Sen ýylgyr!
Men ýylgyrşyňa suwsadym.
Sen ýylgyr!
Men ýylgyrşyňy küýsedim.

Küýsedim bälçiräp duran gözleriň,
Küýsedim eljiräp guran sözleriň.
Keşbiňi, yşkyňy, ýylgyryşyňy
küýsedim.

“Dünýä gurdum bize —
Kiçijek dünýä,
Ikimiz hem çagalarmyz sygsa bor”
diýemde sen şeýle mylaýym gülýäň.
Bilýäňmi nä, ýöriteläp
Seni güldürmek üçin
Geň zatlardan toslap söz açýanymy?!
Şonda gözleriňden nur saçýanyňy
Bilýäňmi?!
Bilýänsiň.
Sen juda duýgur.
Eger meni bagtly etmek isleseň,
Ýylgyr!..


00:08.  26.01.2024ý.  Aşgabat


Uzuk NOWRUZOWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Uzuk Nowruzowa tarapyndan 26-01-2024, 23:00

  • Goklors Goklors off № 1 27 января 2024 12:08
    Ýalňyşmasam poezýanyň täze stilini ulanypdyr öýdýän. şu täze stile düşünmän geçdim. Şonda-da üstünlik Uzuk dogan
    Jogap
  • Uzuk Nowruzowa Uzuk Nowruzowa off № 2 30 января 2024 19:46
    Goklors
    Ýalňyşmasam poezýanyň täze stilini ulanypdyr öýdýän. şu täze stile düşünmän geçdim. Şonda-da üstünlik Uzuk dogan

    Minnetdar
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler