Kalbyň kir-kimirden dolar dessine,
Töhmede çyn diýip, güwä geçeňde.
Ýoluň ýiter haý diýmeseň hetdiňe,
Içi puldan doly jüwä geçeňde.
Ýaşap bilseň guly bolman haramyň,
Miwesini berer çeken azabyň,
Ýa-da düşsün duluňdaky halalyň,
Ýanyň gyz-gelinli çülä geçeňde.
Jaýlap başar içiňdäki gahary,
Paýlap başar göwnüňdäki bahary,
Aş bilen doýursaň garyp-gasary,
Mäşden ýüz öwürip, tüwä geçeňde.
Dünýe şemal deýin, geçer deňiňden,
Dana-da, akmagam çykar öňüňden,
Kynçylyksyz gelip durka eliňden,
Ýitirýän zadyň ýok günä geçeňde.
Durmuşdaky ornuň çalşykly çemçe,
Özi adam bolan, bardyr-la sençe,
Ömrüňden gymmada düşer temençe,
Köşgüň ýegsan bolup, kümä geçeňde.
Monça bolup ýören bolsaň düýnüňden,
Ertiriňe ynam ýokdur düýbünden,
Diňe özüň utanarsyň müýnüňden,
Dirilik ýagdaýdan ölä geçeňde.
Ýazmyrat Çörli.
Güwä geçeňde.
Edebiýat,
Mrr
tarapyndan
5-11-2023, 20:47