MÄTIDEN ÖŇ ASMANDA EL GÖRÜNER!



Hakem bin Nafiden tehrij edildi, Resulalla şeýle diýdi: ''Kabylalaryň arasyndaky söweşlerden soňra, adamlar Muňa we Arafat dagyndakalar bir münadi (çagyryjy) ''Emiriňiz pylanydyr (Mätidir)'' diýip seslener we yz ýanyndan ikinji gezek şeýle ses geler:
''Hüşgär boluň! Bu Münädi (çagyryjy) hakykatdanam dogry aýtdy!'' diýer. Soňra adamlar ýaraglaryny syryp (taýynlap) gaty erbet söweşerler. Ana şol wagt semada bir el görüner we söweş hasam güýçlener. Hak ýardamçylarynyň sany Nedir söweşijileriniň sanyna (313 adam) gelýänçä bu söweş möwjär we olar hem eýelerine (Mätä) gol bermäge (biat) giderler''
Bu gürrüň Suýuti we Naim bin Hammetden rowaýat edilendir.
Bellik: Hadysda ''...Semada bir el görüner'' diýen bölege ünsüňizi çekesim gelýär! 2009-njy ýylyň 15-nji aprelinde Nasanyň Äleme uçuran emeli hemrasy ''Eliň şekiline meňzeş ýyldyz öýüni'' surata düşüripdir welin muňa siz näme diýersiňiz!?

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, JackSparro tarapyndan 17-01-2024, 21:50

  • JackSparro JackSparro off № 1 17 января 2024 21:59
    ''Mätiniň çykmagy, Muharrem aýynda bolar we Asmandan gelen bir ses: ''Bu Allanyň halyfy hezreti Mätidir, oňa uýuň we sözüni diňläň'' diýer.
    Rowaýat /Ibn Hajer el Heýteminiň kitabyndan/
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 2 17 января 2024 22:02
    Bäh. Bügün Türkiýäň birinji kosmonawudy kosmosa çykýa. Sagat 01:11. Ýene 11 tötänlikmi???
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 3 17 января 2024 22:06
    Zühri ''Resulalla şeýle diýipdi ''Sufýany we Mehdi söweşmek üçin garşydaş gelen günlerinde Asmandan şeýle ses eşidiler: ''Allanyň öwülýasy Pylanyň (Mätiniň) ashabydyr''.
    Esma binti Umeýs şeýle diýdi:
    ''Ol günüň alamaty Asmandan uzadylan we adamlara görünip duran bir eldir''...

    Naim bin Hammad we Suýuti rowaýat etdi.
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 4 17 января 2024 22:07
    Khanture,

    Tema hakda näme diýersiň Hantore
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 5 17 января 2024 22:08
    Khanture,

    Tema hakda näme diýersiň Hantore
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 6 17 января 2024 22:26
    2009 dakyny ýönebir gabatgelme diýýän.
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 7 17 января 2024 22:40
    haý, bulaň ynanyp ýören zadyny. Mätem bolmaz zadam. Şol ýaşap, görüp ýören zatlaryň bolar.
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 8 17 января 2024 23:01
    Goklors,
    ?
    Men ynanyň-a diýemok ''Muňa näme diýersiňiz!'' diýýän...
    Jogap
  • setdars setdars off № 9 17 января 2024 23:43
    Khanture,
    wagty suyshdi onam ucanok
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 10 18 января 2024 13:59
    Bespantowyý zatlar! Özäm gaharyňy getirýän, dişiňi jygyrdatýan zatlarda. Aý bolýada näme diýjek...
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 11 18 января 2024 14:12
    SAWPADENIÝA
    Jogap
  • Гость Гость off № 12 18 января 2024 20:35
    Teleskopda görüneni hasap däl )
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler