Korrupsiýa-bu sözüň özi gorkunç. Onuň jemgyýete ýetirýän zyýany bolsa has çökderräk.
Okuwa, işe girmek üçin, zagran pasport almak üçin, daşary ýurda sroçny bilet almak üçin, maşynyňy guratlyk barlagyndan geçirmek üçin, işiňde ýokaryrak wezipä süýşmek üçin, çagaňy gowuja mekdebe okuwa ýerleşdirmek üçin, bankdan kredit almak üçin, hassahanalarda gowy bejergi almak üçin, dereksiz edaralardan gerekli sprawkalary almak üçin, garaz ýene köp zat üçin pully balagyňy geýip barmagyň hökmandyr.
Kisäň galyňja bolsa olar seni Ýaňgalaň bazaryndaky gawun satýan ýaşuly (adamçylygy ýaly gawunlaram gowy) ýaly güler ýüz bilen garşy alýarlar we bir kofe içip bolýançaň işiňi bitirýärler.
Boýny burugrak, "mysalasy gursun"rak bolup barsaň bolaýmaly zadam bolmanjyk geçer.
Meň ýaşaýan, görýän ýerlemde şeýleräk, belki, Sizde has gowy bolmagy mümkin.
Döwlet tarapyndan parahorluga garşy berk çäreler görülsede bu bela aramyzdan gidiberenok.
"Türkmen pahyr nirä barsa bäş manat berim bilen" diýýärdi Türkmengalaly halypamyz.
Belki günäkär özümizdiris. Sebäp bazarda bir harydy hiç kim almasa, söwdasy bolmaz we ol haryt öz-özi ýitip gitmek bilen bolar.
Parahorlarada hiç kim para bermese nirden alsynlar.
Onda para bermesek hemme zat düzeljekdä.
Bu mesele görnüşi ýaly beýle aňsadam däl.
Sebäp parahorlar il içinde uly abraýdan peýdalanýarlar. Halkyň olara gözi gidýär. "Tüweleme, planyň ogly başlyk bolupdyr, iň soňky maşyn alypdyr, jaýyny pylantüýsli edipdir" diýip.
Soňky döwür halal, haram gazanç diýlen düşünjeler aramyzdan ýitip barýar. Esasy köpräk gazanç etmek.
Sebäbi pylan gowy ýaşaýar diýip eşidýäs, ýöne pylany haram gazanýar, para alýar, hökümediň zadyny ogurlap satýar diýip ýazgarylýanyna duş gelemizok.
Aň-düşünjesi ösen ýurtlarda aýal-gyzlaryň ýaşy, erkekleriň gazanjy soralmaýar diýýärler.
Bizde salamdan soň işleýän ýeriň bilen alýan aýlygyň soralýar. Gyzlar barada gürrüň edilse ilki aýdylýan zat "pylanynjy ýyl eken" (biraz uzaklaşdygam).
Bir söz bilen aýtmaly bolsa parahorluk-bu düşünjesizlik.
Birinjidenä parahorluk düşünjesiz nesli kemala getirer. Okuwa para berip giren, ony para bilenem gutarar. Soň işede para berer. Garaz oň bar düşünjesi para bermek we almak bolar. Iş bilen küýi bolmaz, nädende nirden pul tapyp bolar, pylanyny pylan wezipe geçirsem, pylança alsam, edaraň çägindäki pylan zady satsam pylança bolar, barlag geläýsede pylançasyny berip ýaparyn diýen ýaly pikirler bilen ýaşar.
Ikinjiden düşünjesiz adam para berer. Düşünjeli, sowatly adamlar para bilen açylyp, ýapylýan gapylardanam özüne degişli zady kanun esasynda alyp çykmagy başarar (Elbetde, hemme gapylardan däl, ýöne köpüsinden). Okuwada para bermän, sowady, ylymy bilen girýän ýaşlarymyzam bar.
Korrupsiýany aýyrmak üçin hökümetimizem köp işler edýär.
Teklibim, korrupsiýaň alamatlary bar bolan ýagdaýynda jaň edip bolaýjak ynamdar nomerler bolsa, telewideniýe, radio, gazetlerde raýatlara öz hak-hukuklary barada has giňişleýin düşünje berilse ýerlikli bolarmyka diýýän.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Massimus tarapyndan 28-12-2023, 10:45

  • Dowsypat. Dowsypat. off № 1 28 декабря 2023 11:13
    Bizde karrupsiýa garşy gòreşmek ucin byujetden pul ayyrylyar.Hytayda ok-yarag ayyrylyar.Ulurak para bilen ele dussen goni olume hokum edyarler.

    Hic bir yurdam karrupsiyany doly yok edip bilmeyar.Yone korrupsiyany 5-10% mocberinde saklap durmak mumkin.Kabir yurtlarda bu gorkeziji 50%-denem yokary gecip giden.

    Kabir yagdaylarda korrupsiyon sistemany hokumedin ozi doredip beryar.Hokumetin edaralarynda isin tertibe salynmazlygy hem korrupsion sisteman doremegine sebap bolyar.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 2 28 декабря 2023 13:04
    Hytayda paranyn mukdary 460 mun dollardan yokary bolan halatynda olum jezasyna hokum edilyan eken.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 3 28 декабря 2023 13:25
    Dowsypat.,
    Hytayda paranyn mukdary 460 mun dollardan yokary bolan halatynda olum jezasyna hokum edilyan eken.

    450-ä çenli alyp bolýar diýýäňmi:))
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 4 28 декабря 2023 13:33
    450-ä çenli alyp bolýar diýýäňmi:))

    25 yyl
    20 yyl
    15 yyl
    10 yyl
    5 yyl

    Paran mocberine gora bari gaydyberyansinda.
    Jogap
  • Гость Гость off № 5 28 декабря 2023 13:45
    Men deputat bolsam ähli korrupsiýanerleri oturdaryn. Hemmesi oturar. Hemmesine gymmat kürsi, maşyn,jaý bererin.
    Şeýtem para almasyny goýarlar- diýýärä "Dizaýn" da )
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 6 28 декабря 2023 14:07
    Men deputat bolsam ähli korrupsiýanerleri oturdaryn. Hemmesi oturar. Hemmesine gymmat kürsi, maşyn,jaý bererin.
    Şeýtem para almasyny goýarlar- diýýärä "Dizaýn" da )

    1 masynyny 2 edesin gelyar.2 bolsa 4 bolsun diyyan. 4-e yetse 10 bolsun diyyan.Bir adamyn nebsini tutus kosmosyn baylygyny beribem doldurup bolmayar.Bir kosmosyn baylygyna eye bolandon son, basga kosmoslary gozlap tapyp, olarynam baylygyna eye cykmak isleyar.Adamyn nebsi iydigice ishdasi acylyan bir mahlukda garaz.
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 7 28 декабря 2023 14:13
    Bu zatlar bize eýgertjek zada däl...
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 8 28 декабря 2023 14:41
    Dowsypat.
    Men deputat bolsam ähli korrupsiýanerleri oturdaryn. Hemmesi oturar. Hemmesine gymmat kürsi, maşyn,jaý bererin.
    Şeýtem para almasyny goýarlar- diýýärä "Dizaýn" da )

    1 masynyny 2 edesin gelyar.2 bolsa 4 bolsun diyyan. 4-e yetse 10 bolsun diyyan.Bir adamyn nebsini tutus kosmosyn baylygyny beribem doldurup bolmayar.Bir kosmosyn baylygyna eye bolandon son, basga kosmoslary gozlap tapyp, olarynam baylygyna eye cykmak isleyar.Adamyn nebsi iydigice ishdasi acylyan bir mahlukda garaz.

    Ilon Mask ýalymy? Ýerdäki baýlyklary ýetmezçilik etýän ýaly Marsa agyz urýara...
    Jogap
  • Гость Гость off № 9 28 декабря 2023 17:31
    Dowsypat.
    Men deputat bolsam ähli korrupsiýanerleri oturdaryn. Hemmesi oturar. Hemmesine gymmat kürsi, maşyn,jaý bererin.
    Şeýtem para almasyny goýarlar- diýýärä "Dizaýn" da )

    1 masynyny 2 edesin gelyar.2 bolsa 4 bolsun diyyan. 4-e yetse 10 bolsun diyyan.Bir adamyn nebsini tutus kosmosyn baylygyny beribem doldurup bolmayar.Bir kosmosyn baylygyna eye bolandon son, basga kosmoslary gozlap tapyp, olarynam baylygyna eye cykmak isleyar.Adamyn nebsi iydigice ishdasi acylyan bir mahlukda garaz.

    Wahh...şoňa "Dizaýn" dakylar düşünenokda )
    Jogap
  • nurmuhammet nurmuhammet off № 10 28 декабря 2023 21:27
    Bir anekdotda Putin diyyamis butin yer yuzundaki parahorlygy men ayryp bilyan, yone planca mun dollar para berseniz...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler