunyň huzuryna bararsyň, onuň öňünde başyňy egersiň...''

ENKI ADAPA NIBIRUDA ŞERAP IÇMEZLIK ÜÇIN DUÝDURÝAR

''...Diňe soralan zady jogapla. Soraglaryna gysgaça jogap ber. Saňa täze geýimler bererler. Ony geýgin. Soň saňa Ýerde öň iýip görmedik çöregiňden bererler. Ölüm getirýän çörekdir bu, iýmegin! Içmek üçin saňa şerap hödürlener. Ölümlidir bu içgi. Içmegin! Ogullarym Ningişzidda we Dumuzi bilen gidersiň. Diýenlerini etgin, heläk bolmarsyň! Enki oňa şeýle diýip tabşyranyndan soňra Adapa ''Aýdanlaryňy ýatdan çykarmaryn'' diýdi. Enki öwüt berip ugratmak üçin Ningişzidda we Dumuzini çagyrdy. Kakam Anunyň huzuryna bararsyňyz. Oňa hormat bilen egilip baş egersiňiz. Şazadalar we asyllylar gözüňizi gorkuzmasyn, sizem olaryň birisiňiz. Adapany yzyna alyp gaýtmakdyr size berilen wezipe. Nibirunyň haýranlyklaryna akly gitmesin onuň'' diýdi.

ENKI GIZLINLIK BILEN ANUWA GOWŞURMAK ÜÇIN NINGIŞZIDDA BIR TABEL BERÝÄR

''Aýdanlaryňy ýatdan çykarmarys'' diýdiler Ningişzidda bilen Dumuzi. Enki kiçi ogly Dumuzini gujaklady, alnyndan öpdi. Pähimli ogly Ningişziddany hem gujaklady Enki, onuň maňlaýyndan ogşady. Möhürli tabeli gizlinlikde Ningişziddanyň eline berdi. Kakam Anuwa gizlinlikde bergin bu tabeli'' diýdi Enki. Soňra bu ikisi Adapa bilen bilelikde Sippardan aýrylyp gök ulaglarynyň durýan ýerine bardylar. Anunyň weziri Ilabrata göründiler. Ningişzidda we Dumuza Igigi geýiminden berildi. Gök bürgütleri ýaly bolup geýnipdiler. Adapanyň bulaşyk saçlaryny kesip bürgüt kaskadan birini geýdirdiler. Onuň egnine gysyp duran geýim berdiler. Ýokarlygyna süýnüp gidýän ulagyň içinde Ningişzidda bilen Dumuziniň aralygynda otyrdy. Yşarat berilende gök ulag kükräp titredi.

KOSMOS GÄMISI ÝOLA ÇYKÝAR, ADAPA GORKÝAR

Adapa gorkudan ýaňa gözlerini ýumup gygyrdy. Ganatsyz bürgüt süýnüp süzülip gitdi. Ningişzidda we Dumuzi ellerini onuň omzunda goýup köşeşdiriji sözler aýtdylar.
Bir lige çenli beýgelenlerinde Ýeriň keşbini synladylar, deňizler we okeanlar bilen böleklere bölünen keşbi synladylar. Iki lig beýgelenlerinde okean legen ýaly bolup kiçeldi. Üç lig ýokary göterilenlerinde Ýer top ýaljakdy. Ýer garaňky deňizde gaýyp ýören ýalydy. Adapa gorka gaplanyp ýüzüni, gözüni örtüp gygyrýardy: ''Yzyma äkidiň meni'' diýýärdi. Ningişzidda onuň egninde elini goýdy!!!(?) Adapa şol wagtyň özünde ýuwaşady. Nibiruwa gonanlarynda indi näme bolarka?

OLAR NIBIRUDA GARŞYLANÝARLAR

Enkiniň Ýerde dogan ogullary, ýagny ýerlä garaşýardy Nibirudakylar. Başga planetanyň barlygy Nibiruwa geldi! Diýip gygyryşýardy köpçülik. Ýuwunmalary we hoşboý ysly ýaglar bilen mesh edilmeleri üçin Ilabrat bilen bilelikde köşge bardylar. Arassa we laýyk geýimler berildi olara. Enkiniň sözlerine uçan Adapa täze geýimleri geýdi. Köşge şazadalar we maslahatçylar, asyllylar we gahrymanlar, tagt otagynda ýygnanypdyrlar. Tagt otagynda patyşa Anunyň huzurynda baş egdiler. Anu tagtyndan düşüp olara ýanaşdy. Agtyklarym! Agtyklarym! diýip Dumuzini gujaklady. Ningişziddany gujaklady. Gözleri ýaşa doldy. Olary öpüp, bagryna basdy. Sagynda Dumuzini çepinde Ningişziddany oturtdy.
Soňunda Ýerli Adapany kabul etdi. Anu Ilabratdan sorady: ''Aýdanlaryma düşünermi?''
Ilabrat: ''Hawa düşünýär, jenap Enki tarapyndan öwredilipdir oňa'' diýip jogap berdi. Anu Adapa ýüzlenip: ''Gel bärik'' diýdi. Soňra Anu ýene-de: Adyň näme, näme iş bilen meşgullanýaň?
Adapa öňe çykyp täzeden baş egdi: ''Adapadyr adym, jenap Enkiniň guly!'' diýip jogap bermegi her kesi geň galdyrdy.
''Ýerde ynanylmasy geň bolan iş başarylypdyr'' diýdi Anu. Onuň yzyndan toplananlar hem gaýtalady.

SUPRADA ADAPA BERILENLERI IÝMEÝÄR, IÇMEÝÄR

Myhmanlar geleni mynasybetli baýramçylyk bellensin diýdi Anu. Anu ol ýerdäkileriň hemmesini myhman suprasyna çagyrdy.
Stoluň üstünde dürli-dümen, näzu-nygmatlar goýulan soň olara ümledi. Nibirunyň çöreginden uzadyldy Adapa. Ýöne ol bu çöregi iýmedi. Içgi hödür edildi, ýöne ol içgidenem içmedi.
Patyşa Anu muňa haýran galdy; ýerinden gobsundy. Enki näme üçin bu Ýerlini oňa gökdäki usullary açyklatmak üçin ýolladyka Nibiruwa? Hany sen maňa aýt hany Adapa? Näme üçin hiç zat iýip-içeňok, berilenleri red edýärin? - diýdi. Adapa: ''Jenabymyz Enki maňa şeýle tabşyrdy: ''Çörekden iýmek, içgiden içme! - diýdi. Anu: ''Bu nähili bolgusyzlyk. Biziň çöregimizi we içgimizi bir Ýerlä hödür eden wagtymyz iýip-içmezlige böwet bolan zat nämekä?

NINGIŞZIDDA ENKINIŇ UGRADAN TABELINI ANUWA BERÝÄR

Ilabratdan sorady, soňra Dumuziden sorady, Ilabrat näme diýjegini bilenokdy. Dumuzy hem aýtmandy. Ningişziddadan sorady. Belkäm jogap şundadyr diýdi Anu. Ningişzidda ýanynda bukup getiren tabeli patyşa Anuwa berdi. Anu haýran galyp, gaýga batdy. Tabeliň koduny çözmek üçin öz otagyna girip gitdi.

Indi şundan aşakda siwilizasiýa ynsanlygynyň atasy bolan Adapanyň we onuň ogullary Kain (Kaýin ýa-da Kabil) we Abaeliň (Habil) bitiren işlerinden soň Ýerdäkileriň açlykdan halas boluşlarynyň helaýasydyr.
Öz otagyna giden Anu tabeliň möhürini döwüp açdy. Tabeli barlaýjy enjama ýerleşdirdi. Enkiden gelen hatyň koduny çözdi. Adapa bir Ýerli zenandan dogulan meniň tohumymdyr! - diýýärdi Enkiden gelen hat.
Şolar ýaly Titi hem başga bir Ýerliden bolan tohumymdan. Pähimi we gürleşip, düşünişi ýeterlik dürsdir. Ýöne Nibirunyň uzak ýaşy bilen ýeterlik özleşmedi. Uzak ýaş çöreginden iýmeli däl, içgisinden içmeli däl. Adapa Ýerde ýaşap ölmek üçin yzyna gaýdyp gelmelidir, panylyk paýyna düşen; onuň ogullary Ýerdäkileri açlykdan halas etmek üçin topragy ekip-biçip çopançylyk etmelidirler.

(dowamy bar)


Zakariýa SEJIN

Terjime: Jeksparrodan

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Jekwarabey tarapyndan 26-02-2024, 17:37

  • JackSparro JackSparro off № 1 26 февраля 2024 18:28

    @Jekwarabey lakamymda terjime edip goýan şumer ýazgylarym, login bir ýana kod bir ýana 😬😬😬😬

    Jogap
  • Lucky boy Lucky boy off № 2 26 февраля 2024 19:51
    Dost bu hekayamy,rowayatmy ya din bilen baglansyklymy?Dusundiris bersene.
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 3 26 февраля 2024 19:56

      roman... 

    Jogap
  • Lucky boy Lucky boy off № 4 26 февраля 2024 20:24
    Dost,kyn gormeseñ illuminati hakyndada yazay(mowzuk).
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 5 27 февраля 2024 11:08
    JackSparro gutaranokmy känlaý bu. terjime eden kim. ýaltanman terjime edişine haýran, nepi degmejek zady
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 6 27 февраля 2024 13:59

    özüm terjime edýän, güýmenje diýipläý,  tak-tagam nepi degmejegini terjime edip başlamda-da bilipdim 🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣

    Jogap
  • Goklors Goklors off № 7 28 февраля 2024 06:34
    Elleriňe saglyk onda. Nepi diýdigim. Iň bolmanda azabyňy gyzyklanyp bir okasadylar. Terjime etmek isleseň gowy eserler känle. Meselem dünýäedebiýaty klassiklerniň drama eserleri.
    Jogap
  • My life My life off № 8 28 февраля 2024 23:13

    Gyzykly bolmagam ahmal. Okamamsoñ bilmedimda.🙄

    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 9 9 апреля 2024 13:58
    2-nji sapar açypdyrynaý şu temany 🙄
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler