Satyn almadym men beýle ykbaly,
Ne günlere saldy bu ömür ýoly,
Bu dünýede gaýgy gussam ýok ýaly,
Ýagşy sözler sözläp ýörün ýylgyryp.

Bedenim ruhumam galdylar göýdük,
Sebäp gadyr bilmez ynsany söýdük,
Ýürekdä bir güni geläýer öýdüp,
Öz taýymy gözläp ýörün ýylgyryp.

Içe atyp hasratlaryň baryny,
Çekdim ýeke aýralygyň zaryny,
Geçmişim bu günden alýar aryny,
Göwün syrym gizläp ýörün ýylgyryp.

Kime gyzyk göz ýaşlarmyň gurany,
Tanatýar bu durmuş agy garany,
Senden ýadygärlik galan ýaramy,
Seni küýsäp duzlap ýörün ýylgyryp.

Ömür geçip barýa gynanýan haýyp,
Indi ejizlemek bolupdyr aýyp,
Halym sorasalar oňatla diýip,
Ýalan ýaşryk sözläp ýörün ýylgyryp.

Paýym aldym haýyrdanam şerdenem,
Şonuň üçin çökdi galdy gerdenim
Şygyrlamda dermany ýok derdimiň,
Ýumagyny çözläp ýörün ýylgyryp.

Gerek däl söýgüde gerek däl bagtam,
Ýanyma gelmäge ýokdur oň wagtam,
Setirlerden gurup öz köşgi tagtym,
Başarşymça bezäp ýörün ýylgyryp.

Süleýman Tekäýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Hasratly ýürek tarapyndan 19-11-2023, 11:04

  • Soltan. Soltan. off № 1 20 ноября 2023 12:20
    maňa degişli yaly boldy.
    sag boluň yetireniňize
    Jogap
  • Soltan. Soltan. off № 2 20 ноября 2023 12:22
    barde mowzyga nadip plyus goymaly
    Jogap
  • Hasratly ýürek Hasratly ýürek off № 3 20 ноября 2023 14:01
    Soltan.,
    Köp adamlaryňkyda işlänok özi şahsy hat like goýmak goýaň ýaly hasap edäýerin sagboluň minnetdar
    Jogap
  • Jemsitpoett Jemsitpoett off № 4 23 ноября 2023 20:27
    Taýynlanyp ýene durmuş dersine,
    Köp gark boldum gussalaryñ deñzine,
    Käte ýollar giden wagty tersine,
    Dogrulajak bolup ýörün ýylgyryp.

    Jemşit Hajymämmedow

    Goshgy ylham doretdi:)
    Jogap
  • Hasratly ýürek Hasratly ýürek off № 5 24 ноября 2023 15:59
    Jemsitpoett,
    soňky döwür sesiň çykanokla ýazyp durow şeýdip
    Jogap
  • Jemsitpoett Jemsitpoett off № 6 24 ноября 2023 19:53
    Hasratly ýürek,
    Okuw ish bilen döredijilige wagt aýyrmak kyn duşyar
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler