Galkynyş

Taryh alyslardan — daşdan başlanýar,
Baharyň binýady gyşdan başlanýar.
Beýik iş kelleden — başdan başlanýar.
Egniň ýokarsynda ser bolsun türkmen.

Açyk ýüregiňe bar, açyk eliň bar,
Dünýäň dört künjünde gidim-gelim bar.
Ata Watanyň bar,
Ene diliň bar,
Diliňden dökülýän dür bolsun türkmen.

Gerçekler bolupdyr meşhurdan meşhur,
Göwnüň açyk bolsa, iş bolmaz müşgil.
Haýyr işler bilen bolawer meşgul,
Ownamasyn, mydam ner bolsun, türkmen.

Nakylyň bar: Toýa gitseň, doýup git,
Bir pula däl — pähimlere uýup git.
Aýbyň bolsa, şu asyrda goýup git,
Ýapyşan işiňe jür bolsun, türkmen.

Geçdiň ruhy sütümlerden, horlukdan,
Hudaýym saklasyn, köre-körlükden.
Zyýan çeken dälsiň agzybirlikden,
Agzyň elmydama bir bolsun, türkmen.

Ýalandan ýadadyk,
Indi Çyn gerek,
Aň-düşünje, akyl-paýhas çuň gerek.
Ynam, iman hemmesinden öň gerek,
Ähli zadyň ýerbe-ýer bolsun, türkmen

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Bahar_Seyimowa tarapyndan 30-01-2024, 19:25

  • Adambay Adambay off № 1 30 января 2024 20:01
    Awtory senmi?
    Jogap
  • Belki Belki off № 2 30 января 2024 20:49
    Berdinazar agamyka diýýän awtory
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 3 30 января 2024 21:06
    Adambay,
    Aň-düşünje, akyl-paýhas çuň gerek.
    Ynam, iman hemmesinden öň gerek,
    Ähli zadyň ýerbe-ýer bolsun, türkmen
    Oka şuny! S.a.m.s.y.k adam bolma-da.
    Mal ýaly her kime bir sögüp ýörmede mowzugyň awtory gör nähili gowy goşgy paýlaşypdyr düşünjäňi peslikden çür belende çyjaraýjak goşgy. Adam bol Adambaý. Öz ýallakylaryňy yzyňa tirkäp mal ýaly bolup ýörmede. Bolýemy?
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 4 30 января 2024 21:06
    Adambay,
    Aň-düşünje, akyl-paýhas çuň gerek.
    Ynam, iman hemmesinden öň gerek,
    Ähli zadyň ýerbe-ýer bolsun, türkmen
    Oka şuny! S.a.m.s.y.k adam bolma-da.
    Mal ýaly her kime bir sögüp ýörmede mowzugyň awtory gör nähili gowy goşgy paýlaşypdyr düşünjäňi peslikden çür belende çyjaraýjak goşgy. Adam bol Adambaý. Öz ýallakylaryňy yzyňa tirkäp mal ýaly bolup ýörmede. Bolýemy?
    Jogap
  • Adambay Adambay off № 5 30 января 2024 23:41
    _Bayat
    Adambay,
    Aň-düşünje, akyl-paýhas çuň gerek.
    Ynam, iman hemmesinden öň gerek,
    Ähli zadyň ýerbe-ýer bolsun, türkmen
    Oka şuny! S.a.m.s.y.k adam bolma-da.
    Mal ýaly her kime bir sögüp ýörmede mowzugyň awtory gör nähili gowy goşgy paýlaşypdyr düşünjäňi peslikden çür belende çyjaraýjak goşgy. Adam bol Adambaý. Öz ýallakylaryňy yzyňa tirkäp mal ýaly bolup ýörmede. Bolýemy?

    Oý blýä, nätdiňäý? Sennen garaşamokdym.
    Jogap
  • Bahar_Seyimowa Bahar_Seyimowa off № 6 31 января 2024 17:01
    _Bayat,
    Yene yansylan bolyan yone oyun edibem bolsa mal diyipsin shonada shukur
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 7 31 января 2024 20:19
    Bahar_Seyimowa,
    Seň kelläňde iş barmy? Ýaňsylamak bolýamy şu? Kelleden kesellimi sen? Size garşy teswir ýazan herkim bir zat ýazsa ýaňsy bolýamy? Kelläňde iş bardygy bolýa eger şeýle bolsa. Kelläňi bejert bolýamy onsaň gelde teswir ýaz!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler