Taze acylan saytda bir movzuk paylashypdyrlar. Shu yerik goyyan pozayman tak menki dal shon yazanlarny goyyan. Nahili bosh adamlaryn bardygyny gorsunler gyzlar we oglanlar.

Salam agzalar, bäri girmegimden maksat kiçiräk soragym bar size.
Umuman liçni mesele wn ýazmakçy onnada.

Garaz men söýüşýän bir gyz bilen. Oňa gyza diýýän TikTok insta girme, postda suratlarny paýlaşma, imodada istorýana suratyňy goýma diýýän welin goýýa. menem diýenimi etmeýänligi üçin s*kdr gözüme görünme diýdimlaý. Men inni ökünemok, diýjek bolşum gyzlar, öz söýgüliňiz, oglanyňyz barka, bagyşlaň welin internetda s*k iýýäňizmaý, ijn s*kn zadyny birine gelin bolmalylygyňyza kelläňiz işleýämi??

Ýa kelläňiz ýeter ýetmezmi, ýa my siz? meň söýgülim ýaly ýa ýekesi bn oňmaýaňyzmy nähili siz özi, sizze nädip düşünip bolýa??? asyl göwnüňize nähili oglan geregaý, ijn skn. Näme pul gerekmi, öý gerekmi, owadanlyk, maşyn gerekmi näme gerek size wapşeta?
Aýhow ADAMZAT aklyň çatýamy özi?? birine gelin bolmaly welin bagyşlaň welin s*k iýýäňizmi bärde how

ýüregimi ýazdym menä agzalar gatam görmäň, admin brat pozaýma şuny ýörite ýazdym.


(Bu yubanutyny imoda paylashypdyrlara Meysondan bashlap sonam ony lentada goyupdyrlar masgara edip. Yokardaky suratlar shona degishli)

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Fihruza tarapyndan 17-01-2024, 18:10

  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 1 17 января 2024 19:42
    Bir gyzyň ondada söýgülisi bar bolsa sosial mediýada surat paýlaşyp ýöremegi, döwrüň talapyna, innowasiýanyň ösüş tizligine ýene-de ýenelere näme dahyly bar? Mal däl ol oglan! Menem söýgülime gadagan etjek surat paýlaşmagy sebäbi men bara oňa!
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 2 17 января 2024 19:54
    Bir gyzyň ondada söýgülisi bar bolsa sosial mediýada surat paýlaşyp ýöremegi, döwrüň talapyna, innowasiýanyň ösüş tizligine ýene-de ýenelere näme dahyly bar? Mal däl ol oglan! Menem söýgülime gadagan etjek surat paýlaşmagy sebäbi men bara oňa!
    Jogap
  • Ýaş_Talant Ýaş_Talant off № 3 17 января 2024 19:58
    Yuregim bola menem icki pikirim gyzlarda halamayan hasyetim
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 4 17 января 2024 20:36
    menem diýenimi etmeýänligi üçin s*kdr gözüme görünme diýdimlaý

    Suna bir imanly normalny gyz alyp berselerem,gahary gelen wagty "menem diýenimi etmeýänligi üçin s*kdr gözüme görünme diydimalay" diymejegine garantiya yok.

    Hazirki dowurun oglanlarynynam-gyzlarynynam yuzini yuwamok.Sylasyk iki taraplama bolmaly.Bularda welin iki taraplayynam sylashksyzlyk bar.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 5 17 января 2024 20:52
    Bu gözler näme görýär, ýene nämeler görer.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 6 17 января 2024 20:56
    Soho,
    Uly Hojaýyn,
    Ýaş_Talant,
    Näme üçin gyz adamyň paýlaşmagy gelşikli däl, meselem?!
    (Şu platformada hem şeýle pikir edýänlere gabat gelmek bolýar, gynandyryjy).
    Jogap
  • Soho Soho off № 7 17 января 2024 21:21
    Aljak gyzyň başga bir oglanyň telinde suratynyň durmagy ýa bolmasa barjak oglanyň başga bir gyzyň telinde suratynyň durmagyny gelşiksiz hasap edýän, şeýlede seň pikiriň bn deň gelmeli diýilýän ýeri ýok meň pikirimiň
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 8 17 января 2024 21:22
    Soho,
    Ýazmadyň diýemok ýa-da ýazmagyňyz bir zady üýtgetmeýär, näme üçin diýýärin, sebäbini soraýaryn?!
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 9 17 января 2024 21:30
    Soho,
    Elbetde bu seniň pikiriň, we pikiriň deň gelmeli diýlen zat ýok. Bir adamyň surat paýlaşmak ýaly ýönekeýje erkinliginiň gelşikli däldigini, başga kişileriň ol suraty ýükläp, telefonda saklamagyny esas alyp aýtdyňmy?!
    Jogap
  • Soho Soho off № 11 17 января 2024 21:41
    Seneca_13,
    Hemme adam deň däl, paýlaşylýan suratlary özüne ýükläp, erbetlik bn ulanýanlary bilemok diýibä bilmersiň, şeýle zatlaryň bolmazlygy üçin diýip aýdýan men, gyz adam bolsa hemişe gara ýakyn (däl diýip bilmersiň, köp oglan özi nähili eşek bolaýsyn serowno gyza gara ýöňkemäge taýyn çala bahana bolsa) surat paýlaşyp erkin bolýan diýýän bolsalar, paýlaşsyn otyrsynlar, men diňe öz görýän, eşdýän, bilýän zatlarymy göz öňüne tutup ýazdym...
    Jogap
  • Soho Soho off № 12 17 января 2024 21:45
    Bahar_Seyimowa,
    Halal sypypdyr, iki sözüniň biri ijň,bajň bolup duranlary hem gelşiksiz hasaplaýan
    Jogap
  • Fihruza Fihruza off № 13 17 января 2024 22:04
    Akly goyalyshmadyklar hemme yerde bar bardede bar eken in yonekey meseledede tapawutly zat diymelidirin oydup bir zatlar aydyp galyalar. Sonam ibaly gyz galmandyr diyyaler ibaly erkek galmandyr menin pikirimce. Nira seretsen dine dushunjesiz erkekler kopay
    Jogap
  • Fihruza Fihruza off № 14 17 января 2024 22:07
    Name indi gyz interneda girse surat paylasha erbet gyzdygy bolyamy bu nahili sansyk dushunje. Shular yaly adamlar barka durmush gurmak un birini saylamak gaty kyn. Icinin nahilekdigini bilmeyan ayalyny uryanmy yada sogjek adammy dinlemejek adammy belli dal. Bizin adamlarymyzyn henizem kamilleshmandigini her yerde goryan.
    Jogap
  • Fihruza Fihruza off № 15 17 января 2024 22:08
    Bahar_Seyimowa,
    Hakykatdanam halal sypdy govy edipdir davai edip. Bular yaly maly soyen gyz ozunden gozlesin gunani
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 17 17 января 2024 22:32
    Soho,
    Gyz maşgalanyň suratyny (ýa-da oglanyň suratyny) alyp, ony oňaýsyz ýerlerde ulanyp ýörmegi ýa-da ony gara ýöňkemegi sebäpli, çykalgany gyzyň şol hereketinden dänmeginde görýän bolsaň, onda adamlaryň görüpçiligi, duşmançylygy ýa-da diňe täsiri sebäpli bir işi, söwdasy başabarmadyk, ýa bir işe girişjek islendik adamlar oturan bolsalar, häzirki döwrüň tehnologik mümkinçiliklerine, maddy we ruhy gazananlaryna ýetip bilermidik, has dogrusy, ýol bir alyp bilermidik?

    Bir kişiniň suratyny oňaýsyz manyda ulanýan kişileriň barlygy sebäpli, bir adam öz erkinden dänip bilermi? Suraty şeýdip paýlaşýanlara "bilemok" diýip bilmesem hem, suratyny paýlaşýan ýüz müňlerçe gyzdan-oglandan (şeýle-de gelinden), töweregimden başlap, tanan iň akylly diýip hasaplan adamlaryma çenli çen tutup aýtsak, beýle zatlaryň ýokdugyny, bolaýan ýagdaýynda-da ertire çykarman ol kişiniň temmisiniň beriljekdigini, töhmet atylan halatynda-da gyza kese göz bilen seredenleriň iki teňňelik akly bolmaýan pis niýetli adamlardygyny, we bu zatlary geçsek, surat paýlaşmazlyk jübütleriň arasyndaky däl-de, başga adamlaryň arasyndaky mesele bolany üçin, bu ol adamlaryň problemasydygyny, gyz we oglan bilen baglanyşygyň ýokdugyny bilýärin, sen bileňokmy?!
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 18 17 января 2024 22:35
    Temany, teswirleri doly okamadym welin (okamana sabryň ýetenok) umuman şu ýaşlar (mende-de bir dikdüşdi bar) bir hili ownaýar. Iş bilen däl, indi gepleýişleriniň tonyny üýtgedip ugrapdyrlar. Nejis zady adam şekilli pkirlenmäni başaranoklar. Bizem ýaş bolup gördük. 3- nji klasdan dan soň mal, iş bilen, Ertekijik okaýadyk, söýgi hakda hekaýajyklary okaýadyk. Aý garaz düşünjämiz ýaşymyza görä ýetikdi. Köpçülige çykyp ýörün, ýaşlaryň özüni alyp barşy, gürrüňleri maňzyma batanok.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 19 17 января 2024 22:36
    Soho,
    Ol zatlary geçdim, gatnaşygyň şahsy çäkleri bolmalydygyny, we bu şahsy çäklere girilmeli däldigini, gatnaşyga aýrylan wagt bilen özüňe aýrylan wagtyň hem bolmalydygyny, "surat paýlaşma", "ony etme", "muny etme" diýýän kişileriň gabanjaňlygynyň bir ýerde durmaýandygyny, has ulalyp dowam edýändigini, günäkärlemek, sögmek, sylamazlyk, äsgermezçilik, urmak, hatda jenaýat ýaly zatlara eltip bilýändigini hem bileňokmy?! Ýa-da iň ýönekeý mysal, ýokardaky ejä ýetip duranlaryň aňy bilen, şeýle kişileriň aňynyň deňdigini hem bileňokmy?
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 20 17 января 2024 22:43
    Goklors,
    Sebäbi hakykatdanam indi ýaşlaryň idili terbiýeden geçmeýändigine ynanyp başladym. Niräk seretseň seret, ýaşlaryň (05-09 aralygy) idilisine gabat gelmek örän kyndyr, gynandyryjy zat. Düýnjek öýe jigim birini getiripdir, "öýündäkiler bilen sögüşipdir" diýip, ýalan sözländigi derrew belli boldy, gyz alyp gaçmak üçin gelipdir, we 5 gezek alyp gaçypdyr, öz we olaryň kakasy dagy bilenem sögüşipdir. Iň erbet ýeri bolsa, gyz we oglan 2007-nji ýyl. Soňam irden gidipdir ýene alyp gaçypdyr. Ýa-da köçelerde boş-boş wägirip entäp ýören, urşup, hatda öýlerine baryp urup, derman atyp, adatdan daşary çilimler çekip, arak içip ýörenlerem 05-09 aralygy ýaşlar köplenç. Heniz onda-munda edilýän wagçylykly zatlary aýdamogam.
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 21 17 января 2024 23:10
    ol esekde yukim yok yykylsa habarym yok
    Jogap
  • MILALIKA MILALIKA off № 22 18 января 2024 01:04
    Instagram sahypama hosh geldiniz

    https://www.instagram.com/atayeva1594/#
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 23 18 января 2024 03:25
    Gowsy dymaýyn :D
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 24 18 января 2024 03:26
    Eger dymmasam men ýazaryn soň sennecca 13 agza iş edinip meniñ ýazan teswririme giden roman ýazar)) soň men oňa gysgajyk bir teswir ýazaryn soň ol menden gaty görer. Şoň üçin iň gowsy men dymaýyn))
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 25 18 января 2024 03:44
    Muňada dizlaýk bas senecca13 dogan)
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 26 18 января 2024 03:46
    _Bayat,
    He-he, ine muny haladym. Kiçijek bir ýazgyny "roman" hasaplaýan bolsaňyz, kitap okaňyzda nädýäňiz? Köp adam meniň ýazan zatlarymy ýa-da beýan edýän düşünjelerimi gaty uzyn ýa-da has jikme-jik hasaplaýarlar, emma bu meniň pikirimçe gowy zat, we ýene bir sebäbi, adamlaryň aglabasy heniz bu derejedäki teswirleri görmändigi üçin, has geň-enaýy hasaplaýarlar, emma bu meniň üçin bir plýus, bu aşakdaky kişileriň derejämde jogaplap bilmeýändigini aňladýar, bulam olar bilen baglanyşykly mesel. Aslynda düşündirip bilseňiz, düşündirerdiňiz, emma tema şeýlebir anyk we şeýlebir ýönekeýje welin, nirden seretseň ýalňyşdygyny aňýandygyňyz sebäpli "gowsy dymaýyn-la" diýip, ýaňsylan bolup gürleýäňiz. Bulam bir kämilleşmek.
    Jogap
  • Belki Belki off № 27 18 января 2024 06:00
    Ol mowzugyñ açylan saýtynda mowzuk filtrleýän moder-soder ýokmy?
    Jogap
  • PerhatSabirov PerhatSabirov off № 28 18 января 2024 11:19
    Awtor şu wideony görüp onsoň pikiriňizden gaýdarsyňyz
    https://youtu.be/eelIRd_SBjs?s ... Jk_d_
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 29 18 января 2024 13:53
    Gadyrly seneja 13 nähili ýagdaýlar!? Seneja 13 seni bu häzirki döwrüň, Magtymgulysy ýada Aristoteli obşim pelsepeçisi diýseňem gelişmän duranok! Biraz demiň gowşap ýüregiň çalt urup tolgunyp ruhlandyň gerek? Indi sen meni diňle, sen namüçin bir ýazylan zada garşy gideniňde seniň garşydaşyňam saňa gysgaça jogap berende " ol jogabyň meni kanagatlandyranok, eýlemi beýlemi diýen bolup nämow sen bokuň içindäki gurçuk ýaly her zadyň içine girip gidýäň? Sen bu uzyn uzyn pelsepewi düşüner düşnüksiz garym gatym, galybersede manysy ýok ýada düýbünden şol tema degişli däl sözleri ulanyp, bärde köpbilmişsirän bolup, agzalary bet sözler bilen gorkuzyp, orator bolan bolup(özünçe şeýle pikir eden bolup) bu ýerdäki, ýada obşim nirde haýsy saýtda duş gelseňem agzalaryň ruhuny basdym diýip pikir etýäň! Aslynda seniň ýazýan kommentariýalaryňa bireýýäm jogap berilende bolsa, sen özüňçe "jogap tapamok" bahanaň bilen birgiden derde ýaramaýan bolar bolgusyz sözleri ýazyp, bu ýerde "men bet" "men iň akyllysy" diýdirjek bolup arrygyňy gynama! Bary hem boş seniň aýtýan zatlaryň! Mysal üçin maňa manysyz seniň ýazýan zatlaryň, özi de gaharyňy getiriji boş sözler, bu diýdigim gerekmejek uže adamlara lişniý bolup galýan paňlamalar! Sen öz pikiriňi hemmede görjek boluba(aslynda pikirlenişiň üýtgeşigem dälle welin) hijem azara galma, näme sen şo dereje akylly bolsaň bärdäki adamlar bilen sanaşyp, bäş alty aýdyşyp oturmazdyň. Pikirleriňi ýola goýup, beýleki adamlaryň öz pikirlerini ilede şol pikirleri etdirip, eýýam bolmaly adamsy bolardyň! Soňam hälki temadaky, edil meniň ýada maňa meňzeşleriň "gyzyň surat paýlama haky ýok" diýjek bolýan ýaly edip gepleme! Aslynda her kimiň hak hukugy öz elinde, ýöne "meniň söýgülim bolsa olam sosial mediýada suratlaryny paýlaşsa maňa ýakmazdy" diýsem birgiden Aristotelskiý sözleri ýazan bolup, gyzlaryň hak hukugy diýen bolýaň, şol söýgülisinden başgada gerek adam bardyr, suratyny paýlaşýandyr! Ady belli blogera däldir şol gürrüňi edilýän gyz? Sebäbi ol oglanyň ahlaksyz "ijň" ýa şuňa meňzeş sözlerindenem belli ikisiniňem boşdugy! Şonuň şo soraglara jogap berilsede ýene de adamlaryň içini ýakjak bolup, ýaňky aýdyşym ýaly bokuň içindäki gurçuga meňzäp, gepiň içine girip gitme, bu zatlary erkek adama gelişenok!
    Jogap
  • Belki Belki off № 30 18 января 2024 13:56
    ŞŞu ýerde şeýleräk bir sowal ýüze çykdy. (Iñ bolmanda mende)
    Sosial platformlarda surat paýlaşýan adamlaryñ maksady näme?
    Beý diýmek bilen blogger bolmak maksady bilen belli bir tema esasynda wideo surat paýlaşýanlary (meselem nahar bişirmegi ŷýa saç bejermegi öwredýän,ýa-da tikinen köýneginiñ fasonyny paýlaşýan, goşgy okaýan we ş.mleri ) göz öñünde tutýan däldirin. Diñe öz daşky keşbini görkezmek üçin surat paýlaşýanlaryñ maksady meniñçe diñe özüni mahabatlandyrmak. Onsoñ, durmuşyñda biri bar bolsa, olam muny islemeýän bolsa (adaty ýagdaý) paýlaşman oñsa bolarmyka diýýän.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler