1-nji sentýabr.

Bilimler güni. Pişik harplyk kitaby iýdi.

3-nji sentýabr.

Bikämiň aşygy gaty çynlakaý bolarly. Gezip ýör, gezip ýör. Güllere allergiýamyň baryny oňa nädip düşündirsemkäm?

5-nji sentýabr.
Pişige kwartirada syçan gördüm diýdim. Uruş yglan etdi syçana garşy. Gijeläp ýatanok, garawulçylyk çekýär kwartirada.

7-nji sentýabr.

Pişik “sen ýatyrkaň syçany tutdum” diýdi. Ruhdan düşürmäýin. Goý, ynanandyr öýtsün.

8-nji sentýabr.

Bikämiň söýgülisiniň maşynynyň açaryny ogurladym. Ol bolsa bizde ýatmaga galdy. Pişik mendäki strategiň dogulman ölenini aýtdy. Alkakmyş, oňky dogry öýdýän. Açary yzyna gaýtardym. Pişige hiç hili syçanyň ýoklugyny we bolmadygyny aýtdym. Öýkeledi, ýene gepleşenok.

9-njy sentýabr.

Indi pişik bikäniň ýanyndan aýrylanok, ýaranjak bolýar. Süýtli ýalagyny düňderdim. SEBÄBI GEREK DÄL DOSTLRYŇY GYZA ÇALYŞMAK, MAHAW!

10-njy sentýabr.

Depder doldy. Bikämiň goşlaryny körsenip göreýin hany.


***




12-nji sentýabr.

Täze depder tutdum. Holodilnigiň üstünde ýazyp otyryn şu wagt. Gije sagat 3. Bikäm kolbasa gäwüşeýär çörek bilen, özüni hiç kimiň görmeýänine ynamly.

13-nji sentýabr.

Pişik tüýüni çalyşýar. Men asgyrýan. Bikäm her asgyramda çokunyp başlaýar. Içgysgynç.

15-nji sentýabr.

Pişik bilen Kamasutrany okadyk. Aý, nähili okadyk? Ýöne suratlaryny görüp gülüp oturdyk. Ýöne soň uzak pikirlendik bir-birimize bakyp.

16-nji sentýabr.

Pişik krowadyň aşagyna “mina” goýdy. Ondan näme üçin beýdenini soradym. “öz-özünden çykdy” diýýär. Aladalanýar öz-a. Menden bir-iki günlük görünmän nirede ýatyp boljagyny sorady.

17-nji sentýabr.

Bikämiň girdenegi tapoçkasyny aljak bolup krowadyň aşagyna elini uzatdy we ... uzaaak taryha batdy. Pişik şkafda tozan syransyran bolup otyrdy. Girdenek ony tutjak bolup şkafa girdi. Ýene ýykyldy, emelsiz. Elini döwdürdi. Lýustrada otyrdym. Gülüp-gülüp bikämiň üstüne gaýtdym... lýustra bilen.

19-njy sentýabr.

Bikämiň girdeneg-ä häli görnenok. Pişigiň ýeňsesinde tapoçkanyň yzy bar. Ol ýene meň bilen gepleşenok. Men näme günäm bar, bilmedim.

20-nji sentýabr.

Parahatçylyk teklipli haty ýazyp Pişigiň öňüne zyňdym. Ol uzaaak wagtlap okap bilýänsiräp oturdy. Soňam kagyzy çeýnedi-de razylaşýandygyny aýtdy. Men oňa kembaha garaýypdyryn öýdýän. Gündeligi başga ýerde gizledim.

22-nji sentýabr.

Pişik bilen “Daş-gaýçy-kagyz” oýnadyk. Utulanyň kellesine bir şelban. Gyzyksyzlaý onuň bilen oýnamak. Kagyzdan başga goýup bilýän zady ýok. Indem ýatyr, hana, krowatda, kellesi agyrýamyş.

23-nji sentýabr.

Santehnik geldi. 16-lyk açary alyp bermegi haýyş etdi. Alyp berdim. Endik dagy däl-aý şu adamlaryňky. Derrew özünden gidiberýärler.

25-nji sentýabr.

Ýene ruhany, ýene ýüzärlik. Oňa gaty tüsseletme diýip haýyş etdim. Tölenensoň çydamaly bolar diýdi. Parahorlygyň günäsi barada aýtdym. Meni eştmediksirän bolýar indem.

26-njy sentýabr.

Pişige komnatdaky aloe ýapraklarynda kääään witamin bar diýdim. Näme bolarka?...

27-nji sentýabr.

Pişik otrawleniýe bolup ýatyr. Süýt eltip berdim. Gepleşenok.

28-nji sentýabr.

Bikäm eýýam iki gün bäri çyrany öçürmän ýatýar. Men yzgiderli öçürip durun. Dogru-da, uklap bolanoga çyra ýanyp dursa... soň bikämiň dogalaryny diňläp ýatmaly. Meň pikirimçe Ýesenin gowy ýazýady.

29-njy sentýabr.

Pişigiň doglan gününi belledik. Walerianka içdik, tutulara dyrmaşdyk, aýdym aýtdyk. Agşamlyk aýnanyň öňünde oturdyk. Pişik birden turup diwara dyrmaşdy-da gözüni ýumup ýöräp başlady. Özem “ýykylamda-da hiç zat bolmaýa, meň 9 janym bar” diýip gygyrýa, eýesiz. Içse bolanogaý şuňkam...

30-njy sentýabr.

Ýagdaýlar gowy däl... süýt bolaýsa şu wagt...

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Garlawaç tarapyndan 29-10-2023, 07:33

  • Garlawaç Garlawaç off № 1 29 октября 2023 08:01
    Bir sahypadan başga bir sahypa geçjek bolsaň gaty köp garaşmalaý, diňe menne şeýlemikää ýaaaa ://
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 3 29 октября 2023 10:21
    Rep-Durmushum,
    Howwa.
    Jogap
  • Sahedowa Sahedowa off № 5 29 октября 2023 13:31
    dowamyna garasyan govy bolupdyr
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 6 29 октября 2023 16:01
    hasyeti menki yaly eken o ruhun :)
    dowamyna garasyan...
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 7 29 октября 2023 16:01
    Rep-Durmushum,
    Hemra???
    Jogap
  • Diamante_G Diamante_G off № 8 29 октября 2023 16:05
    Ruhuň häsiyeti erbet däl eken özä :) sabyrsyzlyk bilen garaşyan
    Jogap
  • Azasdym Azasdym off № 10 29 октября 2023 17:02
    Bir sizde dal mendedema seyle agsam giraysem eyleki sahypa gesjwk bolsam yatyp galyan garasyp.
    Mowzuk gaty gowy dowamyna garasyan.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler