Şöhleli möhür we dördünji dünýä (hekaýa)
Seven Worlds Universe
(Ýedi dünýä älemi)
(“Zäherli täç” hekaýasyndaky gürrüňi gidýän wakalardan birnäçe gün ozal)
Topragyň gymmatyny bu dünýäde herkim bilýär. Syrly suwuklykdan soňra ikinji bir zerur zat toprak. Hat-da kimler üçin toprak ikinji zerurlygam däl, ilkinji zerurlyk. Syrly suwuklyk diňe şa nesliniň el astyndaky baýlyk. A topragy bolsa bütün dünýämizdäki ýaşaýjylar paýlaşýarlar. Syrly suwuklykdan içen adam diňeje özüni özgerdip biler, diňe öz peýdasyna ýarar. Topragy bar bolan adamyň bolsa diňe özüne däl, töweregindäkilere-de peýdasy ýeter. Iň möhümi bolsa syrly suwuklyk bir syr, toprak bolsa hakykat. Syry yzarlaýan öz soňuna, topraga garan bolsa muşakgatsyz bagtyýar ýaşaýyşa ýeter.
Çäksiz suwly giňişlik bilen bagdaşlygym 5 ýaşymda başlandy. Asa-ül-Ahlamdan Muzlime çenli bolan ilkinji syýahatym meni azgyn tolkunlar, "raksat alma" (ýylda 2 sapar bolup geçýän şemallaryň güýçli öwüsmegi hemem dümýämizdäki suwlarymyzyň ýeňil bolmagy netijesinde okeanlarymyzda käte deňizlermizde-de bolýan tebigy hadysalarymyzyň biri) diýlip atlandyrylýan suw tanslary bilen tanyşdyrypdy. Şonda mende hakykata öwrülmeli arzuwym döräpdi. Dünýämiziň hemme ýerine hökmürowanlyk etmek. Onuň üçin bolsa ilki bilen suwa eýeçilik etmeli. Suwa hökmürowan bolan dünýämizede eýe bolmaly...
"Dokuzynjy okeanyň kapitany Täleýýalan Hyýaly" bu ady eşiden ähli deňizçiler meni tanaýalar. Belkide dünýämize hökmürowan bolup bilen däldirin. Belkide men ol arzuwymy biraz yza süýşürendirin. Wagty gelýänçä. Belkide men arzuwyma ýetendirin. Bulary özümem bilemok. Ýekeje bilýän zadym men suwa hökmürowanlyk etmegi başardym. Dünýämiziň bolsa 4-den 3 bölegi suw. Ýakyn wagtda belkem toprak hem meniň hökmürowanlygymyň gol astyna düşer.
Nejminuryň* biziň dünýämize jan berip başlaýan möwsümine geldik. Ýazgytsyzlar adasy şu wagt hasam owadanlaşandyr. Ýylyň başy. Adaň esasy goragçysy, baş tälimleýji Ahmad Serbozar meň bilen duşuşmaga gelmeli. Ýazgytsyzlaryň soňky nesillerinde täsirleme işleri haýal dowam edýänligi üçin käbir zatlarda maslahat alyşmaly.
Şu wagta çenli Diýar-u-Hyýal öz-özüni dolandyrdy. Güýçlendi. "Belent" diýip bolaýjak derejesine hem ýetdi. Käbir zatlar welin meni gaty biynjalyk edýär. Soňky täzelenme şa Azmdag tarapyndan geçirilen. Ondan soň bolsa onlarça şa tagta çykan. Içdäki pikirlem bu indi beýle bolmaly däl diýýär. Ýene bir täzelenme gerek. Syrly suwuklyga ýetmäge bolan islegler hasam artýar. Köp esgerlerimiz şol ugurda sandan çykýar. Öldürülýär. Topragymyz azalýar. Halkymyz artýar. Gowy ýaşaýyş pese gaçýar. Kanunlarymyz häzirki wagtda ýüze çykýan käbir meseleleri çözmeklige güýçsiz ýagdaýda galýar. Şalygmyzy agdarmak isleýänler köpelýär. Adalarmyzda bolýan gozgalaňlar. Pederim hiç bir maksatsyz birleşigimizi dolandyrýar. Kasamyny 2 sapar unutdy.
Biziñ dünýämize kän bir uzak bolmadyk bir dünýä barada kän eşidipdim. Çagalygymdan gelýän ýatlama. Ol dünýä meniň düýşüme-de giripdi. Iki sany ýaşaýjysy meň bilen şol düýşümde gürleşdiler. "Dünýäňiz könelýär, biz Hyýala ýardam berdik isleseň saňadam ýardam berip bileris. Biz bilen indiki gezekde hatyň üsti bilen habarlaşyp bilersiň. Şu möhüri al! Ýazan hatlaryň iň depesinde şu möhüri ulan..." diýdiler. Soňra men oýanamda elimde gyzyl şöhleli bir möhür gördüm. Düşnüksiz ýazgyly möhürdi. Mundan 2 ýyl ozal men olara "hat ýazypdym". Möhüri ulananymda hatyma jogap gelipdi. Has dogrusy haty ýazan kagyzymyň başynda biraz boş ýer goýdum-da "Men ýadyňyza düşýärinmi? diýip, möhüri basdym. Edil şol wagt kagyzyň ortalarynda bir ýazgy peýda boldy, hatyma jogap beripdiler: "Ine-de sen möhüri ulandyň. Biz ýatdan çykaryjylardan däl!"
Ýagdaýlar kynlaşýar. Men olara ýene bir sapar hat ýazmaga meýillendim:
"Dördünji dünýädäki" iň gülkünç adamyň aňrybaş çynlakaý gürrüňlerini okamaly boljakdygyňyzy öňünden duýdurmak bilen başlamalyma başlamak isleýän...
*Nejminur. Nejm — ýyldyz, nur — ýagtylyk şöhle diýen sözlerden gelip çykyp, “Ýedi dünýä älemi”-niň ýedi planetasynyň merkezindäki ýyldyz. Ýagny Gün. Diňeje dördünji dünýädäki Diýar-u-Hyýalda şeýle atlandyrylýar.
© Şyhnazar Durdyýew.
Şöhleli möhür we dördünji dünýä (hekaýa)
Edebiýat,
Khanture
tarapyndan
4-01-2024, 15:45