Bolsa şu wagt çişlik, kebap,
(Wah olaň lezzetin görä).
Böwrejige iç ýag orap,
Iýseň süýji bolýa örän.
Pomidor, hyýar dograp hersin,
Otdyr-sogan garyp berseň,
Asyl "işdäm ýok" diýmersiň,
Işdä açar şoň üçin dörän.
Gazly suwa bizde ýoň däl,
Barysy gök çaýa deň däl,
Ýöne weli bolsa kem däl,
Akja suwdan elli gram.
Ýene bolsa duzly kelem
Ak suwdan soň gerek bolan,
Has gyzykly dostlar bilen,
Ine şeýdip meýlis guruň.
ÝUSUP MEREDOW
Iýermeniň gürrüňi
Edebiýat,
Yonekey
tarapyndan
12-12-2023, 17:07