Şokolady çaga wagtyň hat-da uly bolsaňam gowy görmeýän az bolsa gerek. Hut şolar ýaly menem mars atly şokolady gowy görýädim. Şokolady diýsem aňyrrakdan gaýtdygym bolar has dogrusy "mars" ýazgyly gabyny gowy görýädim. Sebäbi özüni iýip göremokdym. Köçelerde gaby öňimden çyksa şeýle bir gowy görýädim "mars" diýen ýazgysyna dagy aşykdym heý goýaý seredip okap doýamokdym. Onda-da bir gapdaly çalarak açylyp täzeräk taşlanan bolsa açyp içiniň ysyny özime çekişimi, hamana şo wagt özim täze açanym ýaly şeýle bir gowy ysy bardy. Ah, çagalyk seni ýatladygymça içine girip gitdim. Bu ýagdaýlar ýagdaýmyzyň pesligindenmi ýa düşünjämiň pesligindenmi ýa şony iýesim gelýä diýmeýänimdenmikä. Dogrusy ony diňe baý we üýtgeşik adamlar iýýändir, biz ýaly adamlar iýmeli däldir diýip pikir edýädim we iýesim gelýä diýip aýdamokdym. Ýogsa kakam almasada ejem eýdip-beýdip çagasynyň göwnini tapardy ahry, sebäbi biz döwüriň kakalary öýinde bir halta un bilen 5 kl et bar bolsa galan ownuk zatlara üns edip durmazdylar.
Indi şo şokolady iýsemem näme üçindir arzuwymdaky ýaly däl ýa, gabynyň ysam öňki ýaly däl. Siziňem gowy görýän, çagalygyňyzda iýip bilmän arzuw eden şokoladyňyz ýa ýene bir zadyňyz bardyr mümkin, belläp geçäýseňiz!
Mars şokolady ýa-da arzuwly çagalygym.
Köneler,
Mrr
tarapyndan
7-12-2023, 20:11