AÝDYMLAR SENI ÝATLATMASYN!
"Göwnüň beräý maňa...". Birnäçe gün mundan öň: «Şu aýdymy ýadyňa salyp, bir gün oýlanma ýazarsyň»diýseler, gülerdim. «Geň göreniň alnyna». Öňler ruhumda täsir döretmeýän bu aýdym häzir ýüregimde dutaryň kirişleri kimin
inçejik yza döredýär... Aýdymy ugradanyňy görenimde awtomenzilde awtobusyň ugramagyna garaşyp otyrdym. Senden gelen ses
ýazgysyny görüp, bilesigelijiligime bäs gelibilmän, hamala, töweregimde menden başga ýolagçy ýok ýaly, howlukmaç açypdym. Aýdymyň sözlerini eşidibem, myssa ýylgyrypdym. Göreniňem hemişeki men-dä: «O diýen halamaýan aýdymymy ugradypsyň» diýibem,
yzyna degişenimi bildirýän alamaty goýup, sms ýazypdym...
...Täsirleriň başdan geçirmeler netijesinde üýtgäberşini diýsene. Şol wagt tolgundyryjy ahwala salan bu aýdymyň häzir yza berşi ýaman. «Heniz başlamadyk söýgini gutardan-a özüň. Indem çek jezasyny» diýýäňmi?! Aý, ýok, beý diýmersiň. Meniň tersime,duýgularyňy söze salmakda ejizdiň-ä sen. Hut şol sebäpdenem aýdymlar ýetişipdi dadyňa. Diňlän wagtymda aýdybilmedik sözleriň beýan edýändigini bilýänligim üçin ezizdi ol aýdymlar. Seniň öz aýdan aýdymlaryňy diňlemek welin miýesser etmedi. Hiç bolmanda, elimde ýekeje ses ýazgyň
bolsady ahyry. Ýa bolmany gowumyka? Her diňlänimde: «Näme üçin beýtdimkäm?» diýip, özümi otdan alyp, suwa salyp ýörenimden
diňlemänim oňatdyr, belki?!
Saňa aýdasym gelýän sözlerim şeýle bir kän. Iň esasam, söýmekden gorkanymy aýdasym gelýär. Näme üçindir, ähli zadyň ýaramaz tarapyny oýlamak gylygym bar. Sen maňa Günüň dogşundan söz açsaň, men saňa Günüň batyşyndan söz açaryn. Sen maňa säheriň mylaýymlygyny ýanjasaň, men saňa gijäniň tümlügini ýanjaryn. Sen maňa söýgüden söz açsaň, men saňa söýeniňi ýitirmekden söz açaryn. Ýitirmekden gorkanym üçin şu wagta çenli söýgini duşumdan geçirenimden söz açaryn. Söz açamda näme, ýene şo-ol öňki bolşumdyr-da. Gaşymda elli iki özelenselerem, aýak dirär duraryn. «Soň näme bolar?» diýýäňmi? Görşüň ýaly. Olaryň yhlasy hakynda özleriniň hiç haçan okamajaklaryny bilýän oýlanmalarymy ýazaryn. Belkem, meni bireýýäm ýatdan çykaryp, söýgi ýolunda başgabaşga ýürekleriň kerwensaraýlarynda düşlänsiň. Aslynda, munuň
şeýledigini bilmek göwnümi rahatladar. Ýadyňa düşýän bolsa:«Senem gowy gyza duşarsyň,
nesip bolsa!» diýen sözem saňa aýdan soňky sözlerimden biridi. Wah, onam geçdim welin, bu
aýdymlar... Bu aýdymlar nämeden zol-zol aňyma seni ýatladýarka? Näme, indi unutmagyň ýazykly
göwnüme agyr düşmegini isleýärmikäler? Yhlasyň, özelenmeleriň mukamlara aralaşyp, her diňlänimde kalbyma siňýärmikä ýa? Ýa meni seniň yhlasyň tutsun diýip gije-gündiz dileg edýärlermikä?
Aýdymlar bilen araň sazdy, şeýle dälmi?! Olary özüňe dostýaran saýýardyň. Duýgularyňy äşgär etmegi-de olara ynanýardyň. Meniň unutmakdan ejiz gelýän göwnümiň aýdymlara haýyşy bar. Muny olara ýetirip beräý, kyn görmeseň. Aýdymlara duşsaň aýt: goý, olar maňa seni
ýatlatmasynlar!
Çeşme: Nesil gazeti 27.01.2024 Mahym Nurgeldiýewa
Saýtymyzdaky "Belki" agzamyzdan
Täzelikler,
Hasratly ýürek
tarapyndan
29-01-2024, 12:27