«Üçden soň puç» diýen söze öz ýanymdan, bir zady etjek bolsaň, üç gezek synanyşyk etmeli. Şondan soň näçe synanyşsaňam peýdasy ýok diýip çaklaýardym. Bir gezek sadaka edýän tanşymyňkyda ýaşulular bilen özara gürrüňdeş bolduk. Şonda bu aýtgynyň gelip çykyşy barada gürrüň edildi. Asyl görüp otursak, durmuşda adamyň hakyky ady üç gezek — çaganyň gulagyna azan aýdylanda, nika gyýlanda we jynaza okalanda tutulýan eken. «Şol arada ýaşanyň, at-abraý, iman gazananyň, sogap iş edeniň özüňki, şondan soň puç» diýildigi eken. Ine, bu sözüň ýene-de bir manysynyň bardygyna şonda göz ýetirdim.
Zyýarata gidilende, meşhur şahsyýetleriň guburynyň uzynlygyna üns berensiňiz. Özem olary täk sanlara gabat geler ýaly edilip, 3, 5, 7, 9, käbiri 11 metr uzynlykda gazylypdyr. Şerigatda aýdylyşyna görä, Gurhany 10 müň gezek okan adamyň guburyny 3-5 metr uzynlykda, işan, ahunyňkyny 7 metr, pir ýa-da erenler derejä ýetenleriňkini 9-11 metr edipdirler. Sebäbi ozallar arhiw bolmansoň, geljekki nesillere merhumyň göwresiniň ululygyny däl-de, halk arasyndaky mertebesiniň, abraýynyň näderejede bolandygyny aňlatmak üçin şeýle edilipdir.
Gowy adamynyň tarypy edilende, oňa «Süňksüz gowy adam» diýilýän wagtyna duş gelýänsiňiz. Eýsem, süňksüz adam kimkä!? Kyrk ýyl goýny ytygsatman bakan çopana, çölde suwsuz galan, ýa bolmasa kynçylyga sezewar bolnan pursatlarda diri gaýyp bolan Hydyr ata dadyňa ýetişýär. Hydyr alaýhyssalamyň başam barmagynda süňk bolmaýar diýen ynam halk arasynda giňden ýaýrandyr. Ýaşulularymyz hem ile-güne ýagşylyk edýän, kyn günüňde kömege
ýetişýän çaksyz gowy adamynyň mertebesini göterip, ony Hydyr ata deňäp şeýle diýipdirler.
Üçden soñ puç
Edebiýat,
Hasratly ýürek
tarapyndan
31-01-2024, 09:05