Döwrümizde bolup geçýän wakalaryň hemmesi gyzykly. Okap, ýatlap,
bir ýere jemläp kitap ýazsa boljak. Gerek bolan materiallar
gol astynda. Internetden çöpläp, olara bir many berip kitap
ýazybermeli.Daşary ýurtlylar şeýdip durlar.
Şu ýol bilen bir topar pul işläp otyrlar.
Biziňkiler bolsa ýazmak arkaly pul işläp bilmänleri üçin
daşary ýurtlara halta, sement, kerpiç götermek üçin gidip otyrlar.
Ýazmak üçin bosa iň gyzyklysy SSSR taryhy. Edil fantastika okan
ýaly. Ýazmak hem gyzykly. Şeýle bir hadysalar bolup geçipdir
SSSR döreýänçä. Okan wagtňda ýüregiň togtap galýar.Şunça pajygaly
wakalar bolupdyr ol döwürde. Biçäre halk görgi baryny görüpdir.
Edil şonuň ýalyda SSSR-iň dargamak akymy hem geň. Şeýle ullakan
döwlet öz-özünden dargapdyr. Hiç kime gerek bolmandyr bu döwlet.
Häzirki СВО(специальная военная операция) hem gyzykly geçip dur.
Gyzyklanyp görüň. Rossiýa Ukraina garşy bolan bu harby hereketine
СВО diýip at berdi. СВО bilen baglanyşykly düşünjeler, garaýyşlar,
özüňi alyp barmalar hem okyjyny geň galdyrýar.
Mysal üçin, СВО-nyň ilkinji başlanan pursatynda Ukrain hökümeti
nämeleri garşylyklaýyn edipdir. Halk nämeleri başdan geçiripdir.
Bular barada hem ýazsaň hem material köp.
Ýene bir üýütgeşik zat eneden doguldy. Ruslar bütündünýä halklaryny
yzy bilen äkidip anglosaksalardan üstün çykyp täze bir dünýäni
düzmekçi bolýarlar. Bu hem geň zat.
Başga ugurlardan hem kitap ýazsa bolýar. Mysal üçin diňe fantastika.
Söýgi bilen baglanyşykly kitaplar hemişede gyzykly. Hazirki döwürde
klassika söýgüsi batmakda. Onuň ornuna söýginiň täze düşündirmesi,
garaýyşy emele geldi.
Size aýydýan emma özüm hem ýazmak bilen gyzyklanýan,ýöne ýazanym
önmeýär. Näme üçindigini bilmeýän.
Belki bir topar zat bilen gyzyklanyp belli bir ugury tutmaýandyryn.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 21-01-2024, 22:20

  • Khanture Khanture off № 1 21 января 2024 22:28
    Dogry. Watanymyzyň şanly taryhyna kän gyzygamok... ýewropaň taryhyna gyzykýan esasan. Ýöne bu ýurdumyzyň taryhyny halamaýandygmy aňladanok
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 2 22 января 2024 01:15
    Khanture,
    Gyzyklan maslahatym, men taryhy ilki öz taryhyňdan öwrenip başlamalymyka diýip pikir edýärin, sebäbi özüňkini bilmejek bolsaň beýleki meselelere degişli taryhy kitaplary okamagyň kän ähmiýeti bardyr öýdemok, sebäbi özüň türkmen bolanyň üçin garşylaşýan kişileriň esasy türkmenlerden ybarat bolýar. Biziň halkymyzyňam aglabasy taryhyny doly bilenok, bilýänlerem ýalňyş bilýär, meselem "Göktürkler" döwletine "Göktürkmen" diýýärler, emma "Türkmen" ady Yslam çeşmelerinde ilkinji gezek XI asyrda geçýär, Göktürkler bolsa VI-VII asyrlara degişli. Şol sebäpli men ilki öz taryhymyzdan başlapdym (has dogrusy öz taryhymyza gyzyklanmam uly), emma beýlekileri hem öwrenmeli diýip Önder Kaýanyň Ýewropa Taryhy kitaplaryny, Fahir Armaogly, Hatamow, Annaorazowyň kitaplaryny ýükläp alypdym, emma okamok, wagt tapsam okap başlamaly.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 3 22 января 2024 03:08
    Seneca_13,
    Şunýaly teswir ýazan wagtyaň senden gowy oglan ýokda ?‍♂️
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 4 22 января 2024 08:35
    Магтымгулыда Огузхан, Горкут ата ялы шахслара багышланып язылан гошгы бармыка?
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 5 22 января 2024 10:44
    Khanture
    Seneca_13,
    Şunýaly teswir ýazan wagtyaň senden gowy oglan ýokda ?‍♂️

    Hakyky, şony aýt!
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 6 27 января 2024 08:03
    Seneca_13,
    Göktürkler diýip halk aýdanok) kitaplar aýdýar. Entek çagalara okuwçy wagty şeýle öwredilýär. Mekdeo programmasynda bar bu Göktürkmenler. Bilim ministrligi onda işini ýalňyş edýän eken-dä, hä? Seňki dogry ministrligiňki ýalňyş şeýlemi?)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler