-Halkara arenasynda bolup geçýän ýiti wakalara düşünmek üçin,
bu wakalar barada mowzuklar ýazmak üçin syýsata güýçli
aralaşmagymyzyň zerurdygy görünip başlady. Emma bizde bu ugurdan
düýpli tejribe ýok. Bu ýerde men diňe islenen.ru saýtynyň
agzalary barada aýydýaryn
Biziň syýsat diýip ýazýanymyyz köplenç täzelikleri
göçürip ýazmakdan ybarat. Täzelikler bolsa öz gezeginde
entek dolulygyna syýsat däl.
Syýsat haçan bolýar?.
Haçan bu wakalaryň döremeginiň sebäplerini anyklasak,
bu wakalaryň kimiň peýdasyna işleýändigini
bilsek syýsatdan baş çykarýanlygymyzyň birinji alamaty bolýar.
Emma bu aýydanym hem ýeterlik däl.
Has giňişleýin ýazmagymyz gerek dünýäde bolup geçýän wakalary we
bu wakalaryň biziň durmuşymyza edip biljek täsirini.
Häzirlikçe biz bu işleri etmeýäris. Biz diňe ýeňil-ýelpaý
okaýarys, taýynlanýarys. Orta çykyp aýdybermäne bizde
ynam ýok, gaýrat ýok. Emma wakalaryň kesgin gidip baryşy bizi gepleder.
Internet sahypalaryny yzarlasaň biz barada nädogry ýazylan
habarlara duş gelinip başlady. Köp däl emma ýeterlik. Birde-ýarym makalalara
hem duş gelinýär. Biz barada ýazylan manysy nädogry ýazylan
makalalara garşylyklaýyn
jogaplar ýazmanyň ornuna biz hiç zat geplemän oňýarys.Haçan olar biziň
üstümizden düşende öz ýurtlary ýüz göterim abat ýaly.
Kemçilikler hemme ýurtda bar. Şol sanda biz barada otrisatel pikirleri
orta taşlan daşary ýurtly adamlaryň öz ýurtlary hem öwerlikli däl.
Biz barada bu hili yza galak çykyşlary edenden öz ýurtlaryny oňarsalar
olar gowy iş eden bolardy özleri üçin.
Biz barada ýazmak üçin bolsa ilki bilen olar biz türkmeniň
taryhyny, edebiýatyny, däp-dessuryny, pelsepesini öwrenmegi zerur.
Bu hem köp däl. Aýratyn, garaşsyzlygy alanymyzdan soň ykdysadyýetde,
medeniýetde, ylymda, tehnologiýada we beýleki ugurlarda hem gazanan
üstünliklerimizi hem bilmegi gerek. Ýogsa bu adamlar çala eşiden
çatma ýykar diýen
nakyla görä öz abraýyny, mertebesini dökýän adamlar bolar.
Nädogry ýazmakdan elbetde olar bir zatlar utmakçy bolýandyr.
Özleriniň içinde
içigaralyk bolmagy mümkin.Ýada düşünjesi pes adamlar bolmagy mümkin.
Arzan abraý aljak bolýan bolmagy mümkin. Her kim öz kemçiligini
düzedip onsoň özgelere baha berjek bolup çytalaşsa gowy bolardy.
Olaryň ýalan habaryndan biziň kişmişimiz döküljek bolup duranok.
Olara hut ynanyp dogry hasaplaýan hem ýok. Ýöne mundan beýläk olar
biz tarapdan mazalyja gaýtawul alsa gowy bolardy. Ýurdymyzyň abraýyny
we mertebesini goraýan güýçli
blogerleriň bardgyny gözi bilen görüp gulagy bilen eşiderdiler we
biz barada ters düşünjelerini ýazmasyny bes ederdiler. Häzirlikçe şu.
Kişmizimiz döküljek bolup duranok
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
1-01-2024, 18:54