Ilkinji söýgüme duşuran ykbal,
Ak patamy berip diläpdi ak ýol.
Arzuwlan bagtyma gowşuran gözel,
Meňki bolmagyňam Taňrydan ezel.

Kän urundym saňa derdim aýdara,
Rugsat beräý bile ýöräp gaýdara.
Mekdep ýyllarymdy iň ajap döwür,
Sen gyzyň yşgynda kän çekdim şöwür.

Wah ýygralyk gursun gemirdi hamym,
Men senden çekinýän eýjejik hanym.
Duşsam söýýän diýre dillerim barmaz,
Duýgularym kalba ynjalyk bermez.

Şeýle bagtym bar diýp gabaryp söýdüm,
Seni deň duşumdan gabanyp söýdüm.
Men yzlap ýadadym äden ädimiň,
Gatnaý gatnaý çagşap gitdi ädigim.

Ahyr birgün öz özüme söz berip,
Sütemlere duýgulara döz gelip.
Nije aýtjak bolup kalbymda saklan,
Aýtsam ol kineler eder diýp çaklan.

Sözlerimi şu gün aýdaryn hökman,
Razy diýäý senem otlarda ýakman.
Gelýärdiň dukandan uz gadam basyp,
Men çykdym öňüňden ýoluňy kesip.

Salam eý synpdaşym hallaryň niçk!
Goýjak seň öňüňde ýüregim açyp.
Nije ýyllar bäri söýýärin seni,
Ýöne ýaýdanjaňlyk örteýär meni.

Yzyny aýdybam ýetişmedim men,
Şol bat almytymy beripdiňle sen.
Urup gitdiň gahar bardy gözüňde,
Bäş barmagyň yzy galdy ýüzümde.

Sowuk nazarlaryň ýylgyrman gülmän,
Ýaha olar näme etjegin bilmän.
Has uzaga baryp seretdiň siňe,
Müň hyýala batyp durun men ine.

Soňrada ýylgyrdyň bilmen sebäbin,
Sözlerimiň bermän gitdiň jogabyn.
Şol şapbatdan soňra özgerdiň senem,
Seni ençe ýolda sakladym menem.

Bu söýgümiň jogabyny getirdiň,
Razy diýip başym göge ýetirdiň.
Tas ýalňyş düşünip eden işiňe,
Gara gözlem gark edipdiň ýaşyňa.

Razylygyň buşlukçysy şol şapbat,
Tas barja umydym edipdiň tapbat.

Süleýman Tekäýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Hasratly ýürek tarapyndan 9-11-2023, 16:43

  • DonMaxx DonMaxx off № 1 10 ноября 2023 07:33
    bos durmasyn . (nokatjyk)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler