Bütün ýylyň dowamynda teplisada klubnika ösdürip ýetişdirmek, sizi kompot, warenýe, jem we.ş.m bilen üpjün eder, ondan başgada şahsy biznesiňize başlamaga kömek eder. Ýöne ilki bilen teplisa üçin materialy üns bilen saýlamaly we klubnikanyň görnüşlerine ünsi çekmeli. Eger-de siz açyk meýdanda bu miweleri ösdürip ýetişdirseňiz, bu hasylyň 20% -i ýitgilere sebäp bolup biler. Ýyladyşhanalar we parnikler munuň öňüni almaga kömek eder. Ilki bilen ýeriňizi saýlamak barada ünsiňizi çekmeli. Ýylboýy miwe berýän klubnika üçin ýyladyşhana demirden plastikden ýada aýnadan edilen berk konstrukisýa bolmagyny, hem-de ýyladyş sistemasyny orňaşdyrmak hökmany şertdir. Şu zatlar bilen siz miweleri optimal temperatura şertleri bilen üpjün edersiňiz. Yşyklandyryş mynasyp hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin esasy talaplaryň biridir. Çyralary teplisanyň perimetri boýunça guruň esasanam gyşda yşyklandyryş mukdaryny köpeldiň.(ýöne Russiýa üçindir, sebäbi olarda gün şöhlesi onçakly bir ýok) Emeli ýagtylygyň kömegi bilen fotosintez hadysasy işjeňleşdirilýär, bu olaryň ösmegine we çalt bişip ýetişmegine täsir edýär. Edip bolsa, awtomatlaşdyrylan suwaryş ulgamyny hem ýatdan çykarmaň. Bu ösümlikleriňizi miweleriň kök bölegine gönüden-göni suw proseduralary bilen üpjün eder.
Teplisa şertlerinde ekilýän klubnikanyň sortlary.
Ýylyň dowamynda klubnika ösdürip ýetişdirmezden ozal, bu ösümlik görnüşiniň inçe syrlaryny we onuň aýratynlyklary bilen tanyşmalydyrys. Iň meşhur sortly görnüşler:
Korona-orta wagtda ýetişýän Gollandskiý görnüşdir. Miwäniň düýbi uzyn we güýçli bolýar, şonuň üçin miweleriň agramyna aňsatlyk bilen çydam edýärler. Ykjamlygy sebäpli ösümlik teplisa şertlerinde ösmäge amatlydyr.
Sonata- açyk meýdanda-da, teplisalarda-da ösdürilip ýetişdirilip bilinýän klubnikanyň gollandskiý görnçşidir. Bu uzak döwür miwe berýän we ýokary hasylly orta wagtda ýetişýän görnüşlere degişlidir. Munuň miwesi süýji bolmak bilen sähel turşumtyk tagamlydyr.
Honiýeý- bu ýokary hasylly we süýji miweler bilen häsiýetlendirilýän orta irki, remontant däl görnüşdir. Bu klubnika ýaýraň şahaly we güýçli kök ulgamy bolmak bilen uzak wagtlap miwe berýän we ýokary hasylly orta ir ýetişýän görnüşlere degişlidir. Miwesi süýji we turşy tagamly uly, açyk gyzyldyr.
Teplisada klubnikalary ösdürip ýetişdirmegiň görnüşleri.
Klubnika teplisada ýylboýy dürli metodlar bilen ösdürilip ýetişdurilýär. Geliň, olaryň hersine has içgin seredeliň.
Toprakda. Miwäni ösdürip ýetişdirmegiň iň köp ýaýran görnüşidir. Munuň üçin insizje joýa çekmeli we deň derejede nahal ekmeli. Ösümlikler 20 santimetr aralykda we şahmat gornüşinde joýa ekilýär. Joýalar mulçiniň kömegi bilen basyrylýar, mör-möjeklerden we zyýan berijilerden goralar.
Haltalarda. Eger sizde kiçijik teplisa bar bolsa, onda haltalarda miweleri ösdürip ýetişdirmek iň oňat çözgütdir. Klubnika düýpleri toprak bilen doldurylan haltalara gönüden-göni ýerleşdirilýär. Bu haltalarda suwarmak üçin kiçijik deşikler desilýär. Esasan hem haltalar metaldan ýasalan stellažlarda ýerleşdirilýär.
PWH(plastmas, kanalizasiýa) turbalarynda. Munyň konstruksiýasy üçin diametri 30mm-den-100 mm- e çenli bolan inçe turbalar saýlanyp alynýar. Ondan soňra biri-birinden 15 sm uzaklykda deşikler burawlanýar, deşiklere agrowolokno oturdylýar, içine keramzit, toprak guýulýar we nahallar ekilýär. Suwaryş üçin degişli şlanglar çekilip enjamlaşdyrylýar.
Teplisada klubnikalara ideg etmek.
Ýapraklary gyrkyp aýyrmak. Nahalaryň amatly ýagdaýyny saklamak üçin goşmaça ýapraklary kesmek zerur işleriň biridir. Klubnika köp ýyllyk ösümlik bolansoň, köne ýapraklary täzeleri bilen çalşyrylýar. Bu mineral maddalaryň kök ulgamyna gönükdirilmegi üçin zerurdyr. Şeýle hem ýapraklaryň aýrylmagy bilen ösümlikler dürli kesellerden we zyýan berijiler tarapyndan hüjümlerden goralýar.
Tozanlamak. Hasylyň çalt emele gelmegi we ýokary hasyl almak üçin emeli tozanlandyrmak zerurdyr. Tozanlanmagy arylar bilen ýa-da wentilýatoryň kömegi bilen emeli usulda ýerine ýetirilýär. suwarmak. Ösümligi her 10 günden bir gezek, gülleýän mahaly - kök zonasynda, adaty günlerde - damjalaýyn suwaryş bilen suwlamalydyr. Suwaryşdan soň topragy kislorod bilen baýlaşdyrmak üçin boşatmalydyr. Dökünlemek. Klubnikalary her iki hepdeden bir dökünlenmeli. Siz taýýar dökünleri ulanyp ýa-da öý şertlerinde taýýarlap bilersiňiz.
Keselleriň öňüni almak. Miweleriň döräp biljek keselleriniň öňüni almak üçin, klubnikanyň gerbisidlerini ýa-da ýörite önümleri pürkmek üçin ulanyň. Olar ösümlikleri çüýremekden we tegmillerden goraýarlar.
Ýylboýy teplisada klubnika ösdürip ýetişdirmegiň şertleri.
Alynjak hasyl ösdürip ýetişdirilýän şertlere baglydyr. Klubnika ideg etmek üçin birnäçe düzgünler we borçlar bar, olar hemmesi üçin deňdir. Ýyladyşhanadaky optimal temperatura 10-12 dereje bolmalydyr. Gülleýiş we ösýän döwründe temperaturany kem-kemden 24 dereje ýokarlandyrmak şertdir. Ýere ekilende miwe üçin amatly çyglylyk 85%, güllän wagty- 70%-dir. Suw gülleýän wagtynda diňe kök zonasyna berilmelidir. Şeýle-de bolsa, damjalaýyn suwaryş profilaktika üçin ulanylyp bilner. Ondan soň topragy ýumşatmaly we mulçirlemeli. Öňem bellenip geçilişi ýaly, klubnika gündizine 8 sagat ýagtylyga mätäçdir. Şeýle şertlerde ösümlik nahallary has ir gülleýär we miweler 35-nji gün peýda bolup başlarlar. Ösümliklere goşmaça ýagtylyk gyşda bulutly, ýagyşly günlerde gerek bolýar muny hem gün dogmazdan ozal we gün ýaşandan soň agşamlary etmek maslahat berilýär. Ýetişdirilýän ýerler şemallandyrmak ýada howa çalşyrgyjy oturtmak hem rahat ýaşamak üçin zerur şertleriň biridir. Jemläp aýtsak klubnika ösdürip ýetişdirmek sizi tebigy miweler bilen üpjün eder we geljegi uly biznesiňiziň üçin esas bolar. Düzgünleri doly we dogry ýerine ýetiriň, çig mal, material we ösümlik sortlaryny çynlakaý saýlaň we lezzet almak üçin bu miweleri ösdürip ýetişdiriň!
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy, vseteplichky.ru,
Remiks eden: Uly Hojaýyn.
Gyşyn ýazyn ýyladyşhana şertlerinde klubnika ösdürip ýetişdirmek.
Tehnologiýa,
Uly Hojaýyn
tarapyndan
27-01-2024, 18:54