(Wakalar edil Taňrylaşdyrylmaga synanşylyp Keramatly kitaplarda-da şeýle aýdylypdyr.
Ýaradylyş; 4;8 Kain jigsi Habyla ''Ýör ekin ekilen meýdança gideli'' diýdi. Ol ýere bardylar we şol ýerde doganyny urup öldürdi.
Maide süresi: 30- Mundan soňra nebsi oňa doganyny öldürmekligi ündedi, ol hem ony öldürdi we husrana ugranlardan eýledi.
Sümer Plita ýazgylarynda bolsa hakyna seredeniňde doganyny peseldýän we (öz ogly okadyp ýetişdirendigi üçin) Enkiniň Abaeli sylaglandygy üçin ulumsylyk eden Abael günäkärdir. Muny sözme-söz beýan edenimizde bu jahyl we gul ýerli ulumsylyk edip Kaini gižželäpdir.

ADAPA WE TITI WAKANYŇ BOLAN ÝERINE BARÝARLAR

Adapa uklap ýatyrka oýardy, oňa düýş görendigini aňlatdy: ''Ýüregimi agyr dert doldurdy. Bir gorkuly bir zada boldy...'' diýdi Titi. Ertesi daň atanda ikisi Eridudan ýola çykyp Kain bilen Abaeliň işleýän ýerine bardylar.
Ekinzarlykda Kaini gördüler. Ölen Abaeliň başujynda onuň başyny gujaklap otyrdy. Titi haýkyryp aglady. Adapa topragy başyna çekip guýdy: ''...Näme etdiň sen? Nämeler etdiň sen?'' diýip Kaine gygyrdylar. Kain jogap bermän ýere ýykylyp aglady. Adapa Eriduwa dolanyp bardy.
Bolup geçen zatlary jenap Enkä aýdyp berdi. Enki gahar edip ony gaşyna çagyrdy.
''Jezaňy çek'' diýdi oňa. Edinden git we Ýerlileriň arasynda görünme! Abaeli bolsa ekinçilikden aýyryň we gurda-guşa şam bolmasyn diýdi.
(Ýaradylyş4; 9-Reb Kaine ''Doganyň Habyl nirede?'' diýip sorady. Kain : ''Bilemok, doganymyň garawulymy men?'' diýip jogap berdi.
10. Reb ''Näme etdiň?'' diýdi. ''Doganyň gany toprakdan maňa seslenýär.
11-Indi döken gardaş ganyny içmek üçin agzyny açan topragyň näletiniň astyndasyň.
12-Işlän topragyň şu günden şeýäk saňa hasyl bermez. Ýer-ýüzüne aýlanar-gezersiň...''
Ol bolsa :''Wah-wah, gardaşymyň jesedini gömüp, şu gargaça bolup bilmedikmi!'' diýdi we ol puşman edenlerden boldy.) (Aslynda gardaşyny öldürmekden başga çäresi ýokdugy, we soňra geň galmak bilen gardaşynyň baş-ujyndan aýrylmadyk Ka-in terbiýesiz we Taňrynyň ýanynda günäkär rol berilýär. Gadymy döwürde aýdylan hekaýa we ertekilerde bolmasa-bolmadyk bir düzgün bar. Erbet we gowulyk! Hökman bir erbet ýa-da ýaman bolaýmaly we gowulyk soňunda ýeňiş gazanmaly. Keramat bilen gaplanan düşündirişlerde-de hemişe gowulyk, ýagşylyk ýeňiş gazanýar.
Keramatly kitaplar hem mugjyzalary ýaradan roly, periler, jadylar we jynlardan alynýar we Taňra berilýär.
Ýöne bir şert bardyr. Taňry sözlerine hökman boýun bolmaly. Ine hakyky durmuşda hemişe erbetler ýeňiş gazanýan bolsa, ertekilerden täsirlenen jahyl halk gowularyň gazanjakdygyny umyt berip ýaşaýar we Taňrynyň adyndan gürleýän erbetleriň emrindäki ruhany synypa boýun egilýär.
Geregi hem şo. Men-men ynsanoglunyň dolandyryjy bölegi agalygyny dowam etdirmek üçin gullugyndakylaryň boýun bolup gezmegi üçin dini ulanýarlar.
Ýene bir aýdylyşda Adam almany iýendigi üçin toprak ýene ynsanogluny näletleýär.
Emma Kainyň nesli suwy bilen ynsanogly toprakdan bol-bol hasyl almaklygyny dowam etdirýär!)

ABAEL ANUNNAKI DESSURYNA GÖRÄ JAÝLANÝAR, KAIN HÖKÜM EDILÝÄR

Anunnaki dessuryna görä bir mazara, bir daşyň astyna gömülmeli. Enki, Adapa we Titä Abaeli nähili jaýlamalydygyny görkezdi. Çünki olar bu dessurdan habarsyzdylar.
Ata-enesj otuz gün, otuz gije ýas tutdylar (40 gün ýas tutmak dessury şumyka?) Abaeliň baş ujunda.
Kainy hökümedilmegi üçin Eriduwa getirildi. Enki onuň sürgün edilmegini isleýärdi. ''Eden işi üçin aslynda Kain öldürilmeli!'' diýýärdi Marduk gaharyna. Kainyň mugallymy Ninurta: ''Höküm etmek üçin ýediler toplansyn'' diýýärdi.
Marduk: ''Ninurtanyň ýetişdireni we öldürilmegi ýetmeýän ýaly meň ýetişdirenimi Nibirudan bolmadyk biri Anunnaki baştutanlaryny çagyrýarmy?'' diýip gygyrdy.
Ninurtanyň ezip geçeni Anzunyň edişi ýaly bolýar bu Kainyň gardaşyna garşy el galdyryşy.

ENKI HABIL WE KABILIŇ ÖZ NESLINDENDIGINI MARDUGA AÝDYP BERÝÄR

''...Kainyň täleýi Anzunyňky ýaly bolmalydyr. Ömür tanapy kesilmeli'' diýip Marduk Enkä, Enlile we Ninurta gaharly ýüzlendi.
Ninurta Mardugyň bu sözlerine gynandy. Sessizlik gurşap aldy. Enki ýygnananlara ''Rugsat beriň, oglum bilen ikiçäk galaýyn'' diýdi.
Enkiniň öz otagyna ataly-ogul girip gitdiler. Enki Marduga: ''Oglum! Oglum'' diýip ýumşak ses bilen ýüzlendi. Soňra ol sözüniň üstüne şulary goşdy: ''Bir wagtlar bir derýanyň kenarynda iki sany ýaş Ýerli gyzlar akyl huşumy aldylar. Meniň tohumymdan Adapa we Titi dünýä geldi.
Täze görnüş Ýerli, siwilizasiýa adamsy şeýdip orta çykdy. Olaryň köpelip-köpelmeýändiginden patyşamyz Anu alada edýärdi.
Kain we Abaeliň dogulmagy bilen Anu we Nibiru mejlisi hoşamaýlyk bilen razylyk bildirdiler. Ýöne ine Abael öldürildi; Ka-inyň hem ömür tanapyny kesmeli bolsak, ýene Anunnakiler we adamlar aç galarlar. Tohumlar ekilmez. Närazylyk köpeler. Gozgalaňlar başlar.
Abaelden göwnüň hoşdygyna geň galar ýaly zat ýokdur ogul; öweý jigiňdi ol seniň!

KAIN UZAK DIÝARLARA KOWULÝAR, KÖSE SAKAL EDILÝÄR

''...Indi bolsa beýlekilere-de haýpyň gelsin, Adapanyň nesliniň ýaşamagyna rugsat ber! Enki bu syryny kynlyk bilen bolsa-da Marduga aýtmaly boldy. Başda Marduk gulagynyň eşidýänlerine gözleri ynanmady, soň bolsa ol hahahýlap güldi-de gaharyna: ''Seniň söýgiň, ýigitligiň hakynda kän rowaýatlary eşidipdim. Emma muňa göz ýetirdim! Elbetde Kain bagyşlansyn; goý ol Dünýäniň ahyrky ýerlerine kowulsyn...'' diýdi Marduk.
Eriduda Kaine berilen höküm Enki tarapyndan ýerine ýetirildi: ''Eden erbet işi üçin Kain, gündogara tarap sergezdanlyk edip gezsin. Ömri bagyşlanýar, ol we onuň nesli beýleki nesillerden aýry bolsun!
Kainyň janly suwuklygy Ningişzidda tarapyndan üýtgedildi. Ýagny Kainyň ýüzünde sakal ösmez ýaly edildi (Bütin nesiller şol günden bäri biri-birine garyşyp-gatyşandygy üçin sap arassa Kain neslini tapyp bilmeris. Ýöne döwrümizdäki Amerika ýerlileri, ýaponlar, hytaýlylar we Afrikalylar bu topara girýän bolmagy ähtimal)
Öýli-işikli, çagaly-çugaly bolmagy üçin ýanyna jigsi Awany alan Kain Edinden aýryldy, uzaklara gidýän diýara tarap ýola rowana boldy.

(Ýaradylyş 4;
13-Kain ''Günälerim juda agyr'' diýip jogap berdi. 14. Kain ''Bu gün meni bu topraklardan kowduň.
Indi huzuryňdan uzaklara bolmaly, ýer ýüzünde aýlanyp gezerin. Kim-de-kim meni görse öldürer ''.
15. Soňra Reb ''Seni kim öldürse, ondan ýedi gezek öç alynar'' diýdi. Bir kişem ony öldürmesin diýip Kainyň alnyna bir nyşan goýdy.
16. Kain Rebbiň huzuryndan aýryldy. Aden bakjasynyň gündogarynda Nod (Aýlag) topraklaryna ýerleşdi.)

(Görnüşi ýaly hekaýa dowam edýär. Töwrat Kainyň köse ediljekdigini aýtmagyň deregine ''Nyşan goýmak'' sözlerini ulanýar. Bu ýerde göze dürtülýän zatlaryň biri Ýerde diňe alty adam bolmagyna garamazdan Kain: ''Kim meni görse öldürer'' diýip kowulyp baran ýerinde-de adamlaryň bardygyny açyklap görkezýär.
Adamzat: ''Hany Taňry diňe Adam, How ene we olaryň perzentlerinden ýaradypdy ahyry'' diýip sorasy gelýär. Töwrat Kainyň aýalynyň adyny bermeýär. Emma biz onuň aýalynyň adyny Sümerlerden bilýäris. Kuran bolsa bu hakda örän az maglumatlar berýändigi üçin Habylyň ölüminden soňuny aýdanok.


(dowamy bar)


Zakariýa SEJIN

Terjime: @Jeksparrodan

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Jekwarabey tarapyndan 24-11-2023, 05:51

  • Khanture Khanture off № 1 24 ноября 2023 18:03
    Salam bro, gowmyň? kitapçyda yzyny goýup bilmeýän inni. Awtorlykdan aýyrdy admin. Diňe men däl, başgada birnäçe awtorlaňky...
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 2 24 ноября 2023 21:08
    Khanture,

    Salam bro. Hiçlaý. Özüň gowy dälmi?
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 3 25 ноября 2023 19:21
    Menäm aýyrandyr, boş ol saýt
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 25 ноября 2023 20:31
    Uly Hojaýyn,
    Sen haysy?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler