Eger sen kiçijik bir çaga bolsaň entek emýän bolsaň onda eneň
gelip seni bagryna basmasa onda kim kömek eder. Belki hiç kim.
Bu halatda sen açlykdan ölersiň we seniň üçin ýaşaýyş şu
ýerde gutarar.
Eger sen ýetginjek bir oglan bolsaň saňa terbiýe bermeli
adamlar terbiýe bermese we seniň özüň özbaşdak terbiýe almana
ymtylmasaň ykbalyň näme bilen gutarar. Onda sen türmeden gelmersiň.
Durmuşa seredip bu halatlaryň bolýandygyny siz anyk görýänsiňiz.
Eger sen ýigit ýetip aýal-gyzlaryň gadyryny bilmeseň, olar seniň
durmuşyň üçin wajypdygyny aňmasaň onda seniň günüň näme bilen gutarar.
Mujerret bolarsyň. Sallam-saçak bolup köçede entärsiň. Öýsüz-
-çöreksiz otyrarsyň.Ýekelikde ömrüňi ahyrlarsyň.
Eger sen garnyňa sygmaýan zady iýseň näme bolarsyň. Dykylyp
ölersiň.
Aragy köp içseň kim bolarsyň. Alkaş bolarsyň.
Çem gelen zady gepleseň näme lakam alarsyň. Sam-sam diýerler.
Şeýlelikde görüp otyrsaň her bir hereketiň, her bir boluşyň
öz netijesi bar.
Eger saňa kömek berseler, dogry ýola salsalar adamlaryň kömegi
bilen adam bolarsyň. Emma hiç kim kömek
etmese we özüň hem öz düşen ýaramaz ýagdaýyňdan çykmana ymtylmasaň
seniň üçin bu durmuş waý bilen gutarar.
Şonuň ýaly bolmazlygy üçin ýa sen adamlardan kömek soramaly bolarsyň
ýada öz güýjüňe bil baglap öz durmuşyňy özüň gurnamaly bolarsyň.
Iň ýakyn we arzan kömek bu ata-eneňden geler. Ikinji bir peýdaly
kömek mekdebiňdäki mugallymlardan geler. Üçünji bir esasy
kömek aýalyňdan bolar. We dördünji ullakan kömek bu watanyňdan bolar.
Watanyňdan kömek almak üçin bolsa sen tebiýeli, gaýratly, zähmetsöýer,
halallyga ymtylýan, perzentleri bolan, okuwly bilimli adam bolmaly.
Galanyny özüň bil. Meniň güýjim diňe aýytmana ýetýär. Alsaň bir zatly
bolarsyň almasaň hiç zatly.
Hoş onda ýigitler we gyzlar. Täze ýylda köp otyrmaň. Köp gülmäň.
Köp iýmäň. Özüňizi salykatly tutyň. Täze ýyl geldi diýip bökübermäň.
Täze ýyl siziň ömrüňiziň bir ýyl gysgalýandygyny hem aňladýar.
Täze ýylda begenmelimi
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
28-12-2023, 07:03