YSLAMYŇ GADYMY ŞUMER YNANÇLARYNA GARŞY GÖREŞI

Muazzez Ilmiýe Çyg türk yslam jemgyýetçiligi üçin üstünlik hasaplap boljak şumer taryhy boýunça barlaglary geçiren we häzir 109 ýaşly äpet çynar.
Gadymy Şumerler döwründe käbir ynançlaryň nädip iudeý ynanç sistemasyna we ondanam käbir yslam akymlaryna aralaşandygy baradaky berýän kesgitlemeleri diýseň gyzykly we oýlandyryjy.
Aýratynam jöhitleriň şumerlere bildirýän gyzyklanmasy ünsi çekýär.
Biz ilki şumerleriň ynanç sistemasyny Muazzez hanymyň galamyndan olaryň:
Şumer dini köphudaýly dindi. Dünýäde göz bilen görülýän, duýulýan islendik zadyň hudaýy bardy. Hudaýlar adamyň keşbinde, emma başy ölümsiz we adatdan daşary güýçlere eýedi. Adamlar ýaly olaryňam çagalary we aýallaryndanam örňän nesilleri bolardy.
Bu maşgalalar hökümdarlara meňzeş baş hudaýyň töwereginde jemlenişipdir. Hudaýlaram adamlar ýaly söýüp, gynanyp, gaharlanyp, gazanyp dawalaşyp, erbetlik edip, keselläp, hatda ýaralanyp bilýärdi. Ýer, gök, suw, howa hudaýlary ýaradyjy, beýlekileri dolandyryjy hudaýlardy. Şumerler bu hudaýlar dünýäsi hakda köp sanly hekaýatlar döredipdir, şygyrlar ýazypdyr, aýdymlar düzüpdir, dini üýşmeleňler geçiripdir we bularyň barsyny ýazga geçirip biziň günlerimize çenli gelip ýetmegini gazanypdyrlar.
Şumerleriň edebiýatlary bilen birlikde dinleri-de has soňky halklary täsiri astyna alypdyr.
Olaryň guran köphudaýly dini kem-kemden ýeke hudaýa öwrülip, şu günki dinleriň süňňüni düzüpdir.
Şeýle-de bolsa, beýleki hudaýlar doly ýitip ýok bolup gitmän, bu dinlerde perişdeler, hunlar, şeýtanlar görnüşde ýaşamagyny dowam etdiripdir.
Her üç dinde-de umumy meňzeşlikler şulardyr. Hudaýyň ýaradyjy we ýok ediji güýji, hasaba çekmegi, hudaý gorkusy, gurbanlar, dini aýdymlar, dogalar we ys-kok çykarmak arkaly hudaýy begendirmek, ýagşy ahlakly dogruçyl we adyl bolmak, ululary sylamak we kiçileri hormatlamak, sosial adalat we arassaçylyk.
Arassaçylyk şumerlerde esasy üns berilýän zat bolupdyr. Ybadathana barýanlaryň doga okaýanlaryň, gurbanlyk mal kesýänleriň endamy doly arassa bolmalydy. Duşmanlaryň ýykyp-ýumran şäherleri üçin olaryň ýazan elegiýasynda:
''Indi garabaşly halk (şumerler) üýşmeleň üçin ýuwnanok.
Hapysalary begendirmek olaryň takdyry boldy,
Sypaty üýtgedi''.
(Şumerleriň iudeýlige, hristiýanlyga, musulmanlyga ýetiren täsirleri we dini kitaplara giren ideýalary, Býulleten).
Häzir rejm diýilýän we zyna eden aýaly daşlamak jezasynyň ilkinji gezek şumerlerde ýüze çykandygyny görýäris.
Bu ynanç jöhitler tarapyndanam doly makullanypdyr, emma yslam dininiň ýeketäk we baş kitaby Gurhanda bular ýaly buýruk ýokdugyna garamazdan, bu jeza çäresini öňe sürýän käbir radikal toparlarynyň bardygyny görýänsiňiz.
Esasanam bu, Iudeýleriň musulmanlara ýetiren täsiri bilen baglanyşyklydy, ýogsam bolmasa Allatagalanyň zyna eden aýaly üçin kesgitlän çäresi şular ýalydyr:
''Haýasyzlyk eden aýallaryňyz barada aýdanda, araňyzdan olar üçin dört şaýat görkeziň! Eger bular onuň üçin şaýatlyk etseler ölüm gelýänçä ýa-da Alla olaryň peýdasyna bir gapy açýança öýlere gabap goýun!''
(Nisa süresiniň 15-nji aýaty)
Yslam ilkinji nobatda dört sany şaýadyň bolmagyny talap edip, bu aýyplamany örän berk esaslandyrylmagyny, subut edilmegini isleýär. Yzyndanam beriljek jezanyň diňe köpçülikden çetleşdirmek bolmalydygyny aýdýar.
Başga aýatarda bolsa muny edenleri aýal-erkek saýgarmazdan günälilere deň-derejede taýak jezasynyň berilendigini görýäris. Ýagny haýasyzlyk jezasy bilen jemgyýetiň ýazgarma mehanizmasy bilen strukturalaýyn çözgüde ýetmek işlenýär. Yslam munuň gorky-agressiýa arkaly ''gadagan alma'' öwrülmegini islänok.
Sallahlyk meselesi-de ýene bir tabu bolup garşymyza çykýar.
Muazzez Ilmiýe Çygyň aýtmagyna görä, sallahlyk meselesi şumerleriň ýazuw kanunlarynda gozgalypdyr.
Guluň sallahlyk meselesinde hukugynyň guralyşy ýaly, boý gyzyň dul aýaldan ýokarda tutulýandygyny görýäris.
Iudeý garaýyşynda-da zenanyň boýgyzlygy juda üns berilýän mesele bolupdyr. Eger durmuşa çykan gyzyň gyzlygy bolmasa, onda oglanyň gyzy öldürmäge hukugy bolupdyr.
Yslamyýetiň bolsa bu garaýyşa jahylyýet döwrüniň däbi hökmünde garandygyny görýäris. Zenanyň gyzlygynyň barlygy ony beýleki zenanlardan ýokarda tutýan ýa-da pese düşürýän ýagdaý däl, hut hezreti Muhammediň (s.a.w) yslamdan öňem şu meselä garşy gidendigini hezreti Hatyja (r.a) bilen nikasynda görmek mümkin.
Hz. Hatyja (r.a) pygamberimizden öňem iki gezek durmuşa çykypdy, a Muhammet pygamber (s.a.w) bolsa öň ýeke gezegem öýlenmändi. Muňa garamazdan pygamberiň aýallarynyň arasynda hz. Hatyjanyň juda aýratyn orna mynasyp ýanýoldaş bolandygyny bilýäris.
Muazzez halypanyň üstünde durup geçen ýene bir zady - şumerlerden geçen ''zorlama'' etmişine garşy çemeleşme.
Şumerlerde şeýle ýagdaý gyzyň kakasyna maddy jerime we zorlanan zenanyň zorlan erkege durmuşa çykarylmagy bilen ylalaşyga gelnipdir. Tradision iudeýlikde-de şuňa meňzeş metodikanyň oňlanandygyny görýäris.
Yslamyýetde bolsa adamyň teni eldegrilmesiz hasaplanýar. Jynsy zorluga zyna etmişi hem-de ten azatlygyny bozmagyň çäginde seredilipdir.
Bu eýlem had bilen jezalandyrylypdyr we iň bärkisi jezasy hadym etmek (biçmek) bolupdyr. Zenany zorlan erkegine nikalap bermek garaýyşy yslamyýet üçin jahylyýet döwrüniň däbidir we bu çäre ymykly gadagan edilipdir.
Kazy şeýle edilendigini bilen we gyzyň kakasyny günäli hasaplan ýagdaýynda, häzirki dil bilen aýdanymyzda jemgyýetçilik dawasyny açyp bilipdir.
Hanafylykda, şafygylykda had jezasynyň ýany bilen zorlanan aýala ''mehri-misl'' hökmünde ep-esli jerime tölemäge borçly edilipdir.
Eger şeýle etmiş edilen wagtynda zenanyň haýsydyr bir synasy bejerip bolmajak derejede zaýalanan bolsa, onda jeza hasam çuňlaşyp bilipdir.
Şumerleriň ynanç sistemasynda ''dil'' Hudaýyň gazaby hökmünde görlüpdir.
Iudeýlikde-de Elohim adamlara gaharlanyp, olaryň agzyny alartmak üçin dilleriň sanyny artdyrýar.
Yslam garaýşyna welin muňa jahylyýet döwrüniň düşünjesi hökmünde garalýar. Allatagala Gurhanda dilleri öz bardygyny subut edýän delillerden biri hasaplaýar:
''Onuň delilleriniň birem gökleri we ýeri ýaratmagy dillerimiziň we reňklerimiziň üýtgeşik bolmagydyr. Gürrüňsiz, munda bilenler üçin ybratlar bar''.
(Rum süresiniň 22-nji aýaty)
Häzir jöhitleriň ''mukaddes ýerler'' diýip kesgitlän prinsiplerini bolsa, görnükli jöhit filosofy Spinoza gazaply tankyt edipdir.
Musa pygambere (a.s) degişlidigi aýdylýan ilkinji bäş kitabyň şumer medeniýetden gelip çykandygyny aýdan Spinoza oňa jöhitleriň Babyl (Wawilon) basylyp alynan we sürgün edilen döwründe dörän weýrançylygyň döreden utopiýasy hökmünde baha berýär.
Spinoza şeýle zatlary aýdandygy sebäpli 1656-njy ýylda Iudeý jemagatyndan kowulupdyr. Şondan soň hiç bir jöhide Spinoza bilen görüşmek, elleşmek, gatnaşmak pikir alyşmak bolanokdy.
Spinoza şeýle gadagançylykdanam soňam tankydy belliklerini bes etmändir we ''Tractatus Theology Politicus'' atly meşhur eserini ýazypdyr. Onuň eseri awtory görkezilmän çap edilenem bolsa, kitabyň Spinozanyň galamyndan çykandygy gysga wagtyň içinde bilinipdir.
Umuman aýdanda, şumer garaýşynyň iudeý ynanç sistemasynda düýpli ýer edinendigini, yslam medeniýetine-de ep-esli täsir edendigi inkär edip bolmajak hakykat bolup garşymyza çykýar.
Yslamyýetiň mukaddes kitaby Gurhan şeýle çemeleşmeleriň ep-esli bölegini jahylyýet döwrüniň düşünjesi hökmünde baha berýär, emma aýry-aýry ýurtlaryň halk medeniýetinde şumer düşünjesiniň özüne pugta ýer edinendigini görmek mümkin.



Mehmet MAZLUM Çelik







http://Islenen.ru/news/yslamyn_gadymy_sumer_ynanclaryna_garsy_goresi/2024-01-20-29245

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, JackSparro tarapyndan 21-01-2024, 17:21

  • JackSparro JackSparro off № 1 21 января 2024 17:29
    Şu makala tüýs ýerine düşäýdi. Mehmet Mazlum Çelike Minnetdar...
    Men şulary uzak düşündirmek üçin Zakariýa Sejiniň Şumer Plita ýazgylaryny terjime edýärdim. Men aslynda syraýan Ýewreý bozuntylaryna şol terjimeden soň uly jogap berjekdim welin awtor menden öňürtiläpdir. ?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler