Haçanda biziň öz hususy sowadymyz bolmasa derrew birini özümizden
sowatly we bilimli hasaplap onuň aýydanlaryny ilki özümize dogry
hasaplaýarys onsoň ony özgelere teklip edýäris.
Ýagdaýyň şeýle bolmazlygy üçin haýsy ugurdan öz hususy bilimiňiz
bolmagyny isleseňiz bu ugurdan köp kitaplary okamaly,
dürli garaýyşlary diňlemeli, durmuşa seredip görmeli we ýenede näme
talap edilse tä öz hususy garaýşyňyz döreýänçä başga biriniň
ýazanyny köpçülige teklip etmeli däl.
Çünki hemme ýazýanlar hem asmandan düşen däl. Olar ýalňyş zatlary
ýazan bolmagy mümkin. Käbiri bilegörä, käbiri bolsa
bilmezlikden. Köplenç bilmezlikdan bolýar ýazmak. Köp adam gysgajyk
maglumat alýar ýazmakçy bolýan zadyndan. Başyny okaýarda goýýar
ýada çala göz gezdiýärde ýazyberýär çem gelen zady. Bu çem gelen
zady hem köpçülige hödürleýär.
Şu tertipde ýazylan makalalar, belliklr, garaýyşlar ummasyz köp
internetde.
Öňler synçy diýen bir zat bardy. Ýazanyňy
ilki bilen birine okadyp görmek. Maslahat almak synçydan. Hatda
ýazanyny tankytdan geçirmek hem bardy. Emma biziň döwrümizde
ýok bolsa bu hili etmek.
Köp adam eline galam alýarda ýazyberýär. Ýazmana hakym bar diýip.
Dogry ýazmana hakyň bar. Emma ýalan zady ýaýratmana hakyň ýok.
Ilki bilen mäkäm göz ýetir. Ýazan zadyň hakykaty yzarlaýarmy.
Daşary ýurtlarda ýalan ýazylan zatlara feýk diýilip başlandy
we käbir ýurtlarda feýk üçin jogapkärçilige hem çekilip dur.
Bar diýeli hut dogry zat barada ýazýaňyz diýeli. Bu halatda hem
öň aýdyşym ýaly ýazmana rugsat alan bolmaly. Gazet-jurnallarda
jurnalist bolup işlemeli, telewideniýede habarçy bolup işlemeli
ýada internetde hökümet tarapyndan bellenen bloger bolmaly.
Iň esasy zat ýazmagyň ussady bolmaly. Ýazan zadyň hökümet tarapyndan
goldawa eýe bolmaly. Halk bolsa köpçülikleýin okap makullamaly.
Häzirlikçe şu.
Hususy garaýyşyň bolmaly
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
30-01-2024, 11:53